Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ata-eneler, çagalaryňyza çopançylyk ediň

Ata-eneler, çagalaryňyza çopançylyk ediň

«Öz sürüleriň ýagdaýyny oňat bil». SÜL. TYM. 27:23

1, 2. a) Gadymy Ysraýyldaky çopanlaryň nähili jogapkärçilikleri bardy? b) Ata-eneleri haýsy manyda çopanlara meňzetse bolar?

GADYMY Ysraýyldaky çopanlaryň ýaşaýşy agyrdy. Olar diňe bir yssa we sowuga çydaman, eýsem, sürüsini wagşy haýwanlardan we ogrulardan goraýardylar. Şeýle-de olar goýunlaryny barlap durýardylar we ýarawsyz ýa-da ýaralanan goýunlary bejerýärdiler. Guzularyň beýleki goýunlara garanyňda gowşak bolýandygy üçin, çopanlar olara aýratyn üns berýärdiler (Gel. çyk. 33:13).

2 Mesihçi ata-eneleri hem çopana meňzetse bolar. Çünki olar çopana mahsus bolan häsiýetleri görkezýärler. Ata-eneleriň çagalaryny «Rebbiň terbiýe hem öwüdi bilen ulaltmak» jogapkärçiligi bar (Efes. 6:4). Emma muny etmek aňsatmy? Elbetde, ýok. Sebäbi çagalara Şeýtanyň ýaýradýan nädogry garaýyşlary we olaryň öz günäli höwesleri täsir edýär (2 Tim. 2:22; 1 Ýahýa 2:16). Siziňem çagalaryňyz bar bolsa, olara nädip kömek edip bilersiňiz? Geliň, çagalaryňyzy tanamak, olary ruhy taýdan iýmitlendirmek we gözegçilik etmek bilen olara nädip çopançylyk edip bolýandygyna seredeliň.

ÇAGALARYŇYZY TANAŇ

3. Ata-eneler çagalarynyň ýagdaýyny bilmek üçin näme etmeli?

3 Gowy çopan goýunlarynyň her biriniň sagdyndygyna göz ýetirmek üçin, olary ünsli barlaýar. Göçme manyda aýdanyňda, ata-eneler hem şeýle edip biler. Mukaddes Ýazgylarda: «Öz sürüleriň ýagdaýyny oňat bil» diýilýär (Sül. tym. 27:23). Şol sebäpli ata-eneler çagalarynyň hereketlerine, pikirlerine we duýgularyna ünsli bolmaly. Olar muny nädip edip biler? Munuň iň gowy usuly — çagalar bilen ýygy-ýygydan gürrüňdeş bolmak.

4, 5. a) Haýsy peýdaly maslahatlar ata-enelere çagalarynyň ýüregini bilmäge kömek eder? (Makalanyň başyndaky surata serediň). b) Çagalaryňyz siz bilen arkaýyn gepleşip biler ýaly näme edýärsiňiz?

4 Käbir ata-eneler çagalary ýetginjek ýaşyna ýetende, olar bilen gürrüňdeş bolmagyň kyn bolýandygyny aýdýarlar. Belki-de, ýetginjekler pikirini we duýgusyny açyk aýdasy gelýän däldir. Eger siziňem çagalaryňyz ýüregindäkini açyk aýtmaýan bolsa näme edip bilersiňiz? Siz olara uzak wagtlap takal okamagyň deregine, olar özüni arkaýyn duýýan wagty gürleşjek boluň (Kan. tag. 6:6, 7). Siz wagtyňyzy çagalaryňyz bilen bile geçirer ýaly tagalla ediň. Meselem, siz olar bilen daşarda aýlansaňyz, gezelenje gitseňiz, oýun oýnasaňyz ýa-da öýdäki käbir işleri bile etseňiz gowy bolar. Sebäbi şeýle ýagdaýlarda ýetginjekler özüni arkaýyn duýup, ýüregindäkini açyk aýdyp bilýär.

