Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

47-NJI MAKALA

103-NJI AÝDYM Çopanlar Hudaýyň berekedi

Doganlar, ýaşuly bolmagy maksat goýýarsyňyzmy?

Doganlar, ýaşuly bolmagy maksat goýýarsyňyzmy?

«Kim gözegçi bolmak isleýän bolsa, gowy zady arzuw edýär» (1 Tim. 3:1).

ESASY PIKIR

Ýygnakda ýaşuly bolup gulluk etmek isleýän dogan Mukaddes Kitabyň talaplaryna laýyk gelmeli.

1, 2. Ýaşulular ýygnakda nähili işleri edýärler?

 SEN ýygnakda köpden bäri hyzmatçy bolup gulluk edýän bolsaň, ýaşuly bolmagy hem maksat goýansyň. Onda sen «gowy zady arzuw edýärsiň» (1 Tim. 3:1). Maksadyňa ýetmek üçin näme etmeli?

2 Ýaşulular ýygnakda nähili işleri edýärler? Olar yhlasly wagyz edýärler, çopançylyk idegini edýärler, öwredýärler, ruhlandyrýarlar we görelde bolýarlar. Şonuň üçinem ýaşululara Mukaddes Kitapda «bereket hökmünde berlen» adamlar diýilýär (Efes. 4:8).

3. Ýaşuly bolmak üçin näme etmeli? (1 Timoteos 3:1—7; Titus 1:5—9).

3 Ýaşuly bolmak isleýän dogan näme etmeli? Adatça, işe alanlarynda ukyp-başarnygyňa seredýärler. Ýöne ýaşuly bolmak üçin ukyp-başarnykly bolmak ýeterlik däl. Munuň üçin ökde wagyzçy we mugallym bolmaly. Şeýle-de dogan 1 Timoteos we Titus kitaplaryndaky talaplara laýyk gelmeli (1 Timoteos 3:1—7; Titus 1:5—9-njy aýatlary okaň). Ýaşuly bolmak isleýän doganyň ýygnakda we adamlaryň arasynda ýagşy ady bolmaly, göreldeli maşgalabaşy bolmaly hem-de dogan-uýalaryň höwes bilen aladasyny etmeli. Şu makalada olaryň muny nädip edip biljekdigi hakda gürrüň ederis.

«GOWY ABRAÝY BOLMALY»

4. «Ýazyksyz bolmaly» diýlende näme göz öňünde tutulýar?

4 Ýaşuly bolmak isleýän dogan «ýazyksyz bolmaly». Ol ýygnakda ýagşy adam hökmünde tanalmaly. Dogan-uýalar ondan kemçilik tapmaly däl. Şeýle-de onuň başga «adamlaryň arasynda gowy abraýy bolmaly». Ýehowa gulluk etmeýän adamlar Mukaddes Kitabyň kada-kanuny boýunça ýaşaýandygyň üçin seni ýazgaryp biler, emma olar seniň edim-gylymyňdan kemçilik tapmaly däl, halal we dogruçyl adamdygyňa şübhelenmeli däl (Dan. 6:4, 5). Özüňe şeýle sorag ber: «Dogan-uýalar we başga adamlar meni dogruçyl adam diýip tanaýarmy?»

5. «Ýagşylygy söýmegiň» nämedigini düşündiriň.

5 «Ýagşylygy söýmek» adamlaryň gowy häsiýetlerini görmegi we olary öwmegi aňladýar. Şeýle adam özüni borçly duýup däl-de, başgalara höwes bilen ýagşylyk edýär (1 Sel. 2:8). Ýaşulular näme üçin «ýagşylygy söýmeli»? Eger dogan ýagşylyk etmegi söýse, dogan-uýalara kömek etmek we borçlaryny ýerine ýetirmek üçin wagtyny gaýgyrmaz (1 Pet. 5:1—3). Munuň üçin onuň köp güýji gitse-de, dogan-uýalara ýagşylyk edip şatlanar (Res. 20:35).

6. «Myhmansöýer» adam nähili bolýar? (Ýewreýler 13:2, 16; surata serediň).

