Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Siz Ýehowanyň tarapyndamy?

Siz Ýehowanyň tarapyndamy?

«Hudaýyňyz Rebden gorkuň, diňe Oňa gulluk ediň, Oňa bil baglaň» (Kan. tag. 10:20).

AÝDYMLAR: 106, 27

1, 2. a) Ýehowanyň tarapynda durmak näme üçin paýhasly? b) Biz şu makalada näme hakda gürrüň ederis?

BIZ Ýehowa doly wepaly bolmaly. Sebäbi ondan beýik, akyldar we bizi şeýle güýçli söýýän şahsyýet ýok. Eýsem, haýsy birimiz onuň tarapynda bolmak islemeýäris? (Zeb. 96:4—6). Gynansak-da, Hudaýyň käbir gullukçylary onuň tarapyny tutmadylar.

2 Biz şu makalada Ýehowanyň tarapyndadygyny aýdyp, aslynda, onuň ýigrenýän işlerini eden adamlar hakda gürrüň ederis. Bu mysallar arkaly biz Ýehowa doly wepaly bolmagyň wajypdygyny öwreneris.

ÝEHOWA ÝÜREKLERI GÖRÝÄR

3. Ýehowa näme üçin Kabyla kömek etjek boldy we oňa näme diýdi?

3 Geliň, Kabylyň mysalyna seredeliň. Ol Ýehowadan başga hudaýa sežde etmeýärdi. Muňa garamazdan, Hudaý onuň seždesini kabul etmedi. Sebäbi Kabyl ýüreginde erbetligiň kök urmagyna ýol berdi (1 Ýah. 3:12). Ýehowa onuň nädogry garaýşyny düzetmek üçin şeýle diýdi: «Eger sen dogry iş etseň, kabul edilmezmiň näme? Eger sen nädogry iş etseň, günä bosagada peýläp ýatandyr; günäniň seniň üstüňden höküm süresi geler. Ýöne sen günäniň üstünden agalyk etmelisiň!» (Gel. çyk. 4:6, 7). Aslynda, Ýehowa Kabyla: «Eger sen toba edip, maňa tarap öwrülseň, menem saňa tarap öwrülerin» diýen ýalydy.

4. Ýehowanyň tarapyny tutmaga mümkinçiligi bolanda Kabyl näme etdi?

4 Eger Kabyl nädogry garaýşyny düzeden bolsa, Ýehowanyň merhemetini gazanyp bilerdi. Emma ol maslahaty kabul etmedi. Ol nädogry pikiriniň we isleginiň täsirine düşüp, akylsyz hereket etdi (Ýak. 1:14, 15). Kabyl ýaş wagty Ýehowa garşy çykaryn diýip, asla pikirem eden däldir. Emma wagtyň geçmegi bilen, ol adamyň akylyna sygmajak zady edýär. Ol Hudaýa garşy pitne turuzýar we öz doganyny öldürýär.

5. Ýehowanyň merhemetini ýitirmegimize näme sebäp bolup biler?

5 Şu günler hem Kabyl ýaly käbir mesihçiler Ýehowa sežde etseler-de, ýalňyş ýola düşüp biler (Ýahd. 11). Meselem, kimdir biriniň ahlaksyz pikirlere ýol bermegi, açgözlük etmegi ýa-da imandaşyny ýigrenmegi mümkin (1 Ýah. 2:15—17; 3:15). Şeýle pikirler adamy günäli işlere iterip biler. Mümkin, mesihçi wagza ýa-da ýygnak duşuşyklaryna yhlasly gatnaşýandyr. Emma onuň pikirini we edýän işlerini hiç kim görmese-de, Ýehowa ähli zady görýär hem-de biziň oňa bütin ýürekden gulluk edýändigimizi ýa-da etmeýändigimizi gowy bilýär (Ýermeýa 17:9, 10-njy aýatlary okaň) *.

6. Ýehowa günäli höweslerimiziň üstünden ýeňiş gazanmaga nädip kömek edýär?

