Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýaşulular, siz doganlary jogapkärli borçlary almaga taýýarlaýarsyňyzmy?

Ýaşulular, siz doganlary jogapkärli borçlary almaga taýýarlaýarsyňyzmy?

«Her zadyň öz wagty bar». WAG. 3:1

1, 2. Etrap gözegçileri nämä göz ýetirdiler?

ETRAP GÖZEGÇISI ýygnak ýaşululary bilen duşuşyk geçirýär. Şonda ol dogan-uýalaryň aladasyny etmek üçin agyr zähmet çekýän ýaşululara hormat bilen seredýär. Ýaşulularyň käbiri onuň kakasy bilen ýaşdaşdy. Etrap gözegçisi soňky sapar ýygnaga aýlananda, olara doganlary jogapkärli borçlary almaga taýýarlamak babatda maslahat beripdi. Gözegçi dogan olardan: «Siz doganlary taýýarlamak üçin nämeler etdiňiz?» diýip soraýar. Şonda ýaşululardan biri: «Gynansak-da, biz kän zat edip bilmedik» diýýär. Beýleki ýaşulular hem baş atyp, ony makullaýarlar.

2 Eger siz ýygnak ýaşulysy bolsaňyz, onda etrap gözegçisiniň aýdanlaryna düşünýänsiňiz. Bütin dünýädäki etrap gözegçileri köp ýygnaklarda bir zada üns berdiler. Olar imandaşlarymyzyň aladasyny etmek üçin ýaş we garry doganlara öwretmegiň gerekdigine göz ýetirdiler. Elbetde, bu aňsat däl. Näme üçin?

3. a) Mukaddes Ýazgylar doganlary taýýarlamagyň wajypdygyny nädip görkezýär we biz munuň bilen näme üçin gyzyklanmaly? (Çykgyda serediň). b) Käbir ýaşululara doganlary taýýarlamak näme üçin aňsat bolmaýar?

3 Ýaşulular, siz çopan kimin doganlary taýýarlamagyň wajypdygyna şübhesiz düşünýänsiňiz *. Sebäbi imandaşlarymyzy ruhy taýdan berkitmek we täze ýygnaklary döretmek üçin jogapkärli doganlaryň gerekdigini bilýänsiňiz (Işaýa 60:22-ni okaň) *. Hudaýyň Sözem «beýlekilere öwretmäge» höweslendirýär (2 Timoteos 2:2-ni okaň). Emma ýokarda agzalýan ýaşulular ýaly muny etmek size aňsat düşýän däldir. Siz maşgala agzalyryňyzyň aladasyny edýändigiňiz, işleýändigiňiz, ýygnakdaky jogapkärçiligiňiz we başga borçlaryňyz sebäpli doganlary taýýarlamaga wagt galmaýar diýip oýlanýansyňyz. Ýöne, geliň, munuň näme üçin wajypdygyny bileliň.

DOGANLARY TAÝÝARLAMAGY BIRINJI ORUNDA GOÝUŇ

4. Doganlary taýýarlamak näme üçin soňa goýulýar?

4 Käbir ýygnak ýaşulularyna doganlary taýýarlamaga wagt tapmak näme üçin kyn bolup biler? Belki-de, olar: «Hawa, doganlary taýýarlamak gerek, ýöne ýygnagyň has gyssagly işleri bar ahyryn. Eger doganlary taýýarlamak bilen başagaý bolsak, ýygnagyň işlerini kim eder?» diýip pikir edýändir. Ýygnakda köp wajyp işler bar bolsa-da, doganlara wagtynda kömek edilmese, bütin ýygnagyň ruhy saglygyna zyýan ýeter.

5, 6. Sürüjiniň garaýşyndan nähili sapak edinýäris we bu mysal doganlary taýýarlamagyň wajypdygyny nädip görkezýär?

5 Geliň, bir mysala seredeliň. Ulagyň motory gowy işlär ýaly, sürüji onuň ýagyny wagtynda çalyşmaly. Emma ol motoryň ýagyny çalyşmagy ýangyç guýmak ýaly wajyp hasaplamazlygy mümkin. Sebäbi ulaga ýangyç guýulmasa, ol tizden durar, asla ýöremez. Sürüji: «Motoryň ýagyny çalyşmasam-da, ulagym entek biraz ýörär-le» diýip pikir edýändir. Dogrudan-da, şeýlemi? Eger sürüji ulagyň motoryna üns bermese, ýagny ýagyny wagtynda çalyşmasa, bir gün ol döwler. Indi motory bejermek üçin köp wagt hem pul gerek bolar. Biz mundan näme öwrenýäris?

