Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Siz Ýehowa bilen berk dostlaşdyňyzmy?

Siz Ýehowa bilen berk dostlaşdyňyzmy?

«Hudaýa ýakynlaşyň, Ol hem size ýakynlaşar». ÝAKUP 4:8

1. Ýehowa bilen dostlukly gatnaşygymyzy näme üçin berkitmeli?

SIZ suwda çokundyrylyp, Ýehowanyň Şaýady bolduňyzmy? Eger şeýle bolsa, onda siziň gymmatly zadyňyz, ýagny Hudaý bilen dostlukly gatnaşygyňyz bar. Ýöne Şeýtanyň dünýäsi we bikämillik sebäpli mesihçilere Hudaý bilen dostlugyny saklamak kyn bolýar. Şol sebäpli biz Ýehowa bilen has-da ýakyn dost bolmaly.

2. a) Dostluk näme? (Çykgyda serediň). b) Ýehowa bilen gowy dost bolmak üçin näme etmeli?

2 Ýehowa siziň ýakyn dostuňyzmy? Siz bu dostlugy berkitmek isleýärsiňizmi? Ýakup 4:8-de şeýle maslahat berilýär: «Hudaýa ýakynlaşyň, Ol hem size ýakynlaşar». Üns beren bolsaňyz, bu iki taraplaýyn gatnaşyk *. Biz Hudaý bilen dostlaşmak üçin bir ädim ätsek, Ol bize tarap birnäçe ädim äder. Biz dostlugymyzy berkitmek üçin näçe tagalla etsek, şonça-da Ýehowa ýakynlaşarys. Isa: «Meni Iberen hakdyr... Men Ony tanaýaryn» diýýär (Ýahýa 7:28, 29). Biz hem Isa ýaly ynamly bolup bileris. Munuň üçin näme etmeli?

Hudaý bilen nädip gepleşip bileris? (3-nji abzasa serediň)

3. Biz nädip Ýehowa bilen gepleşip bileris?

3 Ýehowa bilen gowy dost bolmak üçin, hemişe onuň bilen gürrüňdeş bolmaly. Hudaý bilen nädip gepleşip bolýar? Siz uzakda ýaşaýan dostuňyz bilen nädip habarlaşýarsyňyz? Belki, oňa tiz-tizden hat ýazýansyňyz ýa-da jaň edýänsiňiz. Ýehowa bilen gepleşmek üçin bolsa, yzygider doga etmeli (Zebur 142:2-ni okaň). Ýehowanyň Sözüni yzygider okasak we çuňňur oýlansak, Ony diňläp bileris (Işaýa 30:20, 21-nji aýatlary okaň) *. Geliň, şeýle iki taraplaýyn gürrüňdeşligiň Ýehowa bilen dostlugymyzy berkidýändigi barada gürrüň edeliň.

ÝEHOWANY DIŇLEMEK ÜÇIN MUKADDES ÝAZGYLARY OKAŇ

4, 5. Ýehowa Sözi arkaly nädip gürrüňdeş bolýar? Mysal getiriň.

4 Allatagala habaryny Mukaddes Ýazgylar arkaly ähli adamlara ýetirýär. Mukaddes Ýazgylarda Ýehowa ýakynlaşmak üçin näme etmelidigi barada aýdylýarmy? Elbetde! Mukaddes Ýazgylary her gün okap, onuň ýüregiňize we durmuşyňyza nähili täsir edýändigi barada oýlanyň. Ýehowa Sözi arkaly siziň bilen gepleşýär we siz onuň bilen gowy dost bolýarsyňyz (Ýew. 4:12; Ýakup 1:23—25).

5 Isanyň «ýer ýüzünde özüňize hazyna ýygnamaň» diýen sözleri hakynda çuňňur oýlanyp göreliň. Eger siz Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýan bolsaňyz, onda bu sözler Allatagalanyň öwgüsi hökmünde kabul ediň. Emma indi durmuşyňyzy özgerdip, Patyşalyk işlerini birinji orunda goýmakçy bolsaňyz, onda bu aýada Ýehowanyň berýän görkezmesi hökmünde garaň. Şonda siz Ýehowa bilen dostlaşarsyňyz (Mat. 6:19, 20).

6, 7. a) Mukaddes Ýazgylary öwrenmek Hudaý bilen dostugymyza nähili täsir edýär? b) Şahsy okuwy nähili maksat bilen geçirmeli?

6 Mukaddes Ýazgylar ruhy taýdanösmäge kömek edýär. Mundan başga-da, biz Ýehowanyň söýgi bilen edýän işleri we häsiýetleri barada bilip, ýürekden minnetdar bolýarys. Biziň Allatagala bolan söýgimiz ösdügiçe, onuň bize bolan söýgüsi has-da artar. Şeýdip, biz gowy dost bolarys (1 Korintoslylar 8:3-i okaň).