6 Ýehowa bizden derrew ýüz öwürmeýär. Adam Hudaýdan daşlaşdyrýan ädimleri ädip başlasa, Ýehowa oňa: «Maňa tarap öwrül, menem saňa tarap öwrülerin» diýýär (Mal. 3:7). Esasan-da, haýsydyr bir gowşak tarapymyz bilen göreşenimizde, Ýehowa biziň erbet işlerden gaça durmagymyzy isleýär (Iş. 55:7). Eger Hudaýa gulak assak, ol biziň tarapymyzda bolup, günäli höweslerimiziň üstünden «agalyk edip» biler ýaly, ruhy, duýgy we beden taýdan güýç berer (Gel. çyk. 4:7).

«ALDANMAŇ»

7. Süleýman Ýehowa bilen dostlugyny nädip ýitirdi?

7 Biz Süleýman patyşa bilen bolan wakadan hem köp zatlary öwrenip bileris. Ol ýaş wagty hemişe Ýehowadan görkezme agtarýardy. Hudaý oňa beýik akyldarlyk berýär we Iýerusalimdäki ajaýyp ybadathanany gurmak hormatyny ynanýar. Emma Süleýman Ýehowa bilen dostlugyny ýitirýär (1 Pat. 3:12; 11:1, 2). Hudaýyň Kanunyna görä, «patyşa özüne köp aýal... edinmeli» däldi. Sebäbi bu onuň «ýüreginiň Rebden dönmegine» getirip bilýärdi (Kan. tag. 17:17). Süleýman bu tabşyryga gulak asmady. Onuň 700 sany aýaly we 300 sany gyrnak aýaly bardy (1 Pat. 11:3). Üstesine-de, aýallarynyň köpüsi ysraýylly däldi we ýalan hudaýlara sežde edýärdi. Görşümiz ýaly, Süleýman Hudaýyň özge milletlerden aýal almazlyk barada beren kanunyna hem gulak asmady (Kan. tag. 7:3, 4).

8. Süleýman Ýehowany nädip gynandyrdy?

8 Süleýmanyň kem-kemden Ýehowanyň tabşyryklaryna bolan söýgüsiniň sowamagy ony erbet işleri etmäge iterdi. Ol Aştoret taňrysy üçin but ýasady we Kemoş taňrysy üçin gurbanlyk sypasyny gurdurdy. Şol ýerde ol aýallarynyň hudaýyna sežde etdi. Süleýman hatda Ýehowanyň ybadathanasynyň duran ýeri Iýerusalimiň edil öňündäki dagda ençeme seždegähleri gurdy (1 Pat. 11:5—8; 2 Pat. 23:13). Mümkin, ol ybadathanada Hudaýa gurbanlary getirmegini dowam edendigi üçin, Ýehowa onuň edýän erbet işlerine göz ýumar diýip, pikir edendir. Şeýdip, ol öz-özüni aldan bolmaly.

9. Süleýmanyň gulak asmazlygy nämä eltdi?

9 Ýehowa günäli işlere hiç haçan göz ýummaýar. Mukaddes Ýazgylarda: «Rebbiň Süleýmana gaty gahary geldi. Süleýman özüne iki gezek görnüp, başga hudaýlaryň yzyna eýerme diýip tabşyryk beren ysraýyl Hudaýy Rebbiň tabşyrygyny berjaý etmän, Ondan ýüz dönderdi» diýilýär. Netijede, Süleýman Hudaýyň goldawyndan we merhemetinden mahrum boldy. Mundan başga-da onuň nesli tutuş Ysraýylyň patyşasy bolmak hukugyny ýitirdi we olar köp ýyllaryň dowamynda agyr kynçylyklara duçar boldy (1 Pat. 11:9—13).

10. Ýehowa bilen dostlugymyza näme howp salyp biler?

10 Süleýman bilen bolan wakadan görnüşi ýaly, biz Ýehowanyň kada-kanunlaryny bilmeýän we olara hormat goýmaýan adam bilen dostlaşsak, özümize ruhy taýdan uly zyýan ýetirýäris. Mümkin, käbirleri ruhy taýdan gowşak dogan-uýalar bilen wagtyny köp geçirýändir. Başgalar bolsa Ýehowa sežde etmeýän dogan-garyndaşlary, goňşulary, işdeşleri ýa-da klasdaşlary bilen köp gatnaşýandyr. Nähili bolaýanda-da, Ýehowanyň ýokary kadalary boýunça ýaşamaýan adamlar bilen ýakyndan gatnaşsak, Hudaý bilen dostlugymyzy ýitirip bileris.