6 Ýaşulular ýygnakdaky wajyp işleri wagtynda ýerine ýetirýändigi sebäpli, dogan-uýalaryň arasynda agzybirlik höküm sürýär. Sürüjiniň ulagyna hemişe ýangyç guýup duruşy ýaly, ýaşulular hem «iň ýokary zatlara göz ýetirmeli» (Flp. 1:11). Emma käbir ýaşulular şeýle başagaý bolýarlar welin, doganlary taýýarlamaga üns bermeýärler. Başgaça aýdanyňda, olar mysaldaky sürüji ýaly, motoryň ýagyny çalyşmagy wajyp hasaplamaýarlar. Eger-de ýaşulular doganlary taýýarlamagy hemişe soňa goýsalar, onda günlerde bir gün ýygnagyň aladasyny etjek tejribeli doganlar ýetmezçilik eder.

7. Biz doganlary taýýarlaýan ýaşululara nähili garamaly?

7 Görşümiz ýaly, doganlary taýýarlamak wajyp däl diýen pikirden gaça durmaly. Käbir öňden görüji ýaşulular tejribesi az doganlary taýýarlamaga wagt sarp edýärler. Şeýle ýaşulular paýhasly iş dolandyryjy hökmünde bütin ýygnaga bereket getirýärler (1 Petrus 4:10-ny okaň). Nähili bereket?

GELEJEGE TAÝÝARLYK

8. a) Doganlary taýýarlamaga ýaşululary näme höweslendirýär? b) Wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk edýän ýaşulularyň nähili wajyp jogapkärçiligi bar? (« Örän wajyp ýumuş» diýen çarçuwa serediň).

8 Iň tejribeli ýygnak ýaşululary-da, häzirki edýän işlerine garran çagynda güýjüniň ýetmejekdigini kiçigöwünlilik bilen boýun alýarlar (Mika 6:8). Şeýle-de olar «amatsyz wagt we hadysa» zerarly ýygnagyň aladasyny etmäge ýagdaýynyň bolmajakdygyna düşünmeli (Wag. 9:11, 12; Ýakup 4:13, 14). Gelejegiň pikirini edýän ýaşulular Ýehowanyň guzularynyň ýürekden aladasyny edip, toplan tejribesini ýaş doganlara öwredýärler (Zebur 71:17, 18-nji aýatlary okaň).

9. Doganlary häzirden taýýarlamak näme üçin wajyp?

9 Ýaşulularyň doganlary taýýarlamagynyň ýene-de nähili peýdasy bar? Olar ýygnagy berkidýär. Nädip? Ýaşulular näçe köp doganlary taýýarlasa, şonça-da ýygnagyň berk hem agzybir bolmagyna kömek edýär. Bu diňe bir häzir däl-de, eýsem, uly muşakgatyň kyn günlerinde-de peýdaly bolar (Ezek. 38:10—12; Mika 5:5, 6). Gadyrly ýaşulular, şu günden başlap, doganlary taýýarlamagy birinji orunda goýmagy sizden haýyş edýäris!

10. Ýaşulular doganlary taýýarlamak üçin näme etmeli?

10 Elbetde, siziň ýygnakdaky wajyp işlere zordan ýetişýändigiňize düşünýäris. Emma doganlary ýygnakda jogapkärli borçlary almaga taýýarlamak üçin wagt tapsaňyz, gowy bolardy (Wag. 3:1). Şonda siz gelejege gowy taýýarlyk görersiňiz.

AMATLY ŞERTLERI DÖREDIŇ

11. a) Ýeriň dürli künjeginde ýaşaýan ýaşulularyň berýän maslahaty barada näme diýse bolar? b) Olaryň maslahatyna eýermegiň paýhaslydygyny Süleýmanyň tymsallary 15:22-i nädip görkezýär?

