Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýaşlar, halas bolmak üçin tagalla ediň

Ýaşlar, halas bolmak üçin tagalla ediň

«Hudaýa elmydama gulak asyp... gorky we titreme bilen halas bolmak üçin tagalla ediň». FLP. 2:12

AÝDYMLAR: 41, 11

1. Suwa çümdürilmek näme üçin wajyp? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

HER ýyl müňlerçe okuw geçýän adamlar suwa çümdürilýär. Olaryň arasynda ençeme ýetginjekler we çagalaram bar. Mümkin, olar hakykatda ulalandyrlar. Sizem mesihçi maşgalada ulaldyňyzmy? Eger şeýle bolsa, onda siz öwgä mynasyp. Mesihçi bolmak, esasan-da, halas bolmak üçin suwa çümdürilmek örän wajyp (Mat. 28:19, 20; 1 Pet. 3:21).

2. Näme üçin özüňi Hudaýa bagyş etmekden gorkmaly ýa-da ony soňa goýmaly däl?

2 Suwa çümdürilmek köp bereketlere ýol açsa-da, ol jogapkärçiligi hem talap edýär. Nädip? Siz suwa çümdürilen günüňiz «Isa Mesihiň töleg gurbany esasynda günäleriňize toba edip, Hudaýyň islegini berjaý etmek üçin özüňizi Ýehowa bagyş etdiňizmi?» diýen soraga «hawa» diýip jogap berdiňiz. Suwa çümdürilip, siz özüňizi Ýehowa bagyş edendigiňizi görkezdiňiz. Şeýdip, siz Ýehowany söýýändigiňizi we onuň islegini ähli zatdan ileri tutjakdygyňyzy wada berdiňiz. Eýsem, şeýle wajyp ädimi ädendigiňize ökünseňiz dogry bolarmy? Elbetde, ýok. Özüňi Ýehowanyň eline tabşyrmak hiç haçan nädogry däl. Emma Ýehowa ýakynlaşmadyk adam Şeýtanyň goly astynda ýaşaýar. Iblis siziň halas bolmagyňyzy däl-de, Ýehowanyň hökümdarlygyndan ýüz öwrüp, ebedi ýaşaýyşdan mahrum bolmagyňyzy isleýär.

3. Özüňi Ýehowa bagyş etmek nähili bereketleri berýär?

3 Geliň, Şeýtanyň hödürleýän zatlaryny Hudaýa özüni bagyş edip, suwa çümdürilen mesihçiniň alýan bereketleri bilen deňeşdirip göreliň. Siz özüňizi Ýehowanyň eline tabşyrdyňyz. Şol sebäpli güýçli ynam bilen mezmurçynyň şu sözlerini gaýtalap bilersiňiz: «Reb meniň bilendir; men gorkmaryn, ynsan maňa näme edip biler?» (Zeb. 118:6). Hawa, Hudaýyň tarapyny tutup, onuň razylygyny gazanyp ýaşamakdan uly hormat bolmasa gerek.

ŞAHSY JOGAPKÄRÇILIK

4, 5. a) Özüňi Hudaýa bagyş etmegi näme üçin her kimiň özi çözmeli? b) Nähili kynçylyklara mesihçileriň ählisi uçraýar?

4 Suwa çümdürilen mesihçiniň Ýehowa bilen dostlugy ene-atasyna bagly bolmaýar. Siz ene-ataňyz bilen ýaşasaňyz-da, halas bolmak üçin öz gutulyşyňyzy özüňiz gazanmalysyňyz. Näme üçin muny unutmaly däl? Sebäbi nähili kynçylyklaryň boljakdygyny hemişe öňünden bilip bolmaýar. Eger siz çaga wagtyňyz suwa çümdürilen bolsaňyz, onda ulalýançaňyz her hili duýgular we garşylyklar bilen göreşmeli bolansyňyz. 18 ýaşly uýamyz şeýle diýýär: «Adatça, Ýehowanyň Şaýady çaga-da bolsa, doglan gün mynasybetli hödür edilen tortdan arkaýyn ýüz öwrüp bilýär. Ýöne ulaldygyňça, ahlaksyz tekliplere garşy göreşmek kyn bolýar. Şonuň üçin Ýehowanyň kanunlaryna gulak asmagyň hemişe peýda getirýändigine ynamyňy berkidip durmaly».

