Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Olar höwes bilen gulluk edýärler—Madagaskar

Olar höwes bilen gulluk edýärler—Madagaskar

«PIONERLERIŇ az ýerinde gulluk edýän joralarymdan wagyzda bolýan gyzykly wakalary eşidenimde, menem şeýle duýgulary başdan geçirmek isledim. Ýöne men muny başarmaryn öýdüp gorkýardym» diýip, 25 ýaşlaryndaky Silwiana gürrüň berýär.

Sizem özüňizi Silwiana ýaly duýýarsyňyzmy? Mümkin, sizem wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk etmek isleýänsiňiz, ýöne bu maksadyma ýetip bilermikäm diýip aladalanýansyňyz. Eger şeýle bolsa, onda ruhdan düşmäň! Ýehowanyň kömegi bilen müňlerçe dogan-uýalar dürli päsgelçilikleri ýeňip, muny başardylar. Ýehowanyň olara nädip kömek edendigini bilmek üçin, geliň, ýer ýüzünde ululygy boýunça dördünji ýerde durýan Madagaskar adasyna syýahat edeliň.

On ýyldan gowrak wagt bäri, 11 ýurtdan * bolan 70-denem köp yhlasly wagyzçylar we pionerler Afrikada, ýagny «hasylyň köp ýerinde» gulluk edýärler. Ol ýeriň ýaşaýjylarynyň köpüsi Mukaddes Ýazgylara hormat goýýarlar. Şeýle-de ençeme ýerli wagyzçylar Patyşalyk habaryny bütin ada ýaýratmak üçin elinde baryny edýärler. Geliň, olaryň käbiri bilen tanyş bolalyň.

GORKYNY WE GÖWNÜÇÖKGÜNLIGI ÝEŇÝÄRIS

Perine bilen Lui

30 ýaşlaryndaky Lui bilen Perine atly är-aýal Madagaskara Fransiýadan göçüp geldiler. Olar daşary ýurtda gulluk etmek barada birnäçe ýyllap oýlanýardylar. Ýöne Perine göçmäge ýaýdanýardy. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men nätanyş ýurda gitmäge gorkýardym. Ýakynlarymy, ýygnagymy, öýümi, ähli tanyş we öwrenişen zatlarymy goýup gitmäge aladalanýardym. Bu zatlar maňa göçmäge uly böwet bolýardy». 2012-nji ýylda Perine ahyry ýoldaşy bilen daşary ýurda göçmegi ýüregine düwýär. Ol gelen kararyna ökünýärmi? Perine şeýle diýýär: «Yzyma ser salyp, Ýehowanyň meni goldandygyna göz ýetirýärin. Bu meniň imanymy has-da berkitdi». Ýoldaşy Lui bolsa: «Biz Madagaskarda ilkinji sapar Ýatlama agşamyny geçirenimizde, okuw geçýän 10 sany gyzyklanýanymyz geldi!» diýýär.

Kynçylyk dörände, Lui bilen Perinä gullugyny dowam etmäge näme kömek etdikä? Olar Ýehowa dogada ýalbaryp, çydamly bolup biler ýaly, güýç soraýardylar (Flp. 4:13). Lui şeýle ýatlaýar: «Ýehowa dogalarymyza jogap berdi we biz onuň „parahatlygyny“ duýduk. Şeýdip, biz ünsümizi gullukda alýan şatlygymyza gönükdirip bildik. Dost-ýarlarymyzyň ýazan ruhlandyryjy hatlary we sms habarlary hem ruhdan düşmezlige kömek etdi» (Flp. 4:6, 7; 2 Kor. 4:7).

Ýehowa Lui bilen Perinäniň çydamlylygyny bolluk bilen sylaglady. Lui şeýle gürrüň berýär: «2014-nji ýylyň oktýabr aýynda bizi Fransiýa „Mesihçi är-aýallar üçin mekdepde“ * okamaga çagyrdylar. Bu Ýehowanyň bize beren ýatdan çykmajak sowgady boldy». Mekdebi tamamlanlaryndan soň, olary ýene-de Madagaskarda gulluk etmäge belleýärler.