Gatnaşýan adamlaryňyz Ýehowa bilen dostlugyňyza nähili täsir edýär? (11-nji abzasa serediň)

11. Dostluk meselesinde paýhasly bolmaga näme kömek eder?

11 1 Korinfliler 15:33-i okaň. Köp adamlar mesihçiler ýygnagynyň agzasy bolmasa-da, gowy häsiýetleri bilen tanalýar we olaryň köpüsi hemişe erbet işleri etmeýär. Belki, sizem şeýle adamlary tanaýansyňyz. Ýöne olara gowy dost diýse bolarmy? Olar siziň Ýehowa bilen dostlugyňyza nähili täsir edýär? Hudaýa ýakynlaşmaga kömek edýärmi? Olar üçin näme wajyp? Meselem, olar köplenç soňky çykan eşikler, pul, telefon we beýleki elektron enjamlary ýa-da dynç almak ýaly zatlar hakda gürrüň edýärlermi? Başgalaryň gybatyny edýärmi ýa-da ýerliksiz degişmeleri aýdýarmy? Isa şeýle duýduryş berdi: «Adamyň ýüreginde näme bar bolsa, şony-da aýdýandyr» (Mat. 12:34). Eger şeýle gatnaşyk Ýehowa bilen gymmatly dostlugyňyza zyýan ýetirýän bolsa, onda haýal etmän, olar bilen gatnaşygyňyzy azaldyň, hatda gerek bolsa bes ediň (Sül. tym. 13:20).

ÝEHOWA ÖZÜNE DOLY WEPALYLYGY TALAP EDÝÄR

12. a) Ysraýyllylaryň Müsürden çykanyna biraz wagt geçensoň Ýehowa nämäni aýan etdi? b) Ysraýyl halky Ýehowanyň özüne doly wepaly bolmak baradaky çakylygyna nähili seslendi?

12 Biz ysraýyllylar bilen bolan wakadan hem köp zatlary öwrenip bileris. Müsür gulçulygyndan çykanyna biraz wagt geçensoň, halk Sinaý dagynyň öňünde ýygnanýar. Şonda Ýehowa täsin usul bilen olara özüni aýan edýär. Birdenkä, gara bulut peýda bolup, Ýehowanyň gudraty bilen «gök gürläp, ýyldyrym çakýar» we Sinaý dagyny tüsse gaplaýar. Şeýle-de surnaýyň sesi eşidilýär (Müs. çyk. 19:16—19). Soňra Ýehowa ysraýyllylara özüniň «gabanjaň Hudaýdygyny» aýdýar. Ol tabşyryklaryny saklaýan we ony söýýän adamlara sadyk söýgüsini görkezjekdigine ynandyrýar (Müsürden çykyş 20:1—6-njy aýatlary okaň) *. Aslynda, Ýehowa olara: «Eger siz maňa tarap öwrülseňiz, menem size tarap öwrülerin» diýen ýalydy. Ýehowanyň wepalylyk bilen beren şeýle wadasyna siz nähili seslenerdiňiz? Mümkin, ysraýyllylar ýaly sizem: «Biz Rebbiň aýdan ähli sözlerini ýerine ýetireris» diýerdiňiz (Müs. çyk. 24:3). Emma şondan biraz wagt geçende, ysraýyllylaryň Hudaýa wepalylygy synalýar.

13. Ysraýyllylaryň wepalylygy nädip synaldy?

13 Ysraýyllylar gök gürrüldisini eşidenlerinde, ýyldyrymyň çakyşyny we Hudaýyň başga-da täsin gudratlaryny görenlerinde, juda gorkdular. Şol sebäpli olar Musadan özleri üçin Sinaý dagynda Ýehowa bilen gepleşmegi haýyş etdiler (Müs. çyk. 20:18—21). Şondan soň Musa dagyň depesine çykýar we uzak wagtlap yzyna dolanmaýar. Eýsem, wepaly ýolbaşçysy gidensoň ysraýyllylar çölde ýeke galarmy? Olar Musany görüp durandyklary üçin Hudaýa iman eden bolmaly. Şonuň üçin olar howsala düşüp, Haruna: «Öňbaşçylyk eder ýaly, hany, bize bir hudaý ýasa, çünki bizi Müsürden çykaryp getiren Musa diýen adama näme bolanyny biz bilemizok» diýýärler (Müs. çyk. 32:1, 2).