5 Elbetde, kynçylyklara diňe ýaşlar uçramaýar. Hatda uly ýaşly mesihçilerde-de garaşylmadyk synaglar bolýar. Meselem, olar maşgala gurmak, saglyk ýagdaýy ýa-da iş bilen bagly kynçylyklara uçrap biler. Ýaş ýa-da gartaşandygyna garamazdan, her bir mesihçi iru-giç Ýehowa wepaly galmagy talap edýän ýagdaýlara uçrar (Ýak. 1:12—14).

6. a) Siz Ýehowa beren wadaňyza nähili garamaly? b) Filipililer 4:11—13-nji aýatlardan näme öwrenip bilersiňiz?

6 Ýehowa beren wadaňyzy unutmasaňyz, bu size islendik ýagdaýda Oňa wepaly galmaga kömek eder. Şonda siz hatda dost-ýarlaryňyz ýa-da ene-ataňyz hakykatdan gitse-de, älem-jahanyň Hökümdary Ýehowa gulluk etmäge taýyndygyňyzy görkezersiňiz (Zeb. 27:10). Siz nähili ýagdaýa uçrasaňyz-da, Ýehowanyň kömegi bilen oňa beren wadaňyzda durup bilersiňiz (Filipililer 4:11—13-nji aýatlary okaň).

7. «Gorky we titreme bilen halas bolmak üçin tagalla ediň» diýen sözler nämäni aňladýar?

7 Ýehowa siziň bilen dostlaşmak isleýär. Ýöne onuň bilen dostlugyňyzy berkidip, halas bolmak üçin tagalla etmeli. Filipililer 2:12-de: «Gorky we titreme bilen halas bolmak üçin tagalla ediň» diýilýär. Diýmek, Ýehowa bilen dostlugyňy berkitmek we islendik kynçylyga garamazdan, oňa wepaly galmak üçin näme etjekdigiň hakynda öňünden oýlanmaly. Hatda Hudaýa ençeme ýyl gulluk eden mesihçiler hem hakykatdan daşlaşdylar. Şonuň üçin özüňize bil baglamakdan seresap boluň. Onda halas bolmak üçin nähili ädimleri ätmeli?

ŞAHSY OKUWYŇ ÄHMIÝETI

8. Şahsy okuwy näme we ony geçirmek näme üçin wajyp?

8 Ýehowa bilen dostlaşmak üçin şu iki zat wajyp: diňlemek we gepleşmek. Esasan-da, şahsy okuwy Ýehowany diňlemäge mümkinçilik berýär. Munuň üçin Hudaýyň Sözüni we Ýazgylara esaslanan edebiýatlary okamaly hem-de oýlanmaly. Emma şahsy okuwyny geçirmeklik diňe bir bilim almagy aňlatmaýar. Bu mekdepde synagdan geçmek üçin öwrenen zatlaryňy ýatda saklamak ýaly däldir. Netijeli şahsy okuwyny syýahat etmek bilen deňeşdirse bolýar. Siz gözleg geçirip, Ýehowanyň ajaýyp häsiýetleriniň täze aýratynlyklaryny öwrenýärsiňiz. Bu size Hudaýa ýakynlaşmaga ýardam eder; şonda ol hem size ýakynlaşar (Ýak. 4:8).

Siz Ýehowa bilen gepleşýärsiňizmi? (8—11-nji abzaslara serediň)

9. Şahsy okuwyny geçirmek üçin haýsy gurallardan peýdalanyp bilersiňiz?