7 Mukaddes Ýazgylary dogry niýet bilen öwrenmeli. Ýahýa 17:3-de: «Ebedi ýaşaýyş Seni, ýalňyz hak Hudaýy we Seniň ibereniň Isa Mesihi tanamakdyr» diýilýär. Şonuň üçin şahsy okuw edenimizde, diňe bir bilim almak bilen çäklenmän, Ýehowany ýakyndan «tanamaga» jan etmeli (Müsürden çykyş 33:13-i okaň; * Zeb. 25:4).

8. a) 2 Patyşalar 15:1—5-nji aýatlary okanymyzda nähili sorag döreýär? b) Ýehowany gowy tanasak, Onuň dogry karara gelýändigine näme üçin şübhelenmeris?

8 Eger biz Ýehowany gowy tanasak, onda onuň käbir gelen kararyna düşünmesek-de, aşa köp alada etmeris. Uzyýa patyşa bilen bolan waka seredeliň (2 Pat. 15:1—5). Uzyýa «Rebbiň nazarynda dogry işleri edýärdi... Bütin halk entek-enteklerem şol ýerlere baryp gurbanlyk berip, ýakymly ysly tütetgi ýakýardy». Muňa garamazdan, Ýehowa Uzyýa temmi berýär we «ol tä ölýänçä ýokançly deri keselinden ejir çekýär». Oňa näme üçin temmi berilýär? 2 Patyşalar kitabynda bu barada hiç zat aýdylmaýar. Ýöne Ýehowa Uzyýa adalatsyz temmi berdi diýip biynjalyk bolmalymy? Eger biz Ýehowany gowy tanasak, onuň «adalatly temmi berýändigine» şübhelenmeris (Ýer. 30:11). Biz Ýehowanyň Uzyýa näme üçin temmi berendigini bilmesek-de, onuň dogry karara gelýändigine ynamly bolmaly.

9. Ýehowa Uzyýany näme üçin heýwere keseline sezewar edýär?

9 Uzyýa patyşa bilen bolan waka Mukaddes Ýazgylaryň başga aýatlarynda beýan edilýär (2 Pat. 15:7, 32). Meselem, 2 Ýyl ýazgylarynyň 26:3—5, 16—21-nji aýatlarynda Uzyýa patyşanyň Ýehowa gulak asandygy, emma soňra ruhanylaryň etmeli işlerini ýerine ýetirendigi we «gopbamsylyk edip, heläkçilige uçrandygy» barada gürrüň berilýär. 81 sany ruhany ony erbet niýetinden saklajak boldular. Şonda Uzyýa näme edýär? Tekepbir patyşa ruhanylara «gazaplanýar». Indi biz Ýehowanyň Uzyýany heýwere keseline sezewar edendigine geň galmasak gerek!

10. Biz düşünmedik zatlarymyz barada näme üçin biynjalyklanmaly däl we Ýehowa bolan ynamymyzy nädip artdyrmaly?

10 Biz bu wakadan wajyp sapak edinýäris. Emma Mukaddes Ýazgylarda ähli wakalar jikme-jik aýdylmaýar. Siz käbir zatlara düşünmeseňiz, Ýehowanyň dogry karara gelýändigine şübhelenersiňizmi? Ýa-da Ýehowanyň adalatlydygyna we Mukaddes Ýazgylarda ýeterlikli subutnamalaryň getirlendigine ynamly bolarsyňyzmy? (Kan. tag. 32:4). Biz Ýehowany näçe gowy tanasak, şonça-da oňa bolan söýgimiz hem minnetdarlygymyz artar we düşünmedik zatlarymyz barada çendenaşa alada etmeris. Munuň üçin bizHudaýyň Sözüni okamaly we çuňňur oýlanmaly (Zeb. 77:12, 13). Şonda biz Ýehowanyň hakyky dosty bolarys.

DOGA EDIP, ÝEHOWA BILEN GEPLEŞIŇ

11—13. Biz dogalarymyzy Ýehowanyň eşidýändigine näme üçin ynamly bolmaly? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

11 Biz doga arkaly Ýehowa ýakynlaşýarys. Doga-dileglerimizde Ýehowany şöhratlandyrmaly, minnetdarlyk bildirmeli we görkezme soramaly (Zeb. 32:8). Biz edýän dogalarymyzy Ýehowanyň eşidýändigine ynamly bolmaly. Şeýdip, onuň bilen hakyky dost bolarys.

12 Käbir adamlar doga etmeklik diňe ruhy taýdan kömek edýändigine ynanýarlar. Olar dogasynda aladalaryny aýdanlarynda, kynçylygynyň sebäbine düşünýärler we çözgüdini tapýarlar. Hawa, doga arkaly şeýle kömegi alyp bileris. Emma ýürekden aýdýan dogalarymyzy Ýehowanyň, hakykatdan-da, diňleýändigine näme üçin ynamly bolmaly?