«BIZ SIZE BUÝSANARYS»

Nadine we Didier

50 ýaşlaryndaky Didier bilen Nadine atly är-aýal 2010-njy ýylda Fransiýadan Madagaskara göçýär. Didier şeýle ýatlaýar: «Biz ýaş wagtymyz pioner bolup gulluk edipdik. Soňra üç çagamyzy ösdürip-ýetişdirdik. Olar ulalanda, biz daşary ýurtda gulluk etmek barada oýlanyp başladyk». Nadine bolsa şeýle diýýär: «Çagalarymdan aýra düşmek baradaky pikir elim-aýagymy baglaýardy. Emma olar bize: „Eger siz daşary ýurda wagyzçylaryň ýetmeýän ýerine göçseňiz, biz size buýsanarys!“ diýdiler. Olaryň sözleri bizi göçmäge höweslendirdi. Häzir biz çagalarymyzdan uzakda ýaşasak-da, olar bilen telefon ýa-da Internet arkaly ýygy-ýygydan habarlaşyp bilýändigimize gaty begenýäris».

Didier bilen Nadinä malagasi dilini öwrenmek başda kyn boldy. Nadine ýylgyryp: «Dili çalt öwrenip biler ýaly, biz indi ýaş däl-ä» diýýär. Olara näme kömek etdikä? Başda olar fransuz dilindäki ýygnaga barýardylar. Soňra ýerli halkyň dilini biraz öwrenensoň, malagasi dilindäki ýygnaga geçýärler. Nadine şeýle gürrüň berýär: «Wagyz edýän adamlarymyzyň köpüsi Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmegi gowy görýärler. Köplenç olar ideg edendigimiz üçin, bize sagbolsun aýdýarlar. Başda men öz gözüme ynanyp bilmeýärdim. Men bu ýerde gulluk etmegi gowy görýärin. Irden turanymda, öz-özüme: „Gowudygyny, bu gün ýene-de wagza giderin!“ diýýärin».

Didier malagasi dilini öwrenip başlan wagtlaryny ýatlanda, ýylgyryp, şeýle diýýär: «Men ýygnak duşuşyklaryny geçirýärdim. Ýöne dogan-uýalaryň berýän jogaplarynyň birine-de düşünmeýärdim. Meniň „sagbol“ diýmekden başga bilýän zadym ýokdy. Bir gezek uýa beren jogaby üçin sagbolsun aýdanymda, onuň yzynda oturanlar nädogry jogap berendigini maňa yşarat edip görkezdiler. Şonda men dogry jogap berjek dogandan soradym. Has dogrusy, ol dogry jogap berendir öýdýärin».

OL ÇAKYLYGY HÖWES BILEN KABUL ETDI

Terri bilen aýaly Nadýa 2005-nji ýylda geçirilen kongrese baranda, «Hudaýy şöhratlandyrýan maksatlara ymtylyň» diýen dramany görýärler. Timoteos hakda gürrüň berilýän bu drama olaryň ýüregine täsir edip, Patyşalygyň wagyzçylarynyň ýetmeýän ýerinde gulluk etmäge höwes döredýär. Terri şeýle gürrüň berýär: «Drama gutaransoň, hemmämiz el çarpyp durkak, men aýalyma seredip: „Biz nirä gideris?“ diýip soradym. Şonda ol hem bu barada pikir edýändigini aýtdy». Biraz wagtdan olar goýan maksadyna ýetmek üçin belli bir ädimleri ädip başlaýarlar. Nadýa şeýle ýatlaýar: «Goş-golamlarymyz tä dört çemedana ýerleşýänçä, olary azaltdyk!»

Çepden saga: Nadýa, Meri-Madlen we Terri

Olar Madagaskara 2006-njy ýylda göçüp, ol ýerde gulluk edip başlaýarlar. Nadýa: «Bu ýerdäki adamlaryň hoş habara seslenişini görüp, biz köp şatlyk alýarys» diýýär.