9 Şahsy okuwyny netijeli geçirmek üçin Ýehowa guramasy arkaly ençeme gurallar bilen üpjün edýär. Meselem, jw.org saýtyndaky «Ýetginjekler > Mukaddes Ýazgylary öwrenmek üçin ýumuşlar» atly bölümden köp peýdaly maslahatlary tapyp bilersiňiz. Şeýle-de saýtymyzdaky «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» diýen bölüm ynanýan zatlaryňyza bolan imanyňyzy berkider. Olar size ynançlaryňyzy adamlara nädip düşündirip biljekdigiňizi öwrenmäge kömek eder. Mundan başga-da 2009-njy ýylyň aprel aýynda çykan «Oýanyň!» (rus.) žurnalyndaky «Ýaşlaryň sowallary... Mukaddes Ýazgylary okamak gyzykly bolar ýaly, men näme edip bilerin?» diýen makaladan käbir maslahatlary tapyp bilersiňiz. Görşümiz ýaly, halas bolmak üçin öwrenmek we oýlanmak örän wajyp (Zebur 119:105-i okaň).

DOGA ETMEK WAJYP

10. Doga etmek näme üçin wajyp?

10 Şahsy okuwy Ýehowany diňlemäge, doga etmek bolsa onuň bilen gepleşmäge mümkinçilik berýär. Mesihçiler doga etmeklige ýöne bir däp-dessur ýa-da işiň rowaç bolmagy üçin üstünlik dilemek ýaly zat hökmünde garamaly däl. Aslynda, doga etmek — bu Ýaradyjymyz bilen gepleşmek. Ýehowa siziň Özi bile gepleşmegiňizi isleýär (Filipililer 4:6-ny okaň). Siz nämedir bir zada biynjalyk bolsaňyz, Mukaddes Ýazgylardaky: «Ýüküňi Rebbiň üstüne taşla» diýen paýhasly maslahat hakda oýlanyň (Zeb. 55:22). Siziň pikiriňizçe, bu maslahata eýermegiň peýdasy barmy? Millonlarça dogan-uýalar muňa öz durmuşynda göz ýetirdiler. Ol size-de kömek eder!

11. Biz näme üçin Ýehowa hemişe minnetdar bolmaly?

11 Doga etmek Ýehowadan ýöne bir zat dilemekden has köp zady aňladýar. Injilde: «Şeýle-de minnetdar boluň» diýilýär (Kol. 3:15). Biz käte gaýgy-aladalara gümra bolup, alýan bol bereketlerimizi ünsden düşürip bileris. Her gün alýan bereketleriňiziň iň bolmanda üçüsi hakda oýlanyp görüň. Olar üçin Ýehowa doga edip, minnetdarlyk aýdyň. 12 ýaşynda suwa çümdürilen Abigail atly ýetginjek uýamyz şeýle diýýär: «Meniň pikirimçe, älem-jahanda Ýehowa ýaly minnetdarlyk aýtmagymyza mynasyp hiç kim bolmasa gerek. Biz her mümkinçilikden peýdalanyp, berýän sowgatlary üçin oňa sagbolsun aýtmaly. Bir gezek men şeýle gowy pikir eşitdim: „Eger biz irden oýanyp, Ýehowa ýene bir güni ýaşamaga sowgat berendigi üçin minnetdar bolsak, onda günüň dowamynda aljak bereketlerimiz üçin has-da minnetdar bolmaly dälmi näme?!“» *

ÝEHOWANYŇ ÝAGŞYLYGYNY DADYP GÖRÜŇ

12, 13. Ýehowanyň ýagşylygyny dadyp görendigiň barada oýlanmak näme üçin wajyp?