13 Isa gökde ýaşanda Ýehowanyň gullukçylarynyň dogasyna jogap berýändigini görýärdi. Şonuň üçin ol ýere gelende gökdäki Atasyna pikirlerini we duýgularyny dogada açyk aýdýardy. Käte ol bütin gijesini doga edip geçirýärdi. Eger Ýehowa diňlemeýän bolsa, ol doga ederdimi? (Luka 6:12; 22:40—46). Doga diňe ruhy taýdan kömek edýän bolsa, Isa şägirtlerine doga etmegi öwrederdimi? Aslynda, Isa doga arkaly Ýehowa bilen gürrüňdeş bolýandygymyzy bilýär. Bir sapar ol: «Ata dilegimi eşideniň üçin Saňa şükür edýärin. Meni hemişe eşidýändigiňi bilýärin» diýdi. Ýehowa biziňem «dogalarymyzy eşidýändigine» ynamaly bolup bileris (Ýahýa 11:41, 42; Zeb. 65:2).

14, 15. a) Dogada ähli zady jikme-jik aýtmagyň nähili peýdasy bar? b) Uýa Ýehowa bilen dostlugyny nädip berkidýär?

14 Eger siz dogaňyzda ähli zady jikme-jik aýtsaňyz, Ýehowanyň berýän her bir jogabyny duýarsyňyz. Şonda Ýehowa siziň hakykydostuňyz bolar. Siz Ýehowa dogalaryňyzda şatlygyňyzy we gaýgylaryňyzy paýlaşsaňyz, dostlugyňyz has-da berkär.

15 Keýti * bilen bolan waka seredeliň. Ol yzygiderli gulluk etse-de, wagyz etmegi halamaýardy. Ol şeýle düşündirýär: «Men wagyz gullugyny gowy görmeýärdim. Wagyz etmegi asla halamaýardym. Men zähmet rugsadyna çykanymda, ýygnak ýaşulysy meniň umumy pioner bolup biljegimi aýtdy. Ol maňa hatda haýyşnamany hem berdi. Men pioner bolmak kararyna geldim. Emma men wagza bolan söýgimiň artmagy üçin her gün Ýehowadan dileýärdim». Ýehowa onuň dogasyna jogap berdimi? Keýti sözüni şeýle dowam edýär: «Men üç ýyldan bäri pioner bolup gulluk edýärin. Köpräk wagyz etmegim we uýalardan öwrenmegim maňa kem-kemden wagyz etmek ukybymy ösdürmäge kömek etdi. Indi men wagyz etmegi söýýärin. Üstesine-de, Ýehowa has-da ýakynlaşdym». Uýanyň dogalary Ýehowa bilen hakyky dost bolmaga kömek etdi.

DOSTLUGYŇYZY BERKIDIŇ

16, 17. a) Ýehowa bilen ýakyn we berk dostlugy saklamak üçin näme etmeli? b) Indiki makalada nämä serederis?

16 Ýehowa bilen hakyky dost bolmak üçin ömürboýy jan etmeli. Biz Hudaý bilen dostlaşmaga ädim ätsek, ol hem bize tarap ädim äder. Geliň, Mukaddes Ýazgylary her gün okap, doga arkaly Hudaý bilen gürrüňdeş bolalyň. Şeýdip, dostlugymyz ebedi dowam eder we kynçylyklara döz geleris.

Ýehowa bilen hakyky dost bolmak üçin ömürboýy jan etmeli (16, 17-nji abzaslara serediň)

17 Emma käte gyzgyn doga edýändigimize garamazdan, kynçylyklara duçar bolmagymyz mümkin. Şeýle ýagdaýda Ýehowa bolan ynamymyz gowşap biler. Şonda biz Ýehowanyň dogalarymyzy eşidýändigine we biziň bilen dostlaşasy gelýändigine ikirjeňlensek gerek. Hudaý bilen berk dostlugymyzy saklap, şeýle duýgulary ýeňmäge näme kömek eder? Munuň jogabyny indiki makalada bileris.

^ abzas 2 Dostluk bu iki adamyň arasyndaky ynamly, mähirli we wepaly gatnaşykdyr.

^ abzas 3 Işaýa 30:20 Reb size azap çöregini, külpet suwuny berse-de, Mugallymyňyz indi gizlenmez, gözüňiz bilen Ony görersiňiz. 21 Saga, sola öwrüleniňizde, yzyňyzdan: «Ýol budur, şundan ýöräň» diýen sesi eşidersiňiz.

^ abzas 7 Müsürden çykyş 33:13 Men dogrudan-da, Seniň göwnüňden turan bolsam, maňa Öz ýollaryňy görkez. Şonda men Seni gowy tanap, nazaryňda ýene-de merhemet taparyn. Ýatdan çykarma, bu millet Seniň Öz halkyňdyr

^ abzas 15 Ady üýtgedildi.