Olar berlen wadalary «görýärler»
«Wada edilenlere gowuşman, olary uzakdan görýärler». ÝEW. 11:13
1. Görünmeýän zatlary göz öňüne getirmek ukyby imanymyzy nädip berkidýär? (Makalanyň başyndaky surata serediň).
HUDAÝ bize görünmeýän zatlary göz öňüne getirmek ukyby sowgat berdi. Bu ukyp bize etjek işlerimizi gowy planlaşdyrmaga we gelejege umytly bolmaga kömek edýär. Ýehowa gelejegi görüp bilýändigi üçin Mukaddes Ýazgylara käbir pygamberlikleri ýazdyrtdy. Biz olary göz öňüne getirip bilýäris. Şeýle ukyp biziň imanymyzy berkidýär (2 Kor. 4:18).
2, 3. a) Biz näme üçin berlen wadalar barada oýlanmaly? b) Biz şu makalada nähili soraglara serederis?
2 Biz käte hyýaly zatlar barada oýlanýarys. Meselem, gyzjagaz özüniň kebelekde uçup barýandygyny göz öňüne getirýär. Ýöne Hanna hyýaly zatlar barada arzuw etmedi. Ol oguljygy Şamuweli ybadathana alyp barşyny ençeme sapar göz öňüne getirendir. Sebäbi Hanna oglunyň ybadathanada gulluk etmegini isleýärdi. Şeýdip, ol goýan maksadyna ýetdi (1 Şam. 1:22). Eger bizem Hudaýyň beren wadalary barada oýlansak, olaryň hökman ýerine ýetjekdigine ynamly bolarys (2 Pet. 1:19—21).
3 Gadymy döwürde ýaşan Hudaýa wepaly adamlaryň köpüsi berlen wadalary göz öňüne getirýärdiler. Bu
olara nähili peýda berdi? Hudaýyň wada beren ajaýyp gelejegi barada oýlanmagyň bize nähili peýdasy bar?«GÖZ ÖŇÜNE GETIRMEK» UKYBY OLARY BERKIDÝÄR
4. Habyl näme barada oýlanýardy?
4 Habyl ýer ýüzünde ýaşan Hudaýa wepaly adamlaryň ilkinjisidi. Ol Ýehowanyň beren haýsy wadasyny göz öňüne getiren bolmaly? Allatagala ýylana: «Seniň bilen aýalyň, seniň tohumyň bilen aýalyň tohumynyň arasyna, duşmançylyk salaryn Men. Ol seniň kelläňi owradar, sen bolsa onuň dabanyndan çakarsyň» diýdi. Habyl şu pygamberligiň nädip ýerine ýetjekdigini bilmeýärdi (Gel. çyk. 3:14, 15). Emma ol bu barada köp oýlanan bolmaly. Habyl ata-enesiniň ýitiren kämilligini dikeltmek üçin kimdir biriniň dabanyndan çakyljakdygyna düşünýärdi. Nähili bolaýanda-da, ol gelejegi göz öňüne getirip, Hudaýyň wadasyna iman edýärdi. Şol sebäpli Ýehowa onuň beren gurbanyny kabul etdi (Gelip çykyş 4:3—5; * Ýewreýler 11:4-i okaň).
5. Hanok pygamberi näme ruhlandyran bolmaly?
5 Hanok pygamber Hudaýa paýyş sözleri aýdýan adamlaryň arasynda ýaşasa-da, onuň imany berkdi. Ol Hudaýyň ylhamy bilen şeýle pygamberlik edýär: «Hudaýsyzlyk bilen eden bütin hudaýsyz işleri zerarly, hudaýsyz günäkärleriň Oňa aýdan ähli paýyş sözleri zerarly, hemmeleriň üstünden höküm çykarmaga, bütin hudaýsyzlary höküm etmäge Reb, ine, müňlerçe mukaddesi bilen geldi» (Ýahuda 14, 15). Hanok iman arkaly dünýäde diňe hudaýhon adamlaryň ýaşaýandygyny göz öňüne getirendir (Ýewreýler 11:5, 6-njy aýatlary okaň).