14. Ysraýyllylar nähili nädogry pikire ýol berdiler we Ýehowa muňa nähili garady?

14 Halk butlara sežde etmegiň Ýehowa garşy agyr günädigini bilýärdi (Müs. çyk. 20:3—5). Emma olar şonda-da altyn gölä sežde edýärler. Şeýle akylsyz hereket edendiklerine garamazdan, ysraýyllylar özüni Ýehowanyň tarapynda hasaplaýardy. Hatda Harunam: «Ertir Rebbiň şanyna baýramçylyk ederis» diýýär. Ýöne Ýehowa muňa nähili garady? Ol özüne biwepalyk edilen ýaly duýdy. Şonuň üçin Ýehowa Musa pygambere: «Halk azgynçylyga ýüz urdy. Olar Meniň aýdan ýolumdan gaty çalt çykdylar» diýdi. Ýehowa hatda «gazap atyna atlanyp», tutuş ysraýyl halkyny ýok etjek boldy (Müs. çyk. 32:5—10).

15, 16. Musa bilen Harun Ýehowanyň tarapyndadygyny nädip görkezdi? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

15 Ýehowa rehimdar Hudaý bolandygy üçin ysraýyllylary ýok etmeýär. Gaýtam, wepaly gullukçylaryna öz tarapyna geçmäge mümkinçilik berýär (Müs. çyk. 32:14). Musa halkyň butuň öňünde gygyryşyp, aýdym aýdyp, tans edýändiklerini görende, altyn göläni çym-pytrak edýär. Soňra halka ýüzlenip: «Kimde-kim Rebbiň tarapynda bolsa meniň ýanyma gelsin!» diýýär. Şonda «ähli lewiler onuň daşyna üýşýär» (Müs. çyk. 32:17—20, 26).

16 Harun altyn göläni ýasasa-da, toba edýär we Ýehowanyň tarapyna geçen lewilere goşulýar. Emma olar ýöne bir Ýehowanyň tarapyna geçmän, eýsem, erbet iş edýänler bilen hem arasyny kesýärler. Bu paýhaslydy, sebäbi şol günüň özünde buta sežde edendikleri üçin müňlerçe adam heläk bolýar. Ýehowanyň tarapyna geçen adamlar bolsa bereket alýar (Müs. çyk. 32:27—29).

17. Biz Pawlusyň altyn göle barada aýdanlaryndan näme öwrenýäris?

17 Pawlus resul altyn göle baradaky wakany agzap, şeýle duýduryş berdi: «Bular bize sapak boldy. Olaryň käbiri ýaly butparaz bolmaň... Olaryň başyna inen zatlardan sapak edinmegimiz üçin, bular bize, ýagny şu zamanyň ahyryna garaşýanlara duýduryş hökmünde ýazylandyr. Şonuň üçin berk durandyryn diýip pikir edýän adam ýykylmagyndan seresap bolsun» (1 Kor. 10:6, 7, 11, 12). Pawlusyň aýdyşy ýaly, Hudaýyň wepaly gullukçylary hem erbet işlere baş goşup bilýär. Şeýle ýagdaýa düşen adam, hatda Ýehowa bilen dostlugy berk diýip pikir etmegi mümkin. Emma ýöne bir Ýehowanyň dosty bolmak islegi ýa-da oňa wepalydygyňy aýtmak Hudaýyň göwnünden turýandygyňy aňlatmaýar (1 Kor. 10:1—5).

18. Ýehowadan daşlaşmagymyza näme sebäp bolup biler we munuň netijesi nähili bolar?

18 Musanyň Sinaý dagynda eglenýändigini görenlerinde, ysraýyllylar howsala düşdüler. Şu günlerem mesihçiler Ýehowanyň höküm gününiň eglenýändigini we täze dünýäniň gelmeýändigini görüp, biynjalyk bolup biler. Şeýle pikirlere ýol bersek, Ýehowanyň wadalary gaty uzak ýa-da asla ýerine ýetmejek ýaly bolup görner. Biz hatda öz isleg-arzuwlarymyzy Ýehowanyň isleginden hem ileri tutmagymyz mümkin. Wagtyň geçmegi bilen, ruhy taýdan gowşap, Ýehowadan daşlaşarys we hiç haçan etmerin diýýän zatlarymyza baş goşup bileris.