6 «Myhmansöýer» adam diňe bir ýakynlaryna, dost-ýarlaryna däl-de, hemmelere ýagşylyk edýär (1 Pet. 4:9). Bir sözlükde myhmansöýer adam barada şeýle diýilýär: «Onuň nätanyşlar üçin hem öýüniň, ýüreginiň gapysy hemişe açyk bolmaly». Dogan-uýalar seni myhmansöýer adam hökmünde tanaýarmy? (Ýewreýler 13:2, 16-njy aýatlary okaň). Myhmansöýer doganyň ýüregi hemmeler üçin açyk bolýar. Meselem, ol hor ýaşaýan adamlara gurbunyň çatdygyndan kömek edýär. Şeýle-de ol etrap gözegçilerini we ýygnaga gelýän nutukçylary myhmançylyga çagyrýar. Sebäbi şol doganlar ýygnagy berkitmek üçin köp zähmet çekýärler (1 Mus. 18:2—8; Nak. 3:27; Luka 14:13, 14; Res. 16:15; Rim. 12:13).

Myhmansöýer är-aýal etrap gözegçisini we aýalyny myhman alýar (6-njy abzasa serediň).


7. «Pula gyzmaýan» adam nähili bolýar?

7 «Pula gyzmaýan» adam puluň yzynda hars urmaýar. Gazanjyň köp bolsun, az bolsun, Ýehowa gulluk etmegi durmuşda birinji orunda goý (Mat. 6:33). Wagtyňy, güýjüňi gaýgyrman Ýehowa gulluk et, maşgalaň ýürekden aladasyny et we dogan-uýalara eliňden gelen kömegi et (Mat. 6:24; 1 Ýah. 2:15—17). Özüňe şeýle soraglary ber: «Men pula gyzýarynmy? Baryma kaýyl bolýarynmy? Ýa-da hemişe köpräk pul gazanmak we täze zat almak üçin hars urýarynmy?» (1 Tim. 6:6, 17—19).

8. «Ähli zatda çägiňi bilmek» we «özüňe erk etmek» nämäni aňladýar?

8 Ýaşuly «ähli zatda çägini bilmeli» we «özüne erk etmeli». Ol çendenaşa iýegen ýa içegen bolmaly däl, salykatly geýinmeli, saçyny wagtly-wagtynda deňletmeli, moda kowalaşmaly däl. Ol dynç almak meselesinde dogry karara gelmeli. Şeýle-de ýaşuly doganyň garaýşy, ýaşaýşy we dogry hasaplaýan zatlary Ýehowa gulluk etmeýän adamlaryňka meňzemeli däl (Luka 21:34; Ýak. 4:4). Onsoňam, gaharyny getirmek üçin gižželänlerinde özüne erk etmegi başarmaly. Ýaşuly «arakhor» bolmaly däl ýa-da içegen diýip tanalmaly däl. Özüňe şeýle sorag ber: «Meni ähli zatda çägimi bilýärinmi we özüme erk edýärinmi?»

9. «Sagdyn düşünjeli» we «tertip-düzgünli» bolmak diýlende näme göz öňünde tutulýar?

9 «Sagdyn düşünjeli» bolmak islendik ýagdaýda Mukaddes Kitabyň prinsiplerine görä karara gelmegi aňladýar. Şeýle adam prinsipler hakda oýlanyp, akylly-başly hereket edýär. Ol howlukmaç karara gelmeýär, gaýtam ýagdaýa hemmetaraplaýyn seredýär (Nak. 18:13). Şeýdip, ol Ýehowanyň pikirlenişi ýaly pikirlenip, dogry karara gelýär. «Tertip-düzgünli» adam jogapkärli bolýar we hemme zady öz wagtynda edýär. Jogapkärli adamyň ýüpüniň üstünde odun goýup bolýar. Ol berlen görkezmä eýerýär. Eger sen ýokarda agzalan häsiýetleri ösdürseň, adamlaryň arasynda gowy abraýyň bolar. Geliň, indi ýaşuly bolmak isleýän maşgalabaşylardan edilýän talaplara seredeliň.

«MAŞGALASY HAKDA GOWY ALADA ETMELI»

10. Dogan nädip «maşgalasy hakda gowy alada etmeli»?

10 Maşgalaly dogan ýaşuly bolmak isleýän bolsa, onuň aýalam, çagalaram göreldeli bolmaly. Munuň üçin dogan «maşgalasy hakda gowy alada etmeli». Ol aladaçyl, mähirli, jogapkärli maşgalabaşy hökmünde tanalmaly. Ol maşgala okuwyny yzygider geçirmeli, aýalyna, çagalaryna her hepde ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmaga, wagza gitmäge kömek etmeli. Sebäbi Pawlus resul: «Eger ol maşgalasy hakda gowy alada edip bilmeýän bolsa, Hudaýyň ýygnagy hakda nädip alada etsin?» diýdi (1 Tim. 3:5).

