Adamlary gowy tanaň
Näme üçin?
Adamlar il içinde ýaýran ýalan gep-gürrüňler sebäpli ala tutýarlar. Meselem:
-
Käbir başlyklar gelin-gyzlary ejiz, ukypsyz we başarnyksyz hasaplap, işe alasy gelmeýär.
-
Şäherde ýaşaýan adamlar obanyň ilatyny sowatsyz, medeniýetsiz we düşünjesiz hasaplaýarlar.
-
Käbirleri maýyp adamlary durmuşdan ýanan we göwnüçökgün hasaplaýarlar.
Ýalan gep-gürrüňleri ýaýradýan adamlar sözüni gögertjek bolup, özüçe subutnamalar getirýändir, her hili hekaýalary gürrüň berýändir. Olar özleri bilen ylalaşmadyk adamlary dünýäden bihabar hasaplaýandyr.
Mukaddes Kitapdaky maslahat
«Bilimsiz bolmak gowy däldir» (NAKYLLAR 19:2).
Aýadyň manysy: gep-gürrüňleriň anygyna ýetmesek ýalňyşarys. Il-günüň myş-myşyna gulak gabartsak, adamlary ala tutarys we äsgermezlik ederis.
Adamlary gowy tanamagyň nähili peýdasy bar?
Biz adamlary gowy tanasak, olar hakda aýdylýan ýalan gep-gürrüňlere ynanmarys. Ata-babalarymyz: «Kör hasasyny bir gezek aldyrar» diýipdir. Biz gep-gürrüňlere aldanandygymyza düşünsek, indiki gezek myş-myşlara ynanmarys.
Näme edip bileris?
-
Bäş barmagyň deň bolmaýşy ýaly, halkyň içinde gowusy hem bar, erbedi hem bar. Şonuň üçin hemme adamy bir aýakdan sürmäliň.
-
Adamlar hakda ähli zady bilmeýändigimizi unutmalyň.
-
Aýdylýan myş-myşlara gulak gabartman, ynamdar çeşmelerden barlalyň.