5 Emma şonda-da çagaňyz ýüregindäkini açyk aýtmasa näme? Onda siz başga usullary gözläň. Mysal üçin, gyzyňyzdan onuň gününiň nähili geçendigi barada soraman, gaýtam, öz günüňiziň nähili geçendigini aýdyň. Belki, şonda gyzyňyz hem öz ýagdaýlary barada gürrüň berer. Ýa-da belli bir tema barada gyzyňyzyň pikirini bilmek üçin, onuň özüne degişli edip sorag bermäň. Ondan bu babatda joralarynyň nähili pikir edýändigini we olara nähili maslahat berip biljekdigini soraň.

6. Çagalaryňyz siziň ýanyňyza arkaýyn gelip, çekinmän gepleşip biler ýaly näme edip bilersiňiz?

6 Eger çagalaryňyz siziň ýanyňyza arkaýyn gelip, çekinmän gepleşip bolýandygyna göz ýetirse, siz bilen ýürekden gürrüňdeş bolar. Ýöne ata-eneler has başagaý ýaly görünse, ýaşlar kynçylyklary barada olara aýtmazlar. Çagalaryňyz siz bilen arkaýyn gepleşip biler ýaly näme edip bilersiňiz? Siz olara ýöne bir: «Meniň ýanyma islän wagtyň gelip bilersiň» diýmän, olaryň kynçylyklaryna biparh garamaýandygyňyzy we derrew gaharlanmajakdygyňyzy görkeziň. Bu babatda ata-eneleriň köpüsi gowy görelde görkezýär. 19 ýaşly Kala atly gyz şeýle diýýär: «Men kakam bilen islendik zat barada gürrüň edip bilýärin. Ol sözümi bölmän we ýazgarman, meni ünsli diňleýär. Soňra ol maňa hemişe iň gowy maslahatlary berýär».

7. Ata-eneler çagalarynyň kimdir biri bilen halaşmagy barada gürrüň edenlerinde, olary gaharlandyrmaz ýaly nädip paýhasly bolup biler?

7 Käte siz çagalaryňyz bilen gürrüň etmesi kyn bolan temalar, ýagny kimdir biri bilen halaşmak barada gepleşmeli bolýansyňyz. Şonda siz oňa diňe duýduryş bermän, dogry usul bilen düşündirjek boluň. Aýdaly, siz restorana barýarsyňyz, emma onuň menýusynda diňe iýmit zäherlenmesi barada duýduryş berilýär. Belki, şonda siz bu restorandan gidip, başga ýerde iýip-içersiňiz. Şonuň ýaly-da, çagalaryňyz sizden maslahat sorap gelse, siziň «menýuňyzda-da» diňe berk duýduryşlar bolsa, onda olar gaharlanar we maslahaty başga ýerden gözlär (Koloseliler 3:21-i okaň). Şol sebäpli siz paýhasly boluň. Emilýa atly ýaş uýa şeýle diýýär: «Ata-enem meniň kimdir biri bilen halaşmagym barada gürrüň edenlerinde, muňa erbet zat ýaly garamaýarlar. Olar kimdir birini tanamagyň we geljekki ýanýoldaşyňy tapmagyň şatlyk berýändigini belläp geçýärler. Bu maňa olar bilen arkaýyn gürrüňdeş bolmaga kömek edýär. Şol sebäpli men kimdir birini halasam, olardan gizlemän, açyk aýdasym gelýär».

8, 9. a) Çagalaryň sözüni bölmän diňlemek nähili peýda berýär? b) Siz çagalaryňyzy diňläp, nähili üstünlik gazandyňyz?

8 Ata-eneler, siz çagalaryňyzy sabyrly we mähirli diňleseňiz, olar siziň ýanyňyza arkaýyn gelip, gepleşip biler (Ýakup 1:19-y okaň). Gyzyny ýeke terbiýeleýän Katýa uýa şeýle diýýär: «Men öňler sabyrly bolup bilmeýärdim. Men gaty ýadaw bolýardym we gyzymyň meni biynjalyk etmegini islemeýärdim. Şol sebäpli men ony soňuna çenli diňlemeýärdim. Indi men beýle etmeýärin, şonuň üçin gyzym hem özüni başgaça alyp barýar. Ol häzir maňa öz ýüregindäki zatlary höwes bilen gürrüň berýär».