11, 12. Ýaşuly bolmak isleýän doganyň çagalary näme üçin edepli bolmaly? (Surata serediň).

11 Ýaşuly bolmak isleýän doganyň çagalary ýetginjek bolsa, onda olar «gulak asýan we edepli bolmaly». Dogan olara söýgi we mähir bilen terbiýe bermeli. Elbetde, çagalar oýnamagy, wagtyny hoş geçirmegi gowy görýärler. Ýöne olara ene-ata gulak asmagy, adamlara hormat goýmagy we özüni edepli alyp barmagy öwretmeli. Şeýle-de dogan çagalaryna Ýehowa bilen dostlaşmaga, Mukaddes Kitabyň kada-kanunlary boýunça ýaşamaga we ruhy taýdan ösüp suwa çümdürilmäge kömek etmeli.

12 «Çagalary azgynlykda aýyplanýan ýa-da gulak asmaýan bolmaly däl». Eger jogapkärli doganyň suwa çümdürilen ýa-da suwa çümdürilmegi maksat goýan ýetginjek çagasy agyr günä etse, onda ýaşulular doganyň ýygnakda ýaşuly bolup gulluk etmek üçin talaplara laýyk gelýändigini ýa-da gelmeýändigini çözerler. Eger dogan çagasyny wagtynda düzetmese ýa-da oňa terbiýe bermese, onda ol ýygnakda ýaşuly bolup bilmez (w96-U 15/10 sah. 21, abz. 6, 7).

Maşgalabaşylar çagalaryna ruhy işlere gatnaşmaga kömek etmeli (11-nji abzasa serediň).


ÝYGNAGYŇ GOWY ALADASYNY ETMELI

13. «Paýhasly» bolmaly diýmek näme? «Özdiýenli» bolmaly däl diýmek näme?

13 Ýagşy häsiýetli doganlar ýygnak üçin uly bereket. «Paýhasly» adam parahat ýaşamaga jan edýär. Ol başgalara-da parahatlygy saklamaga kömek edýär. Şeýle-de ol adamlary ünsli diňleýär we olaryň garaýşyna düşünjek bolýar. Aýdaly, sen ýaşuly bolup gulluk edýärsiň. Emma sen ýaşulular maslahatynda gelnen karar bilen ylalaşasyň gelmeýär. Ýöne şol karar Mukaddes Kitabyň prinsiplerine garşy gelmeýän bolsa we ýaşulularyň köpüsi şol karary goldaýan bolsa, senem olar bilen ylalaşarsyňmy? Ýaşuly dogan «özdiýenli» bolmaly däl. Ol ähli zady öz aýdyşy ýaly etdirjek bolup, aýak diräp durmaly däl. Gaýtam maslahatlaşyp dogry karara gelip bolýandygyna düşünmeli (1 Mus. 13:8, 9; Nak. 15:22). Ýaşuly «dawalaşmaly» däl we «ganygyzma» bolmaly däl. Ol adamlar bilen gödek gepleşmeli däl we jedelleşmeli däl, gaýtam ýumşak we sypaýyçylykly bolmaly. Paýhasly adam hatda dartgynly ýagdaýlarda-da parahatlygy saklaýar (Ýak. 3:17, 18). Ýumşak jogap we mähirli sözler hatda Ýehowanyň Şaýatlaryny halamaýan, olara garşy çykýan gaharjaň adamlary hem köşeşdirýär (Ser. 8:1—3; Nak. 20:3; 25:15; Mat. 5:23, 24).

14. «Ýaňy-ýakynda mesihçi bolan adam gözegçi bellenmesin» diýen sözler nämäni aňladýar? «Wepaly» bolmaly diýmek näme?

14 «Ýaňy-ýakynda mesihçi bolan adam» ýaşuly bellenmeli däl. Elbetde, bu seniň ýaşuly bolmak üçin suwa çümdürileniňe köp ýyl geçmelidigini aňlatmaýar. Emma sen ruhy taýdan berkeýänçäň wagt gerek bolar. Ýaşuly bolmak isleýän dogan Isadan görelde alyp, pesgöwünli bolmaly we ýygnakda tabşyrylan islendik ýumşy höwes bilen etmeli. Şeýle-de ýygnakda borç berilýänçä sabyrly garaşmaly (Mat. 20:23; Flp. 2:5—8). Ýaşuly bolmak isleýän dogan «wepaly» hem bolmaly. Ol Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşamaly we onuň guramasynyň berýän görkezmesine eýermeli (1 Tim. 4:15).

