Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Şatlyk—Hudaýyň bize berýän ajaýyp häsiýeti

Şatlyk—Hudaýyň bize berýän ajaýyp häsiýeti

HER bir adam şatlanyp ýaşamak isleýär. Emma şu soňky «kyn döwürde» ýaşaýandygymyz üçin her birimiz kynçylyklara uçraýarys (2 Tim. 3:1). Meselem, adalatsyzlyk, keselçilik, işsizlik, gaýgy-hasrat ýa-da başga-da kynçylyklar sebäpli käbir adamlar şatlygyny ýitirýärler. Hatda Hudaýyň gullukçylary hem göwnüçökgünlige düşüp, şatlygyny ýitirip biler. Eger sizem şeýle kynçylyklary başdan geçirýän bolsaňyz, şatlygyňyzy ýitirmezlige näme kömek eder?

Bu soraga jogap bermek üçin, geliň, başda hakyky şatlygyň nämedigine we kynçylyklara garamazdan, şatlygyny saklanlaryň mysalyna seredeliň. Soňra biz nädip ony saklap we hatda artdyryp biljekdigimizi bileris.

ŞATLYK NÄME?

Şatlyk ýöne bir şadyýan ýa-da keýpiň kök bolmagyny aňlatmaýar. Meselem, arakhor adam aşa köp içse, şadyýan görünmegi mümkin. Ýöne ol serhoşlygyndan açylsa, gülmegini bes edýär; hatda öňküsi ýaly kynçylyklaryna berlip, gaýgy-hasrata çümmegi ahmal. Onuň az salymlyk duýýan şatlygyna hakyky şatlyk diýip bolmaz (Sül. tym. 14:13).

Munuň tersine, hakyky şatlyk adamyň ýüreginden çykýan häsiýeti bolup, onuň içki dünýäsini aýan edýär. Bu duýgy adam «bir zady arzuw edende ýa-da garaşýan zadyna ýetende döreýär». Şatlyk bu daş töweregiňde nähili ýagdaý bolaýanda-da, şadyýan ýa-da mähirli bolmagy aňladýar (1 Sel. 1:6). Meselem, adam bir zada gynansa-da, ýüreginde şatlygyny ýitirmän biler. Resullar hem Mesih hakda wagyz edendikleri üçin garşylyga duçar bolupdylar. Ýöne «olar Isanyň ady zerarly masgaralanmaga mynasyp bolandyklary üçin Mejlisden şatlanyp çykdylar» (Res. iş. 5:41). Aslynda, olar urlup-ýenjilendigi üçin däl-de, Hudaýyň gullukçylary hökmünde aýypsyzlygyny saklandyklary üçin hakykatdan şatlanyp bildiler.

Biz şatlyk häsiýeti bilen dogulmaýarys; ol öz-özünden hem döremeýär. Näme üçin? Sebäbi hakyky şatlyk Hudaýyň mukaddes ruhunyň miwesidir. Hudaýyň ruhunyň kömegi bilen biz «täze häsiýetlere geýnip», şol sanda şatlygy doly ösdürip bileris (Efes. 4:24; Gal. 5:22). Şatlygy ösdürsek, durmuşda ýüze çykýan kynçylyklara has gowy hötde gelmegi başararys.

GÖRELDE ALMAGA MYNASYP MYSALLAR

Ýehowa ýer ýüzüni häzirki görýän erbet zatlarymyz üçin däl-de, gowy zatlaryň bolmagy üçin ýaradypdy. Emma başgalaryň edýän zalym işleri sebäpli Ýehowa şatlygyny ýitirmedi. Onuň Sözünde: «Onuň mekanyndadyr şatlyk we kuwwat» diýilýär (1 Ýyl. 16:27). Şeýle-de gullukçylarynyň edýän ýagşy işleri «(Ýehowanyň) ýüregini şatlandyrýar» (Sül. tym. 27:11).

Biz käbir zatlaryň garaşanymyz ýaly bolmandygyny görenimizde, aşa köp alada etmän, Ýehowanyň göreldesine eýerip bileris. Şeýle ýagdaýda şatlygymyzy ýitirmän, gaýtam, ünsümizi gowy zatlara gönükdirip, gelejekde ýagdaýyň has gowulanjakdygyna sabyrlylyk bilen garaşyp bileris *.