Olary tanamak üçin diňläň (3—9-njy abzaslara serediň)

9 Şeýle ýagdaý ýetginjek gyzy bolan Ronald dogan bilen hem boldy. Ol şeýle diýýär: «Gyzym maňa mekdepde bir oglan bilen halaşýandygyny aýdanda, ilki, gaty gaharym geldi. Emma men Ýehowanyň öz gullukçylary bilen örän sabyrly we paýhasly bolýandygy barada oýlandym. Şonda men gyzymy düzetmezden öň, oňa ýüregini açmaga mümkinçilik bermelidigine düşündim. Men şeýle edip bilendigime begenýärin! Sebäbi men, ilki, gyzymyň duýgularyna düşündim. Ol ýüregindäkini aýdyp bolansoň, maňa onuň bilen mähirli gürleşmek aňsat boldy. Geň galaýmaly, ol meniň beren maslahatymy ýürekden kabul edip, düzeljekdigini aýtdy». Çagalar bilen ýygy-ýygydan gürrüňdeş bolmak, olaryň pikirlerine we duýgularyna düşünmäge has gowy kömek edýär. Netijede, ata-eneler çagalaryna durmuşda dogry karara gelmäge ýardam edip bilýärler *.

ÇAGALARYŇYZY RUHY TAÝDAN IÝMITLENDIRIŇ

10, 11. Siz çagalaryňyza hakykatdan daşlaşmaz ýaly nädip kömek edip bilersiňiz?

10 Gowy çopan islendik goýnuň sürüden azaşyp biljekdigine düşünýär. Goýun sähelçe aňyrdaky oty iýjek bolup, sürüden biraz arany açýar, soňra ol ýuwaş-ýuwaşdan has-da daşlaşyp, azaşýar. Şonuň ýaly-da, çagalar ýaman ýaranlaryň ýa-da erbet göwnaçmalaryň täsirine düşüp, ýuwaş-ýuwaşdan hakykatdan daşlaşyp bilýär (Sül. tym. 13:20). Siz nädip şeýle ýagdaýyň öňüni alyp bilersiňiz?

11 Siz çagalaryňyza hakykaty öwredeniňizde, olaryň bir gowşak ýeriniň bardygyny bilseňiz, aýgytly hereket ediň. Olara mesihi häsiýetlerini has gowy görkezip biler ýaly kömek ediň (2 Pet. 1:5—8). Bu babatda yzygider geçirilýän maşgala okuwy ýardam edip biler. 2008-nji ýylyň oktýabr aýynda çykan «Hudaýa gullugymyzda» şeýle diýlipdi: «Maşgalabaşynyň Ýehowanyň öňünde wajyp borjy bar, ol maşgalasy bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny yzygiderli geçirmeli». Siz çagalaryňyza çopançylyk etmek üçin şol pursatdan paýhasly peýdalanýarsyňyzmy? Çagalaryňyza ruhy taýdan kömek etmek üçin edýän tagallalaryňyzy olaryň gymmat saýýandygyny unutmaň (Mat. 5:6; 6:33).

Olary ruhy taýdan gowy iýmitlendiriň (10—12-nji abzaslara serediň)

12. a) Maşgala okuwy ýaşlara nähili peýda berýär? (Şeýle-de  «Olar muny gymmat saýýarlar» diýen çarçuwa serediň). b) Maşgala okuwy size nähili peýda berýär?