15. Ýaşuly hökman ökde nutukçy bolmalymy? Düşündiriň.

15 Mukaddes Kitaba görä, ýaşulular «öwretmäge ukyply» bolmaly. Bu doganyň hökman ökde nutukçy bolmalydygyny aňladýarmy? Elbetde, ýok. Hemme ýaşulular ökde nutukçy bolmaýar. Ýöne olar wagyz edende, çopançylyk idegini edende Mukaddes Kitaby ökdelik bilen ulanyp, öwretmegi we dogan-uýalary ruhlandyrmagy başarmaly (1 Tim. 3:2; 1 Korinfliler 12:28, 29; Efesliler 4:11-nji aýatlary deňeşdiriň). Olar ökde mugallym bolmak üçin hemişe öz üstünde işläp durmaly. Saňa ökde mugallym bolmaga näme kömek eder?

16. Ýaşuly ökde mugallym bolmak üçin näme etmeli? (Surata serediň).

16 Ýaşuly «Hudaýyň ynamdar sözüni gyşarnyksyz öwretmeli». Şonuň üçin ýygnakda çykyş edeniňde ýa-da birine maslahat bereniňde Hudaýyň Sözüne esaslan. Mukaddes Kitaby we edebiýatlary çuňňur öwren (Nak. 15:28; 16:23). Aýatlaryň edebiýatlarymyzda nähili düşündirilýändigine ünsli bol. Şonda olary dogry ulanyp bilersiň. Şeýle-de öwredeniňde diňleýjileri Ýehowany hasam söýmäge we öwrenen zatlaryny durmuşynda ulanmaga höweslendir. Eger sen tejribeli ýaşululardan haýsy taraplaryňy gowulandyrmalydygyňy sorasaň we olaryň maslahatlaryna eýerseň, hasam ökdeleşersiň (1 Tim. 5:17). Şeýle-de ýaşulular dogan-uýalary ruhlandyrmaly. Käte olar dogan-uýalara maslahat bermeli bolýar, hatda «käýemeli» hem bolýar. Ýöne olar muny ýumşaklyk bilen etmeli. Eger sen adamlar bilen mähirli gepleşseň we Hudaýyň Sözüne esaslanyp öwretseň, Beýik Mugallym Isanyň göreldesine eýerdigiň bolar (Mat. 11:28—30; 2 Tim. 2:24).

Hyzmatçy dogan ýaşuludan Mukaddes Kitap arkaly nädip tälim bermelidigini öwrenýär. Şeýle-de ol ýygnakda nutuk bilen çykyş etmezden öň, aýnanyň öňünde taýýarlyk görýär (16-njy abzasa serediň).


MAKSADYŇA ÝETIP BILERSIŇ

17. a) Ýaşuly bolmak isleýän hyzmatçylar näme etse gowy bolar? b) Ýaşulular doganyň talaplara laýyk gelýändigini ýa-da gelmeýändigini barlanlarynda nämäni ýatda saklamaly? (« Ýaşulular, „öte dogruçyl bolmaň“» diýen çarçuwa serediň).

17 Ýygnakdaky hyzmatçy doganlaryň käbiri hiç haçan ýaşululardan edilýän talaplara laýyk gelip bilmerin diýip pikir edýärler. Ýöne şuny ýatdan çykarma: Ýehowa-da, guramasy hem şol talaplara kämil derejede laýyk gelmegiňe garaşmaýar (1 Pet. 2:21). Ýehowa saňa mukaddes ruhuny berip, ýaşululardan talap edilýän häsiýetleri ösdürmäge kömek eder (Flp. 2:13). Belki, sen haýsydyr bir häsiýetiňi gowulandyrmak isleýänsiň. Onda Ýehowa doga et, şol häsiýet hakda gözleg geçir we ýaşulularyň birinden maslahat sora.

18. Ýygnak hyzmatçylary nähili maksat goýmaly?

18 Şu makalada agzalan häsiýetleri ählimiz, şol sanda ýaşuly doganlaram ösdürmeli (Flp. 3:16). Sen ýygnak hyzmatçysymy? Onda dogan-uýalara has köp kömek etmek üçin maksat goý. Ýehowadan tälim alyp, ýygnakda has köp işleri edip biler ýaly ondan kömek sora (Işa. 64:8). Goý, Ýehowa seniň ýaşuly bolmak üçin edýän tagallaňa ak pata bersin!

101-NJI AÝDYM Agzybir bolalyň