11 Ýeriň dürli künjeginde ýaşaýan ýaşululardan doganlara ruhy taýdan ösmäge kömek etmekde nähili üstünlik gazanandyklaryny soranlarynda, birmeňzeş maslahat berýändikleri anyklanyldy *. Bu nämäni görkezýär? Pawlus resulyň günlerinde bolşy ýaly, ýaşulular «her ýerde, her ýygnakda» Mukaddes Ýazgylaryň esasynda doganlary taýýarlap bilýärler (1 Kor. 4:17). Biz şu we indiki makalada olaryň berýän maslahatlary barada gürrüň ederis (Sül. tym. 15:22). Olarda tälim berýän doganlara «mugallymlar», öwrenýänlere bolsa «okuwçylar» diýeris.

12. Mugallym näme etmeli we näme üçin?

12 Mugallym öwretmek üçin amatly şertleri döretmeli. Bagbanyň ýere tohum sepmezden öň topragy ýumşadyşy ýaly, mugallym hem öwretmezden öň okuwçynyň ýüregini taýýarlamaly, ýagny ony höweslendirmeli. Amatly şertleri döretmek üçin näme etmeli? Munuň üçin bir pygamberiň ulanan usulyna eýermeli. Ol nähili usul?

13—15. a) Şamuwele näme tabşyrylýar? b) Ol ýumşy nädip ýerine ýetirýär? (Makalanyň başyndaky surata serediň). w) Ýaşulular näme üçin Şamuweliň göreldesine eýermeli?

13 Ýehowa 3 000 ýyl mundan ozal Şamuwel pygambere: «Ertir şu wagtlar Men seniň ýanyňa benýamin topragyndan bir adam ibererin. Sen ony Meniň halkym Ysraýyla hökümdarlyga ýag çalyp saýlarsyň» diýýär (1 Şam. 9:15, 16). Şamuwel tizden halka özüniň däl-de, Ýehowanyň başga birini ýolbaşçylyk etmäge bellejekdigine düşünýär. Belki-de, ol: «Men oňa patyşa bolmaga nädip kömek etsemkäm?» diýip pikirlenendir. Ol oýlanyp, bir karara gelýär.

14 Ertesi gün Şamuwel Şawuly görende, Ýehowa oňa: «Ine, Meniň saňa aýdan adamym şu» diýýär. Şonda ol gelen kararyna görä hereket edýär. Ol Şawuly we onuň hyzmatkärlerini nahara çagyryp, törden ýer berýär. Pygamber Şawula goýan paýyny berip: «Al, iýiber, men muny ýörite seniň üçin goýdurdym» diýýär. Soňra olar gürrüňdeş bolup, pygamberiň öýüne gidýärler. Hawa, pygamber tagamly nahardan we gowy gezelençden soňra dörän amatly şertlerden peýdalanýar. Ol Şawul bilen öýüniň «üçeginiň üstüne» çykyp, agşamyň salkyn şemalynda gürrüňini dowam edýär. Ertesi gün Şamuwel Şawuly mesh edýär, ogşaýar we görkezme berýär. Şeýdip, Şawuly gelejekde etmeli jogapkärli borçlara taýýarlaýar (1 Şam. 9:17—27; 10:1).

15 Elbetde, patyşany bellemek bilen doganlary ýaşuly ýa-da ýygnak hyzmatçysy bolmaga taýýarlamagyň arasynda tapawut bar. Ýöne ýaşulular Şamuwelden birnäçe zatlary öwrenip bilerler. Geliň, olaryň ikisine seredeliň.

YHLASLY MUGALLYM WE HAKYKY DOST

16. a) Pygamber patyşa bellemeli bolanda özüni nähili duýdy? b) Şamuwel ýumşy nähili ýerine ýetirdi?

16 Sowuk-sala däl-de, höwes bilen kömek ediň. Şamuwel pygamber ysraýyllylaryň patyşa talap edýändigini eşidende gynanyp, özüni dereksiz duýdy (1 Şam. 8:4—8). Ol şeýle bir lapykeç boldy welin, Ýehowa oňa ysraýyllylaryň haýyşyny bitirmegini üç sapar aýtdy (1 Şam. 8:7, 9, 22). Emma Şamuwel öz ýerini aljak adama ýüreginde ýigrenjiň kök urmagyna ýol bermedi. Ol Şawuly mesh etmeli bolanda, muny sowuk-sala däl-de, höwes bilen etdi.