Alty ýyldan soň, olar bir kynçylyga uçraýarlar. Nadýanyň ejesi Meri-Madlen ýykylyp, elini döwdürýär we kellesine zeper ýetýär. Olar Fransiýa baryp, ejesini lukmana görkezýärler. Soňra ejesine Madagaskarda ýaşamagy teklip edýärler. Ejesi 80 ýaşynda bolsa-da, çagalarynyň teklibini höwes bilen kabul edýär. Ol daşary ýurda gidendigine ökünýärmikä? Meri-Madlen şeýle diýýär: «Elbetde, täze şertlere öwrenişmek aňsat däl. Ýöne mümkinçiligim çäkli bolsa-da, ýygnakda özümi gerekli duýýaryn. Iň begendirýän zat bolsa, çagalarym hasylyň bol ýerinde gulluk etmek mümkinçiliginden peýdalanyp bilýärler».

«MEN ÝEHOWANYŇ ELINI GÖRDÜM»

Rian tandroý dilinde çykyş edýär

Ýaňy 20 ýaşlaryndan geçen doganymyz Rian Madagaskaryň gündogarynda ýerleşýän mes toprakly Alaotra-Mangora welaýatynda önüp-ösýär. Ol mekdepde gowy okaýandygy üçin ýokary bilim almak isleýärdi. Emma Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlansoň, ol pikirini üýtgedýär. Rian şeýle ýatlaýar: «Men orta mekdebi tamamlap, Ýehowa: „Eger men soňky synagdan geçsem, pioner gullugyna başlaryn“ diýip söz berdim». Rian okuwyny gutaransoň, beren sözünde durýar. Ol pioner bolup gulluk edýän bir doganyň ýanyna göçýär we ýarym günlük iş tapyp, pioner gullugyna başlaýar. Rian: «Bu meniň gelen kararlarymyň iň gowusydy» diýýär.

 

Emma dogan-garyndaşlary Rianyň gelen kararyny makullamadylar. Olar onuň ýokary bilim almagyny isleýärdiler. Rian şeýle gürrüň berýär: «Kakam, daýym we enem dagylar ýokary okuw jaýyna girmäge yrjak bolýardylar. Emma men pioner gullugyny goýmak islemeýärdim». Soňra Rian wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk etmek isleýär. Onda şeýle islegiň döremegine näme sebäp bolduka? Rian şeýle ýatlaýar: «Öýümize ogrular girip, meniň köp zatlarymy alyp gitdiler. Bu waka meni Isanyň «gökde hazyna ýygnaň» diýen sözleriniň üstünde oýlanmaga höweslendirdi. Şonda men ruhy taýdan baýamak üçin zähmet çekmegi ýüregime düwdüm» (Mat. 6:19, 20). Ol ýurduň iň günorta tarapyna, ýagny 1 müň 300 km uzaklykda ýerleşýän gurak ýere göçýär. Ol ýerde antandroý milletinden bolan adamlar ýaşaýardy. Eýsem, Rian näme üçin ol ýere göçdükä?

Öýüne ogrular girmezden bir aý öň, Rian antandroý milletinden bolan iki adam bilen okuw geçipdi. Ol şol dilde birnäçe sözleri öwrenip, antandroý milletinden bolan adamlar hakda oýlanyp başlaýar. Sebäbi Patyşalyk habary ol ýere baryp ýetmändi. Rian: «Men Ýehowa doga edip, tandroý dilinde gepleýän adamlaryň ýaşaýan ýerine göçmek üçin kömek soradym».