6. Nuh näme barada oýlanan bolmaly?
6 Nuh pygamber iman edendigi üçin Tupandan halas bolýar (Ýew. 11:7). Ol Tupandan soň mal gurbanlaryny berýär (Gel. çyk. 8:20). Nuh hem Habyl ýaly adamlaryň günä we ölüm gulçulygyndan azat boljakdygyna ynanýardy. Tupandan soň Nimrod Ýehowa garşy çykdy we ýowuz döwür ýene-de gaýdyp geldi. Ýöne Nuhuň imany gowşamady, umydy üzülmedi (Gel. çyk. 10:8—12). Nuh zalym hökümdarlardan, günäden we ölümden azat dünýäni göz öňüne getirip ruhlanan bolmaly. Bizem ýakynda boljak gelejegi «göz öňüne getirip» bileris (Rim. 6:23).
PYGAMBERLIGIŇ ÝERINE ÝETIŞINI «GÖRÝÄRLER»
7. Ybraýym, Yshak we Ýakup nähili gelejegi «görýärdiler»?
7 Hudaý Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba nesillerinden ähli milletleriň pata aljakdygyny wada berýär. Şol sebäpli olar gelejek barada oýlanan bolmaly (Gel. çyk. 22:18; 26:4; 28:14). Olaryň sansyz-sajaksyz nesli Hudaýyň Wada eden diýaryny miras almalydylar (Gel. çyk. 15:5—7). Hudaýhon Ybraýym, Yshak we Ýakup iman arkaly nesliniň mesgen tutandygyny «görýärdiler». Ýehowa wepaly gullukçylaryna Adam atanyň ýitiren kämilligini we bereketlerini berjekdigini aýdýar.
8. Ybraýyma imanda berk durmaga näme kömek edýärdi?
8 Ybraýym Allatagalanyň beren wadalary barada oýlanyp, iman arkaly haýran galdyrýan işleri edýär. Mukaddes Ýazgylarda Ybraýymyň we başga-da Hudaýa wepaly adamlaryň «wada edilenlere gowuşmasa-da, olary uzakdan görüp, hoş garşylandyklary» barada aýdylýar (Ýewreýler 11:8—13-nji aýatlary okaň). Ybraýymda-da umyt edýän zatlarynyň amala aşjakdygyny görkezýän ençeme subutnamalar bardy. Ol wadalary gözi bilen görýän ýalydy!
9. Ybraýymyň Hudaýyň wadalaryna ynanmagy nähili peýda berdi?
9 Ybraýym Hudaýyň wadalaryna iman edip, onuň islegini ýerine ýetirmegi ýüregine düwdi. Ol iman arkaly Ur şäherinden çykdy we Kenganyň hiç bir ýerinde mesgen tutmady. Şol döwürde Ur we beýleki şäherler Ýehowa sežde etmeýärdiler. Şonuň üçin olaryň düýbi berk däldi (Ýeş. 24:2). Emma Ybraýym «ussasy, gurujysy Hudaý bolan berk esasly şähere garaşýardy» (Ýew. 11:10). Ol Ýehowanyň höküm sürjek ýerinde özüni «göz öňüne getirýärdi». Habyl, Hanok, Nuh, Ybraýym we beýleki pygamberler ölen adamlaryň direljekdigine iman edýärdiler. Olar Hudaýyň Patyşalygy höküm sürjek «berk esasly şäherine» garaşýardylar. Olar şeýle bereketler barada oýlanyp, Ýehowa iman edýärdiler (Ýewreýler 11:15, 16-njy aýatlary okaň).
10. Saranyň gelejege bolan garaýşy nähili bereket berdi?
10 Geliň, Ybraýymyň aýaly Sara barada gürrüň edeliň. Ol 90 ýaşynda we perzentsiz bolsa-da, gelejege umytly bolup, iman arkaly ajaýyp işleri edýär. Netijede, ol Ýehowanyň wada beren perzendine guwanýar (Ýew. 11:11, 12). Sara näme kömek edýär? Ýehowa onuň ýanýoldaşyna: «Men Sarany ýalkaryn; ondan saňa bir ogul hem bererin. Men ony ýalkaryn; ol ençeme milletleriň enesi bolar. Onuň neslinden şalar dörär» diýip wada berýär (Gel. çyk. 17:16). Sara Yshagy dünýä inderensoň, Hudaýyň Ybraýyma beren wadalaryň ählisiniň ýerine ýetişini göz öňüne getirýärdi. Hudaý bize-de ýerine ýetjek wakalary doly göz öňüne getirmäge ukyp berýär. Bu ajaýyp sowgat dälmi näme?!