17. Ýaşulular Şamuweliň göreldesine nädip eýerýärler we olar näme üçin begenýärler?

17 Şu günler tejribeli ýaşulular Şamuwelden görelde alyp, doganlara mähir bilen kömek edýärler (1 Pet. 5:2). Olar ýygnakda ýerine ýetirýän borçlaryny doganlara bermekden gorkmaýarlar we olara ruhy taýdan ösmäge kömek edýärler. Şeýle mugallymlar göripçilik etmeýärler we okuwçylaryny bäsdeşi hasaplamaýarlar. Gaýtam, olara «işdeşler» we ýygnagyň gymmatly hazynalary hökmünde garaýarlar (2 Kor. 1:24; Ýew. 13:16). Şeýle kiçigöwünli mugallymlar ukyply okuwçylarynyň ýygnaga peýdasynyň degýändigini görüp begenýärler (Res. iş. 20:35).

18, 19. Ýaşulular okuwçynyň ýüregini nädip taýýarlamaly we bu näme üçin wajyp?

18 Diňe bir mugallym däl-de, hakyky dost boluň. Şamuwel pygamber Şawuly gören badyna, onuň başyna derrew ýag çalyp, ugradyp bilerdi. Ol patyşa bellense-de, borçlaryny ýerine ýetirmäge taýýar bolardymy?! Emma pygamber dost hökmünde wagt tapyp, Şawulyň ýüregini ýuwaş-ýuwaşdan taýýarlaýar. Olar tagamly nahar iýip, gezelenç we gürrüňdeşlik edip, gowy dynç alýarlar. Soňra pygamber Şawuly mesh edip, patyşa belleýär.

Doganlara kömek etmek üçin, ilki, olar bilen dostlaşyň (18, 19-njy abzaslara serediň)

19 Mugallym hem okuwçyny taýýarlamak üçin, ilki, amatly şertleri döretmeli we onuň bilen dostlaşmaly. Ýaşulularyň şeýle gatnaşyklary ýola goýmak üçin edýän tagallary her ýurtda dürli-dürli bolup biler. Elbetde, olar ýerli ýagdaýy we medeniýeti göz öňünde tutmaly. Ýöne ýaşulular haýsy ýurtda ýaşasa-da, näçe başagaý bolsa-da, okuwçysyna wagt sarp etse, oňa: «Sen meniň gadyrly dostum» diýen ýaly bolardy (Rimliler 12:10-y okaň). Şonda okuwçylar özüni gerekli duýup, höwes bilen öwrenerler.

20, 21.a) Kime gowy mugallym diýse bolar? b) Indiki makalada näme barada gürrüň ederis?

20 Ýaşulular, siz gowy mugallymyň diňe bir öwretmek bilen çäklenmän, okuwçysyny söýýändigini unutmaň (Ýahýa 5:20-ni deňeşdiriň). Mugallymynyň söýgüsini duýýan okuwça öwrenmek aňsat bolar. Gadyrly ýaşulular, dogany taýýarlanyňyzda, diňe bir mugallym bolman, hakyky dost boluň (Sül. tym. 17:17; Ýahýa 15:15).

21 Hawa, mugallymlar okuwçysynyň ýüregini taýýarlandan soňra gerekli tärleri öwredip bilerler. Ýaşulular nähili tärleri ulanyp bilerler? Bu barada indiki makalada gürrüň ederis.

^ abzas 3 Şu we indiki makala ýaşulular üçin ýazylsa-da, biziň ählimiz bu barada oýlanyp bileris. Näme üçin? Sebäbi makalada Patyşalyk işini goldamak üçin suwda çokundyrylan doganlaryň ählisine ýörite taýýarlyk görmegiň wajypdygy düşündirilýär. Bu ählimize peýda getirer.

^ abzas 3 Işaýa 60:22 Olaryň iň azy urug bolar, güýçli millet bolar iň ejizi; Men — Reb muny öz wagtynda tiz amal ederin.

^ abzas 11 Ýaşulular ABŞ-da, Awstraliýada, Bangladeşde, Belgiýada, Braziliýada, Günorta Afrikada, Günorta Koreýada, Meksikada, Namibiýada, Nigeriýada, Reýunon, Russiýada, Fransiýada, Fransuz Gwianada we Ýaponiýada ýaşaýarlar.