19. Biz nämäni unutmaly däl we näme üçin?

19 Geliň, Ýehowanyň özüne ýürekden gulluk edip, doly wepaly bolmagymyzy isleýändigini unutmalyň (Müs. çyk. 20:5). Ýehowadan daşlaşdyrýan islendik zadyň Şeýtanyň islegidigini we munuň diňe erbetlige eltýändigini ýatdan çykarmalyň. Pawlus resul: «Siz hem Ýehowanyň käsesinden, hem jynlaryň käsesinden içip bilmersiňiz; hem „Ýehowanyň saçagyndan“, hem jynlaryň saçagyndan iýip bilmersiňiz» diýip ýatlatdy (1 Kor. 10:21).

ÝEHOWANYŇ ELINDEN GAÝYM TUTUŇ!

20. Hatda ýalňyş ädim ädenimizde hem Ýehowa bize nädip kömek edýär?

20 Mukaddes Ýazgylarda agzalýan Kabyl, Süleýman we Sinaý dagynda ysraýyllylar bilen bolan wakalar biziň üçin gowy ýatlatma bolup durýar. Olaryň ählisiniň «toba edip... ýaşaýşyny üýtgetmäge» mümkinçiligi bardy (Res. iş. 3:19). Ýehowa ýalňyş ýola düşen adamdan derrew ýüz öwürmeýär. Meselem, ol Haruny toba edendigi üçin bagyşlady. Şu günlerem Mukaddes Ýazgylardaky we edebiýatlarymyzdaky wakalar ýa-da dogan-uýalarymyz arkaly Ýehowa bize duýduryş berýär. Eger Ýehowanyň duýduryşlaryna gulak assak, onuň bize rehim etjekdigine ynamly bolup bileris.

21. Ýehowa wepalylygymyz synalanda biz näme etmegi ýüregimize düwmeli?

21 Biz Ýehowanyň merhemetine sowuk-sala garamaly däl (2 Kor. 6:1). Bu merhemet bize «Hudaýyň islegine garşy gelýän zatlardan we dünýäniň höweslerinden ýüz öwürmäge» kömek edýär (Titus 2:11—14-nji aýatlary okaň). Şu soňky günlerde biziň Ýehowa bolan wepalylygymyz dürli ýollar bilen synalyp biler. Şonuň üçin, geliň, hemişe onuň tarapynda durmagy berk ýüregimize düweliň! Şeýle-de «Hudaýymyz Rebden gorkup, diňe Oňa gulluk edeliň» we onuň elinden gaýym tutalyň! (Kan. tag. 10:20).

^ abzas 5 Ýermeýa 17:9 Ynsan ýüregi ähli zatdan hilegärdir, halys ýoldan çykandyr. Oňa kim düşünip biler? 10 Men Reb her ynsana tutan ýoluna, eden işlerine görä jeza bermek üçin, ynsanyň ýüregini barlaýaryn, pikirlerini synaýaryn.

^ abzas 12 Müsürden çykyş 20:1 Onsoň Hudaý şeýle diýdi: 2 «Seniň gul bolup ýaşan ýurduň Müsürden alyp çykan Hudaýyň Reb Mendirin. 3 Seniň Menden başga hudaýlaryň bolmasyn. 4 Özüň üçin ýokarda gökde, aşakda ýerde ýa-da ýerasty suwlarda ýaşaýan zatlaryň hiç birine meňzeş şekilde but ýasama. 5 Sen olara tagzym etme ýa-da olara gulluk etme, çünki Men Hudaýyň Reb gabanjaň Hudaýdyryn. Meni ýigrenýän atalaryň etmişiniň jezasyny olaryň çagalarynyň üçünji we dördünji arkasyna çekdirerin. 6 Emma kim Meni söýüp, buýruklarymy ýerine ýetirse, onuň müňlerçe nesline sadyk söýgimi görkezerin».