12 Ençeme hasratly günleri başdan geçiren Dawut patyşa: «Rebbiň ýagşylygyny dadyp görüň! Oňa sygynýan adam nähili bagtly!» diýip, nagma aýtdy (Zeb. 34:8). Bu sözler Ýehowanyň ýagşylygyny datmagyň wajypdygyny görkezýär. Siz Mukaddes Ýazgylary, oňa esaslan edebiýatlary okanyňyzda ýa-da ýygnak duşuşyklaryna baranyňyzda, Hudaýyň öz wepaly gullukçylaryna nädip kömek edendigi barada ruhlandyryjy wakalary eşidýänsiňiz. Emma ruhy taýdan ösdügiňizçe, sizem öz durmuşyňyzda Ýehowanyň goldawyny görmäge çalşyň. Siz Ýehowanyň ýagşylygyny dadyp gördüňizmi?

13 Mesihçileriň ählisi iň bolmanda bir gezek Ýehowanyň ýagşylygyny dadyp gördüler. Hudaý bizi Özi we Ogly bilen dostlaşmaga çagyrýar. Isa: «Meni iberen Atam çekmese, hiç kim yzyma düşüp bilmez» diýdi (Ýah. 6:44). Siz bu sözleri özüňize degişli hasaplaýarmysyňyz? Mümkin, siz: «Ýehowa ejem bilen kakamy özüne çekipdir. Menem olaryň yzyna eýerdim» diýip oýlanýansyňyz. Emma siz özüňizi Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürileniňizde, onuň bilen dostlukly gatnaşygyňyzyň bardygyny görkezdiňiz. Indi siz ony hakykatdan-da tanaýarsyňyz. Injilde: «Biri Hudaýy söýýän bolsa, Hudaý ony tanaýandyr» diýilýär (1 Kor. 8:3). Ýehowanyň guramasyndaky ornuňyzy hemişe gymmat saýmaga we minnetdar bolmaga jan ediň.

14, 15. Wagyz etmek imanyňyzy berkitmäge nädip kömek eder?

14 Ýehowanyň ýagşylygyny datmagyň başga bir usuly — adamlara ynanýan zatlaryň hakda gürrüň bermek. Meselem, sizde mekdepde klasdaşlaryňyza wagyz etmäge mümkinçilik bar. Käbir dogan-uýalar klasdaşlaryna wagyz etmäge ýaýdanýarlar. Sizem ýaş bolandygyňyz üçin olaryň ýagdaýyna düşünýän bolsaňyz gerek. Sebäbi aýdýan zatlaryňyzy klasdaşlaryňyzyň nähili kabul etjekdigini bilmeýärsiňiz. Esasan-da, olara ýekelikde däl-de, hemmesine birbada wagyz etmek kyn bolup biler. Şeýle ýagdaýda size näme kömek eder?

15 Ilki bilen, şu ýoluň hakykatdygyna näme üçin berk ynanýandygyňyz hakda oýlanyň. Munuň üçin jw.org saýtymyzdaky «Ýetginjekler» diýen bölümden peýdalanyp bilersiňiz. Olar size nämä we näme üçin ynanýandygyňyzy hem-de ynanýan zatlaryňyzy başgalara nädip düşündirmelidigini bilmäge kömek eder. Siz ynamyňyzy berkitseňiz we gowy taýýarlansaňyz, Ýehowanyň ady barada şaýatlyk etmäge taýyndygyňyza göz ýetirersiňiz (Ýer. 20:8, 9).