NAZARYŇYZY SYLAGA DIKIŇ
11, 12. Musa Ýehowa bolan söýgüsini nädip ösdürdi?
11 Musa Ýehowa iman edýärdi. Ol Allatagalany ýürekden söýýärdi. Musa Müsür patyşasynyň maşgalasynda önüp-ösdi. Ol baýlygyň we hökümdarlygyň yşkyna düşüp bilerdi. Emma onuň ata-enesi Ýehowa we onuň wadalary barada öwreden bolmaly. Olar Hudaýyň öz halkyny gulçulykdan azat edip, Wada edilen diýara eltjekdigini gürrüň berýärdiler (Gel. çyk. 13:14, 15; Müs. çyk. 2:5—10). Eger Musa Hudaýyň halkyna berjek bol bereketleri barada oýlanan bolsa, onuň ýüreginde Ýehowa bolan söýgi öserdimi ýa-da şan-şöhrata?
12 Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Musa ulalanda, Faraonyň gyzynyň ogly diýip tanalmakdan iman arkaly boýun gaçyrdy. Ol az salym günäniň sapasyny sürmekden Hudaýyň halky bilen bile horlukÝew. 11:24—26).
görmegi gowy gördi. Mesih ugrunda çeken sütemini Müsüriň hazynalaryndan uly baýlyk saýdy. Çünki ol öz aljak sylagyna garaýardy» (13. Hudaýyň wadalary barada çuňňur pikirlenmegi Musa nähili bereket berdi?
13 Musa Ýehowanyň ysraýyl halkyna beren wadalary barada näçe köp oýlandygyça, Hudaýa bolan imany we söýgüsi artýardy. Musa hem beýleki pygamberler ýaly Ýehowanyň adamlary ölümiň penjesinden azat etjekdigini göz öňüne getirýärdi (Eýýup 14:14, 15; Ýew. 11:17—19). Musa Hudaýy ýürekden söýýärdi, sebäbi Onuň ýewreýlere we bütin adamzada rehimdarlyk bildirýändigini görýärdi. Onuň imany we söýgüsi gelýän kararlaryna täsir edýärdi (Kan. tag. 6:4, 5). Faraon Musany öldürerin diýip gorkuzsa-da, ol imandan dänmedi. Sebäbi pygamber Alla güýçli iman edýärdi, Ony söýýärdi we ajaýyp gelejek barada oýlanýardy (Müs. çyk. 10:28, 29).
PATYŞALYGYŇ BEREKETLERINI GÖZ ÖŇÜNE GETIRIŇ
14. Adamlar nähili boş zatlary arzuw edýärler?
14 Şu günler köp adamlar gelejegi başgaça göz öňüne getirýärler. Adamlar garyp bolsalar-da, «zähmet bilen jepa» çekseler-de, baýlygy we howpsuz ýaşaýşy arzuw edýärler (Zeb. 90:10). Mukaddes Ýazgylarda howpsuz ýaşaýşy diňe Hudaýyň Patyşalygynyň berjekdigi aýdylýar. Ýöne adamlar ynsan hökümetine bil baglaýarlar (Dan. 2:44). Hudaýyň Sözünde bu zalym dünýäniň ýok ediljekdigi aýdylsa-da, köp adamlar ynanmaýarlar (Sef. 1:18; 1 Ýahýa 2:15—17). Emma Ýehowanyň niýetini inkär edýän adamlar boş zada umyt edýärler.
15. a) Mesihçilere gelejegi barada oýlanmagyň nähili peýdasy bar?b) Hudaýyň wadalary amala aşanda näme bilen meşgullanjakdygyňyzy gürrüň beriň.
15 Gökde ýa-da ýerde ýaşamaga umyt edýän mesihçiler ajaýyp gelejegini göz öňüne getirip ruhlanýarlar. Siz hem Hudaýyň wadalaryndan lezzet alýandygyňyzy göz öňüne getirýärmisiňiz? Siz Jennetde etjek işleriňiz we ebedi ýaşajakdygyňyz barada oýlananyňyzda begenýänsiňiz. Ýer şaryny bagy-bossanlyga öwürmek üçin adamlar bilen eginme-egin işleýşiňizi göz öňüne getiriň. Goňşy-golamlaryňyzyň ählisi Ýehowany söýýärler. Siz gujur-gaýratdan doly we gelejege ynamly garaýarsyňyz. Dikeldiş işlerine gözegçilik edýänler ýürekden siziň aladaňyzy edip, ýaşaýşyňyzy lezzetli edýärler. Siz şatlyk bilen zehiniňizi we ukybyňyzy başgalara peýda getirýän işlere sarp edip, Hudaýy şöhratlandyrarsyňyz. Meselem, siz direlen adamlara Ýehowany tanamaga kömek edersiňiz (Ýahýa 17:3; Res. iş. 24:15). Bu boş arzuwlar däl-de, Mukaddes Ýazgylarda berilýän wadalardyr (Iş. 11:9; 25:8; 33:24; 35:5—7; 65:22).