12 19 ýaşly Karisa atly uýa maşgala okuwynyň peýda berýändigi barada şeýle diýýär: «Biziň ählimiziň bilelikde oturyp, gürrüňdeş bolmagymyz maňa diýseň ýaraýar. Sebäbi bu bizi birek-birege ysnyşdyrýar we gowy ýatlamalar galdyrýar. Kakam maşgala okuwyny yzygiderli geçirýär. Onuň bu okuwa çynlakaý garamagy örän ruhlandyrýar. Bu meni-de maşgala okuwyna çynlakaý garamaga höweslendirýär. Şeýle-de bu maňa kakama hormat goýmaga we ony maşgalabaşy hökmünde sylamaga kömek edýär». 23 ýaşly Britani atly uýa şeýle diýýär: «Maşgala okuwy meni ata-eneme has ýakynlaşdyrdy. Bu okuw ata-enemiň meniň kynçylyklarym bilen ýürekden gyzyklanýandygyny we aladamy edýändigini bilmäge kömek edýär. Şeýle-de bu bize berk we agzybir maşgala bolmaga ýardam edýär». Görşümiz ýaly, ata-eneler, esasanam, maşgala okuwy arkaly çagalaryny ruhy taýdan iýmitlendirip, gowy çopançylyk edip bilýärler *.

ÇAGALARYŇYZA GÖZEGÇILIK EDIŇ

13. Çagany Ýehowa gulluk etmäge näme höweslendirýär?

13 Gowy çopan sürüsine gözegçilik etmek we goramak üçin hasa ulanýar. Ol, esasan, goýunlaryny «ýaşyl ýaýla» äkitmek isleýär (Ezek. 34:13, 14). Ata-ene hökmünde siziň hem şuňa meňzeş ruhy maksadyňyz bardyr. Siz çagalaryňyzyň Ýehowa gulluk etmegi üçin, olara gözegçilik etmek isleýänsiňiz. Şeýle-de siz olarda mezmurçynyňky ýaly garaýşyň bolmagyny isleýänsiňiz. Mezmurçy şeýle diýdi: «Men Seniň islegiňi berjaý etmekden keýp alýaryn, eý Hudaýym; kanunyň ýüregimiň içindedir» (Zeb. 40:8). Şeýle garaýşy ösdürýän ýaşlar özüni Ýehowa bagş edip, suwda çokundyrylýarlar. Elbetde, bu ädimi ätmek üçin, ýaşlaryň özi munuň wajypdygyna düşünmeli we olarda Ýehowa ýürekden gulluk etmek islegi bolmaly.

14, 15. a) Mesihçi ata-eneleriň nähili maksady bolmaly? b) Ýetginjekler hakykata näme üçin şübhelenmegi mümkin?

14 Eger çagalaryňyz ruhy taýdan ösmeýän ýaly bolup görünse ýa-da olar Ýehowanyň Şaýatlarynyň ynanýan zatlarynyň hakykatdygyna şübhelense näme? Onda olaryň ýüreginde Ýehowa Hudaýa bolan söýgini we onuň edýän ähli ýagşylyklaryna minnetdarlygyny artdyrjak boluň (Ylh. 4:11). Şonda olaryň özlerinde Hudaýa gulluk etmek islegi dörär.

15 Emma çagalaryňyz şonda-da bu ýoluň hakykatdygyna şübhelenseler näme? Onda siz olara çopançylyk edip, Ýehowa gulluk etmegiň iň gowy ýoldugyny we ebedi bagtly edýändigini düşündirip bilersiňiz. Siz olaryň hakykata näme üçin şübhelenýändigini anyklajak boluň. Meselem, siziň ogluňyz Mukaddes Ýazgylaryň taglymatlary bilen ylalaşmaýarmy ýa-da ol deň-duşlaryna dini ynançlary barada aýtmaga çekinýärmi? Siziň gyzyňyz Hudaýyň kanunlary boýunça ýaşamagyň peýdalydygyna şübhelenýärmi ýa-da ol ýekesireýärmi?

Olaryň ýöremeli ýoluna gözegçilik ediň (13—18-nji abzaslara serediň)

16, 17. Ata-eneler çagalaryna Ýehowa bilen dostlaşmaga nädip kömek edip bilerler?