Biz Mukaddes Ýazgylardan kynçylyklara garamazdan şatlygyny saklan adamlaryň mysallaryny okap bileris. Meselem, Ybraýym pygamber durmuşynda bolan howply ýagdaýlara we başgalar sebäpli dörän kynçylyklara çydamaly boldy (Gel. çyk. 12:10—20; 14:8—16; 16:4, 5; 20:1—18; 21:8, 9). Emma şeýle kynçylyklara garamazdan, Ybraýym pygamber şatlygyny ýitirmedi. Oňa näme kömek etdikä? Ol ünsüni Mesihiň hökümdarlygy astynda boljak täze dünýädäki ýaşaýşa gönükdirdi (Gel. çyk. 22:15—18; Ýew. 11:10). Isa ol hakda: «Ataňyz Ybraýym meniň edýän işlerimi görmäge umydynyň bardygyna juda begenýärdi» diýdi (Ýah. 8:56). Bizem Ybraýym pygamberiň göreldesine eýerip, öňümizde boljak şatlykly pursatlar barada oýlanyp bileris (Rim. 8:21).

Ybraýym pygamber ýaly Pawlus resul we onuň ýoldaşy Silas hem ünsüni Hudaýyň wadalaryna gönükdirdiler. Olaryň imany berkdi, şonuň üçin kyn ýagdaýlara uçranda-da şatlygyny ýitirmediler. Meselem, olary ýenjip, türmä basanlarynda, «ýarygije... doga edip, Hudaýa öwgüli aýdymlary aýtdylar» (Res. iş. 16:23—25). Gelejege bolan umydy arkaly güýçlenip, Pawlus bilen Silas Mesihiň ady üçin ejir çekseler-de, olar şadyýandylar. Bizem Pawlus bilen Silasyň göreldesine eýerip, Hudaýa wepaly gullugyň berýän peýdasy barada oýlanyp bileris (Flp. 1:12—14).

Şu günlerem köp dogan-uýalar kynçylyga uçranda şatlygyny saklap, gowy görelde görkezýärler. Meselem, 2013-nji ýylyň noýabrynda bolan güýçli harasatda Filippiniň merkezinde ýaşaýan 1000-den gowrak dogan-uýa öýsüz galdy. Takloban şäherindäki öýi weýran bolan Jorj dogan şeýle diýdi: «Bolan elhenç ýagdaýa garamazdan, doganlar şatlygyny ýitirmeýärler. Biziň duýýan şatlygymyzy söz bilen beýan edip bilmeýärin». Nähili kynçylyga uçrasak-da, Ýehowanyň biziň üçin eden zatlary hakda minnetdarlyk bilen oýlansak, şatlygymyzy saklap bileris. Eýsem, biziň şatlanmagymyz üçin Ýehowa ýene näme berýär?

ŞATLANMAGA SEBÄPLER

Hudaý bilen dostlukly gatnaşykdan başga has köp şatlyk berýän zat bolmasa gerek. Oýlanyp görüň: Biz älem-jahanyň Hökümdaryny tanaýarys. Ol biziň Atamyz, Hudaýymyz we Dostumyz! (Zeb. 71:17, 18).

Şeýle-de biz ýaşaýşy gymmat saýýarys we ondan lezzet alyp bilýändigimize begenýäris (Wag. 3:12, 13). Ýehowanyň ýaradanlary hökmünde biz onuň isleginiň nämeden ybaratdygyna düşünýäris (Kol. 1:9, 10). Şonuň üçin biz durmuşyň manysyny bilýäris we ýaşamak üçin görkezme alýarys. Emma adamlaryň köpüsi durmuşda degerli maksat goýup bilmeýärler. Şu pikiri nygtap, Pawlus resul şeýle diýdi: «Hudaýyň Özüni söýýänler üçin taýýarlan zatlaryny ynsan gözi gören däldir, gulagy-da eşiden däldir, ýüregine-de ýeten däldir. Emma Hudaý olary ruhy arkaly bize aýan etdi» (1 Kor. 2:9, 10). Hawa, biz Ýehowanyň islegine we niýetine düşünýändigimize diýseň begenýäris!

Geliň, Ýehowanyň öz halkyna eden başga-da käbir ýagşylyklary hakda gürrüň edeliň. Biz günälerimiziň bagyşlanýandygyna örän begenýäris (1 Ýah. 2:12). Ýehowa rehimdar Hudaý bolandygy üçin, biz tizden boljak täze dünýäde ýaşamaga umyt edýäris (Rim. 12:12). Hatda häzirden Ýehowa bize özümiz bilen pikirdeş adamlar, ýagny imandaşlarymyz bilen şatlanmaga mümkinçilik berýär (Zeb. 133:1). Galyberse-de, Ýehowa öz Sözi arkaly bizi Şeýtandan we onuň jynlaryndan goraýandygyna ynandyrýar (Zeb. 91:11). Eger biz Hudaýyň berýän ähli bereketleri hakda oýlansak, şatlygymyz has-da artar (Flp. 4:4).