BIZ UMYDYMYZ HAKDA NÄME ÜÇIN GÜRRÜŇ BERMELI?
16, 17. Biz näme üçin umydymyz barada gürrüň bermeli?
16 Ýehowanyň wadalary ýerine ýetende näme bilen meşgullanjakdygymyzy dogan-uýalara gürrüň bersek, gelejege bolan umydymyz has-da berk bolar. Biziň hiç birimiz täze dünýäde ýagdaýymyzyň nähili boljakdygyny anyk bilmesek-de, etjek işlerimizRim. 1:11, 12).
barada gürrüň bersek, biri-birimizi ruhlandyryp, Hudaýyň wadalaryna iman edýändigimizi görkezeris. Rimdäki dogan-uýalar Pawlus resul bilen gürrüňdeş bolmagy gymmat saýyp, «teselli tapýardylar». Biz hem soňky günlerde imandaşlarymyz bilen gürrüňdeş bolmagyň gadyryny bilmeli (17 Şeýle-de gelejegi göz öňüne getirmek ukyby biynjalyk bolmazlyga kömek edýär. Petrus resul aladalanyp, Isa: «Ine, biz ähli zadymyzy taşlap, Seniň yzyňa düşdük; onda biziň nämämiz bolar?» diýdi. Isa: «Size dogrusyny aýdýaryn, ähli zadyň täzelenjek wagty, Ynsan Ogly Öz şöhratly tagtynda oturanda Meniň yzyma düşen siz hem on iki tagtda oturyp, Ysraýylyň on iki taýpasynyň üstünden höküm çykararsyňyz. Meniň hatyram üçin öýlerini, doganlaryny, uýalaryny, atasyny, enesini, aýalyny, oglan-uşagyny ýa ýerlerini taşlan her kes ýüz esse edip alar, ebedi ýaşaýşyň mirasçysy bolar» diýip, Petrusa we beýleki şägirtlerine gelejegi göz öňüne getirmäge kömek edýär (Mat. 19:27—29). Hawa, olar gökdäki Patyşalykda höküm sürjekdigi we dogry adamlara berjek bereketler barada oýlanmalydylar.
18. Hudaýyň wadalary barada oýlanmagyň bize nähili peýdasy bar?
18 Ýehowanyň ýerdäki gullukçylarynyň ählisi berlen wadalar barada oýlanyp, bereket alýarlar. Meselem, Habyl Hudaýyň niýetine az-kem düşünse-de, gowy gelejegi göz öňüne getirýärdi, iman edýärdi we umydyny üzmeýärdi. Ybraýym Hudaýyň wada eden «nesil» baradaky pygamberligiň käbiriniň ýerine ýetendigini «görüp», iman bilen hereket edýärdi (Gel. çyk. 3:15). Musa «aljak sylagyna garap» we imanyny iş ýüzünde görkezip, Ýehowa bolan söýgüsini ösdürýärdi (Ýew. 11:26). Biz Ýehowanyň wadalaryny göz öňüne getirmek ukybymyzy näçe köp ulansak, şonça-da imanymyz berkär we söýgimiz artar. Biz Hudaýyň beren sowgadyny has gowy ulanyp biljekdigimiz barada indiki makalada gürrüň ederis.
^ abzas 4 Gelip çykyş 4:3 Birnäçe wagtdan soň Kabyl topragyň miwesinden Rebbe sadaka getirdi. 4 Habyl hem öz sürüsiniň ilkinji doglanlarynyň ýagly ýerinden Rebbe sadaka getirdi. Reb Habyly we onuň sadakasyny kabul etdi. 5 Emma Reb Kabyly we onuň sadakasyny kabul etmedi. Kabylyň muňa gaty gahary gelip, ol ýüzüni sallady.