16 Siz çagalaryňyza hakykat babatda şübhesini aýyrmaga nädip kömek edip bilersiňiz? Ata-eneleriň köpüsi çagalaryna şeýle soraglary bermegiň kömek edýändigine göz ýetirdiler: «Sen Hudaýyň gullukçysy bolmagy halaýarmyň? Hudaýa gulluk edip, sen nähili bereketler aldyň? Nämelerden geçdiň? Seniň pikiriňçe, biziň häzir alýan we gelejekde aljak bereketlerimiz käbir zatlardan geçenimize degýärmi? Näme üçin şeýle pikir edýärsiň?» Elbetde, siz bu soraglary öz sözleriňiz bilen berip bilersiňiz. Siz çagalaryňyzy soraga tutýan ýaly däl-de, mähirlilik bilen ýürekden gyzyklanyp soraň. Şeýle-de siz olar bilen Markus 10:29, 30-njy aýatlaryň esasynda pikir alşyp bilersiňiz. Belki, ýaşlaryň käbiri Hudaýa gulluk etmek üçin geçen zatlaryny bir aýry, alan bereketlerini bir aýry ýazyp biler. Bu olara käbir kynçylyklaryny anyklap, olary dogry çözmäge kömek eder. Eger biz gyzyklanýan adamlar bilen «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» we «Hudaýyň söýgüsi» diýen kitaplardan okuw geçmeli bolsak, onda olary çagalarymyz bilen hem geçmek wajyp dälmi näme?! Siz bu kitaplardan çagalaryňyz bilen okuw geçýärsiňizmi?

17 Wagtyň geçmegi bilen, çagalaryňyz kime gulluk etjekdigini saýlamaly bolar. Emma siziň bu ýoly saýlandygyňyz üçin, olaram saýlar diýip pikir etmäň. Sebäbi olaryň özi Ýehowa bilen dostlaşmaly (Sül. tym. 3:1, 2). Ýöne bu olara kyn bolýan bolsa, onda olar bilen Mukaddes Ýazgylaryň esasy taglymatlaryny gaýtalasaňyz gowy bolmazmy? Siz gyzyňyza ýa ogluňyza şeýle soraglar barada oýlanmaga kömek edip bilersiňiz: «Men Hudaýyň bardygyny nireden bilýärin? Ýehowanyň meni gymmat saýýandygyna näme ynandyrdy? Men Ýehowanyň kadalarynyň maňa peýda berýändigine näme üçin ynanýaryn?» Siz çagalaryňyza sabyr bilen gözegçilik etseňiz we Ýehowa gulluk etmegiň iň gowy ýoldugyny görkezseňiz, gowy çopan bolarsyňyz (Rim. 12:2) *.

18. Ata-eneler nädip Beýik Çopan Ýehowadan görelde alyp bilerler?

18 Mesihçileriň ählisi Beýik Çopan Ýehowadan görelde almak isleýär (Efes. 5:1; 1 Pet. 2:25). Ata-eneler sürüsiniň, ýagny çagalarynyň ýagdaýyny gowy bilmeli we olaryň gelejekde ebedi bereketleri almagy üçin, gözegçilik etmeli. Şol sebäpli, ata-eneler, geliň, mundan beýläk-de çagalarymyza çopançylyk edip, olary Ýehowanyň ýolunda ulaltmak üçin elimizde baryny edeliň!

^ abzas 9 Bu babatda «Maşgala bagtynyň syry» diýen kitapda gowy maslahatlar berilýär (sah. 64—75).

^ abzas 12 Bu barada köpräk maglumat almak üçin, 2014-nji ýylyň 15-nji martynda çykan «Garawul diňi» žurnalynyň 17, 18-nji sahypalaryna serediň.

^ abzas 17 Bu babatda 2012-nji ýylyň 1-nji fewralynda çykan «Garawul diňi» (rus.) žurnalyndan köpräk maglumat alyp bilersiňiz.