Rian ol ýere baran badyna kynçylyga duş gelýär. Ol işsiz kösenýärdi. Bir adam oňa: «Adamlar-a iş gözläp, seniň ýaşaýan ýeriňe gidýärler. Sen bu ýere näme üçin geldiň?» diýýär. Dogrudanam, onuň kör-köpügi ýokdy. Emma şondan iki hepde geçensoň, Rian welaýat kongresine barýar. Kongresiň soňky gününde bir dogan Rianyň ýanyna baryp, jübüsine bir zatlar salýar. Onuň beren puly Riana Antandroýa dolanmaga we gatyk (ýogurt) satyp, gün-güzeranyny görmäge mümkinçilik döredýär. Rian şeýle diýýär: «Şonda men Ýehowanyň elini gördüm. Bu maňa Ýehowa hakda eşitmedik adamlara kömek etmäge ýol açdy!» Ol ýerdäki ýygnakda edilmeli işler hem köpdi. Rian şeýle ýatlaýar: «Meni her hepde jemagat nutugy bilen çykyş etmäge bellediler. Ýehowa öz guramasy arkaly maňa tälim berýärdi». Häzir Rian Ýehowa barada bilmek isleýän tandroý dilinde gepleýän köp adamlara Patyşalyk habaryny wagyz etmegini dowam edýär.

«NIÝETLERIŇ AMALA AŞAR»

Ýehowa bizi: «Işleriňi Rebbe tabşyr, niýetleriň amala aşar» diýip ynandyrýar (Sül. tym. 16:3). Biz kynçylyklary ýeňip, köpräk gulluk etmek üçin jan etsek, Ýehowanyň patasyny alarys. Geliň, muny makalanyň başynda agzalan Silwiananyň mysalyndan göreliň. Ýadyňyzda bolsa, ol wagyzçylaryň az ýerinde gulluk etmegi başarmaryn öýdýärdi. Näme üçin? Ol şeýle düşündirýär: «Meniň çep aýagym sag aýagymdan 9 sm gysga. Şonuň üçin men agsaklap ýöreýärin we çalt ýadaýaryn».

Silwiana (çepde) we Silwiýa Enn (sagda) Dorati bilen; onuň suwa çümdürilen güni

Muňa garamazdan, Silwiana 2014-nji ýylda ýygnagyndaky Silwiýa Enn atly ýaş pioner uýa bilen ýaşaýan şäherinden 85 km uzaklykda ýerleşýän oba göçýärler. Kynçylyklara garamazdan, Silwiana arzuwyna ýetýär we Hudaýyň patasyny alýar. Ol şeýle diýýär: «Men täze bellenen ýerimde Dorati atly bir aýal bilen okuw geçip başladym. Bir ýyldan ol etrap kongresinde suwa çümdürildi».

«MEN (SAŇA) ÝARDAM EDERIN»

Ýokarda agzalan dogan-uýalaryň mysalyndan görnüşi ýaly, biz köpräk wagyz etmek üçin kynçylyklary ýeňmäge jan edenimizde, Ýehowanyň şu wadasynyň hakykatdygyna öz durmuşymyzda göz ýetirýäris: «Men size güýç bererin, ýardam ederin, sadyk sag golum bilen söýget bererin» (Iş. 41:10). Netijede, Ýehowa bilen dostlugymyz has-da berkär. Şeýle-de öz ýaşaýan ýerimizde ýa-da daşary ýurtda höwes bilen gulluk etmäge taýyn bolsak, özümizi Täze dünýäde edilmeli ruhy işlere taýýarlarys. Ýokarda agzalan Didier bu babatda şeýle diýýär: «Wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk etmek—gelejek üçin gowy taýýarlyk!» Goý, gelejege şeýdip taýýarlyk görýän janaýamaz wagyzçylaryň sany has-da köpelsin!

^ abzas 4 Wagyzçylar Kanadadan, Çehiýa Respublikasyndan, Fransiýadan, Germaniýadan, Gwadelupadan, Lýuksemburgdan, Täze Kaledoniýadan, Şwesiýadan, Şweýsariýadan, Angliýadan we ABŞ-dan geldiler.

^ abzas 8 Häzir oňa «Hoş habarçylar mekdebi» diýilýär. Bu mekdepde öz ýurdunda ýa-da daşary ýurtda gulluk edýän uzak wagtly gullukçylar ene dilinde, ýa-da gowy bilýän dilinde okamaga çagyrylýar.