16. Wagyz etmäge ýaýdanýan bolsaňyz näme kömek edip biler?

16 Siz gowy taýýarlansaňyz-da, ynanýan zatlaryňyz barada gürrüň açmaga ýaýdanmagyňyz mümkin. 13 ýaşynda suwa çümdürilen ýetginjek uýamyz şeýle diýýär: «Men ynanýan zatlarymyň hakykatdygyny bilsem-de, käte nädip aýtjagymy bilmeýärin». Uýamyza näme kömek etdikä? Ol şeýle gürrüň berýär: «Men tötänden gürrüňe goşulmaga çalyşýaryn. Klasdaşlarym edýän işleri hakda arkaýyn gürrüň berýän bolsalar, onda menem iman edýän zatlarym barada aýtmaga çekinmeli däl. Men bir zady gürrüň berjek bolanymda, köplenç: „Arada Mukaddes Ýazgylary okanymda, şuňa üns berdim...“ diýýärin-de, soňra aýtjak pikirimi dowam edýärin. Käte Mukaddes Ýazgylary agzamasam-da, olar Ýazgylardan öwrenen zatlarym bilen paýlaşýandygymy duýýarlar. Klasdaşlarym käte soragam berýärler. Şeýle usuly ulananymda, maňa wagyz etmek aňsat bolýar. Her gezek wagyz edenimden soň, özümi diýseň bagtly duýýaryn».

17. Ynanýan zatlaryňyza bolan garaýşyňyz wagyz etmäge nädip kömek eder?

17 Siz başgalara hormat goýsaňyz we ýürekden gyzyklansaňyz, olaram size mähirli bolar. Çagaka suwa çümdürilen we häzir 17 ýaşyna ýeten Oliwiýa şeýle diýýär: «Men gürrüňdeşlikde Mukaddes Ýazgylary ulansam, adamlaryň meni dine köre-körlük bilen ynanýandyr diýip pikir etmeginden gorkýardym». Emma Oliwiýa kem-kemden garaýşyny üýtgedip başlaýar. Ol öz gorkusy barada çendenaşa aladalanman, gaýtam, şeýle diýýär: «Ýaşlaryň köpüsi Ýehowanyň Şaýatlary barada hiç zat bilmeýär. Olara hakykaty diňe biz ýetirip bileris. Biziň çekinmän gürrüň berşimiz olaryň hoş habara seslenişine täsir eder. Ýöne biz imanymyz hakda gürrüň bermäge utansak ýa kyn görsek, ýa-da ýaranjaňlyk edip wagyz edýän bolsak näme? Onda biz mesihçidigimize buýsanýandygymyzy görkezip bilmeris. Hatda olar ynamsyzdygymyzy görüp, dinimiz barada erbet pikirde bolarlar. Emma ynanýan zatlarymyzy adaty gürrüňdeşlikdäki ýaly arkaýyn we ynamly aýtsak, olar bize hormat goýarlar».

HALAS BOLMAK ÜÇIN TAGALLA EDIŇ

18. Halas bolmak üçin nähili tagalla etmeli?

18 Görşümiz ýaly, halas bolmak üçin tagalla etmek örän wajyp. Munuň üçin Hudaýyň Sözüni okap, onuň üstünde oýlanmaly, Ýehowa doga etmeli we onuň berýän bereketlerine üns bermeli. Bu zatlar siziň ynamyňyzy artdyryp, Ýehowa bilen dostlukly gatnaşygyňyzy gymmat saýmaga kömek eder. Şeýle-de imanyňyz barada başgalara gürrüň bermäge höweslendirer (Zebur 73:28-i okaň).

19. Halas bolar ýaly tagalla etmek näme üçin wajyp?

19 Isa: «Kim meniň yzyma eýermek islese, özünden geçsin-de, jebir pürsüni alyp, yzyma düşsün» diýdi (Mat. 16:24). Görşümiz ýaly, Mesihiň şägirdi bolmak üçin özüňi Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürilmeli. Bu häzirden bol bereketlere ýol açar, Hudaýyň täze dünýäsinde bolsa ebedi ýaşaýyş sylagyny almaga kömek eder. Hawa, halas bolmak üçin tagalla etmäge sizde köp degerli sebäpler bar!

^ abzas 11 Köpräk bilmek üçin jw.org saýtyndaky «Ýaşlaryň sowallary—Men näme üçin doga etmeli?» we «Iş depderi» diýen bölüme serediň.