ÄR-AÝALLARA
4. Geçirimlilik
NÄME?
Göwnüňe degen adamy bagyşlamagy, ondan öýke-kine saklamazlygy aňladýar. Ýöne bagyşlamak adamyň eden hereketiniň dogrudygyny ýa-da ony goldaýandygyňy görkezmeýär.
MUKADDES KITAPDAKY MASLAHAT: «Biriniň başga birinden öýkelemäge sebäbi bolsa-da, sabyrly bolup, bir-biriňizi ýürekden bagyşlaň» (Koloslylar 3:13).
«Birini söýseň, onuň ýalňyşyna däl-de, gowy häsiýetlerine, ýagşy işlerine üns berýärsiň» (Ahmet).
NÄME ÜÇIN WAJYP?
Öýkeläp ýörseňiz saglygyňyza zyýan ýetirersiňiz, bir-biriňizden sowaşarsyňyz.
«Bir gezek ärim göwnüme degdi. Ol ötünç sorasa-da, bagyşlamak kyn boldy. Öňräk bagyşlan bolsam, ikimizem kösenmezdik» (Jemal).
NÄME EDIP BILERSIŇIZ?
ÖZÜŇIZI BARLAŇ
-
Men öýkelekmi?
-
Ýanýoldaşymyň her bir sözüni göwnüme alyp, ötünç soratdyrýanmy ýa-da ony geçirip bilýärinmi?
GEPLEŞIŇ
-
Ýaraşmak üçin näçe wagt gerek bolýar?
-
Öýke-kinäni tizräk unudar ýaly näme edip bileris?
MASLAHAT
-
Ýanýoldaşyňyz göwnüňize degende, bilgeşleýin edýär diýip pikir etmäň.
-
Ähli adamlaram ýalňyşýar, şonuň üçin hemişe bagyşlaň (Ýakup 3:2).
«Iki tarapam günäkär bolsa, bagyşlamak aňsat. Ýöne günä ýanýoldaşyňda bolsa, bagyşlamak kyn bolýar. Diňe pesgöwünli adam ýürekden bagyşlap bilýär» (Keýik).
MUKADDES KITAPDAKY MASLAHAT: «Meseläni... derrew çöz» (Matta 5:25).
Öýkeläp ýörseňiz saglygyňyza zyýan ýetirersiňiz, biri-biriňizden sowaşarsyňyz