ŞATLYGYŇY NÄDIP ÖSDÜRMELI?

Mesihçi şatlygyny artdyryp bilermi? Isa: «Men bulary size mendäki şatlyk sizde-de bolar ýaly we siz doly şatlanyp biler ýaly aýtdym» diýdi (Ýah. 15:11). Bu sözler şatlygymyzy artdyryp bilýändigimizi görkezýär. Muny ody tutaşdyrmak üçin edilýän tagalla bilen deňeşdirse bolar. Ot sönmez ýaly, siz oňa elmydama odun atyp durmaly. Şonuň ýaly-da ruhy saglygyňyzyň aladasyny edip dursaňyz, şatlygyňyz artar. Ony diňe Hudaýyň ruhy arkaly artdyryp bolýandygyny unutmaň. Ýehowanyň ruhunyň kömegini elmydama diläp, onuň ylhamlanan Sözündäki ýazylanlar hakda doga edip oýlansaňyz, siziň şatlygyňyz artar (Zeb. 1:1, 2; Luka 11:13).

Şeýle-de siz Ýehowa ýaraýan işlere gatnaşyp şatlygyňyzy artdyryp bilersiňiz (Zeb. 35:27; 112:1). Näme üçin şeýle diýse bolar? Sebäbi Ýazgylarda: «Hudaýdan gork we Onuň tabşyryklaryny sakla, çünki bu ynsanyň esasy borjudyr» diýilýär (Wag. 12:13). Başgaça aýdanyňda, biz Hudaýyň islegini berjaý etmek üçin ýaradyldyk. Şol sebäpli Ýehowa gulluk edenimizde, biz ýaşaýyşdan has köp lezzet alýarys *.

ŞATLYGYŇ BERÝÄN GOWY NETIJELERI

Biz Hudaýa mahsus bolan şatlyk häsiýetini ösdürsek, içimizde diňe ýakymly duýgular bolar. Meselem, gökdäki Atamyzyň has köp göwnünden turup bileris. Sebäbi kynçylyklara garamazdan, oňa şatlyk bilen gulluk ederis (Kan. tag. 16:15; 1 Sel. 5:16—18). Şeýle-de hakyky şatlygy ösdürsek, baýlyga kowalaşman, gaýtam, Hudaýyň Patyşalygynyň bähbidini ileri tutmak üçin köp zatdan geçeris (Mat. 13:44). Edýän işlerimiziň peýdasyny görenimizde, şatlygymyz has-da artar, saglygymyz gowulaşar we başgalaryň hem bagtly bolmagyna ýardam ederis (Res. iş. 20:35; Flp. 1:3—5).

ABŞ-daky Nebraska uniwersitetiniň bir işgäri saglyk barada gözleg geçirenden soň, şeýle sözleri ýazdy: «Eger siz häzir bagtly we durmuşdan kanagat tapyp ýaşaýan bolsaňyz, onda siz gelejekde-de sagdyn bolarsyňyz». Onuň aýdan sözleri Mukaddes Ýazgylardaky şu sözlere gabat gelýär: «Şadyýan ýürek oňat şypadyr» (Sül. tym. 17:22). Hawa, eger siz şatlygyňyzy artdyrsaňyz, beden taýdan has sagdyn bolarsyňyz.

Görşümiz ýaly, şu kyn döwürde-de hakyky we hiç haçan sönmejek şatlygy ösdürip bolýar. Munuň üçin mukaddes ruhy dilemeli, Ýehowanyň Sözüni öwrenmeli we okan zatlarymyzyň üstünde oýlanmaly. Şeýle-de häzirki alýan bereketlerimiz barada oýlansak, imany berk adamlaryň göreldesine eýersek we Hudaýyň islegini berjaý etsek, şatlygymyz has-da artar. Şonda Zebur 64:10-daky: «Dogry adam Rebde şatlanar, Oňa sygynar» diýen sözleriň hakykatdygyna göz ýetireris.

^ abzas 10 Sabyrlylyk häsiýeti barada «ruhuň miwesi» atly makalalaryň birinde çap ediler.

^ abzas 20 Şatlygyňyzy artdyrmak üçin «Şatlygyňy artdyrmagyň başga ýollary» diýen çarçuwa serediň.