Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Töleg gurbany Atamyzyň beren «kämil sowgady»

Töleg gurbany Atamyzyň beren «kämil sowgady»

«Her bir gowy we kämil sowgat... Atamyzdan inýändir». ÝAK. 1:17

AÝDYMLAR: 148, 5

1. Töleg gurbany arkaly biz nähili bereketleri alyp bileris?

ISA MESIHIŇ töleg gurbany ençeme bereketlere ýol açdy. Ol arkaly Adam atanyň dogrulygy söýýän ähli çagalary Hudaýyň maşgalasynyň agzasy bolup bilýär. Şeýle-de ol ebedi we bagtly ýaşaýşa ýol açýar. Emma Mesihiň töleg gurbany arkaly Hudaýa gulak asýan adamlar başga-da bereketlere eýe bolarlar. Isa Ýehowanyň höküm sürmäge haklydygy baradaky jedelli meselä jogap bermek üçin janyny gurban bermäge taýyndy (Ýew. 1:8, 9).

2. a) Isanyň nusgalyk dogasynda nähili wajyp zatlar agzalýar? (Makalanyň başyndaky surata serediň). b) Şu makalada nämä serederis?

2 Isa janyny gurban bermezinden iki ýyl öň şägirtlerine şeýle doga etmegi öwretdi: «Eý gökdäki Atamyz, goý, seniň adyň mukaddes bolsun. Patyşalygyň gelsin. Gökde bolşy ýaly, ýerde-de seniň islegiň amala aşsyn» (Mat. 6:9, 10). Geliň, Hudaýyň adynyň şöhratlanmagy, onuň Patyşalygynyň höküm sürmegi we isleginiň amala aşmagy bilen Isanyň ölüminiň nähili baglanyşygynyň bardygyna seredeliň. Bu bize töleg gurbanyna minnetdarlygymyzy artdyrmaga kömek eder.

«ADYŇ MUKADDES BOLSUN»

3. Ýehowanyň ady nämäni öz içine alýar we Şeýtan onuň mukaddes adyna nädip töhmet atdy?

3 Isa nusgalyk dogasynda ilki Hudaýyň adynyň şöhratlanmagy barada dileg etdi. Ýehowanyň ady diýlende, onuň ajaýyp häsiýetleri, beýikligi we mukaddesligi göz öňünde tutulýar. Isa başga bir gezek Ýehowa doga edende, oňa: «Mukaddes Atam» diýip ýüzlendi (Ýah. 17:11). Ýehowa mukaddes Hudaý, şol sebäpli onuň ähli prinsipleri we kanunlary kämildir. Muňa garamazdan, Şeýtan mekirlige ýüz urup, Erem bagynda Hudaýyň adamzat üçin beren adyl kadalaryny şübhä goýdy. Şeýdip, ol Ýehowa hakda ýalan sözläp, onuň mukaddes adyna töhmet atdy (Gel. çyk. 3:1—5).

4. Isa Hudaýyň adynyň mukaddes bolmagy üçin näme etdi?

4 Şeýtandan tapawutlylykda, Isa Ýehowanyň adyny ýürekden söýýär (Ýah. 17:25, 26). Ol Hudaýyň adynyň mukaddes bolmagy üçin gaty köp zat etdi (Zebur 40:8—10-njy aýatlary okaň). Isa ýer ýüzünde ýaşanda, Ýehowanyň adamlara beren kadalarynyň paýhaslydygyny we dogrudygyny subut etdi. Şeýtan ony jebirli ölüme sezewar etse-de, ol gökdäki Atasyna doly wepaly galdy. Şeýdip, Isa kämil adamyň Hudaýyň dogry kadalaryna doly eýerip biljekdigini görkezdi.

5. Biz Ýehowanyň adyny nädip şöhratlandyryp bileris?

5 Ýehowanyň adyny söýýändigimizi biz nädip görkezip bileris? Edim-gylymymyz bilen. Ýehowa biziň mukaddes bolmagymyzy isleýär (1 Petrus 1:15, 16-njy aýatlary okaň). Munuň üçin diňe Ýehowa sežde etmeli we oňa ýürekden tabyn bolmaly. Yzarlamalarda-da Ýehowanyň adyl prinsiplerine, kanunlaryna eýermek üçin elimizde baryny etmeli. Dogry işleri etsek, edim-gylymymyz bilen Ýehowanyň adyna şöhrat getireris (Mat. 5:14—16). Özümizi mukaddes halk hökmünde alyp barsak, Ýehowanyň kanunlarynyň peýdalydygyny, Şeýtanyň bolsa barypýatan ýalançydygyny subut ederis. Eger ýalňyşlyk goýbersek, geliň, ýürekden toba edeliň we Ýehowanyň ýigrenýän işlerinden gaça duralyň (Zeb. 79:9).

6. Bikämil bolsak-da, Ýehowa näme üçin bizi dogry adam hasaplaýar?

6 Ýehowa Isanyň töleg gurbany esasynda iman edýän adamlaryň günälerini bagyşlaýar. Özüni Hudaýa bagyş eden adam onuň gullukçysy bolmak hormatyna eýe bolýar. Ýehowa mesh edilen mesihçileri ogullary, «başga goýunlary» bolsa dostlary hasaplaýar (Ýah. 10:16; Rim. 5:1, 2; Ýak. 2:21—25). Hawa, töleg gurbany bize Atamyzyň gözünde dogry adam bolup, onuň adyny şöhratlandyrmaga mümkinçilik berýär.

«PATYŞALYGYŇ GELSIN»

7. Töleg gurbany arkaly Patyşalygyň hökümdarlygy astynda nähili bereketleri alarys?

7 Isa nusgalyk dogasynda Hudaýa: «Patyşalygyň gelsin» diýip ýalbardy. Töleg gurbanynyň Hudaýyň Patyşalygy bilen nähili baglanyşygy bar? Ol arkaly 144 müň mesh edilen mesihçiler gökde Mesih bilen bile patyşalar we ruhanylar bolup gulluk ederler (Ylh. 5:9, 10; 14:1). Olaryň ählisi göge ýygnananda, müň ýylyň dowamynda töleg gurbanyny gulak asýan adamlaryň peýdasy üçin ulanarlar. Ýer ýüzi Jennete öwrüler, wepaly adamlaryň bary kämillige ýeter, Hudaýyň gökdäki we ýerdäki maşgalasy agzybir ýaşar (Ylh. 5:13; 20:6). Isa «ýylanyň» kellesini owradyp, onuň turzan pitnesiniň ähli zyýanyny süpürip aýrar (Gel. çyk. 3:15).

8. a) Isa şägirtlerine Hudaýyň Patyşalygynyň wajyp orun tutýandygyny nädip görkezdi? b) Biz Patyşalygy goldaýandygymyzy nädip görkezýäris?

8 Isa ýer ýüzünde ýaşanda, şägirtlerine Hudaýyň Patyşalygynyň wajyp orun tutýandygyny görkezdi. Suwa çümdürilenden soň, ol ähli ýerde «Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary» wagyz edip başlady (Luka 4:43). Göge dolanmazdan öň, ol şägirtlerine özi barada «bütin ýer ýüzünde» şaýatlyk etmegi tabşyrdy (Res. iş. 1:6—8). Wagyz işi arkaly bütin dünýäde ýaşaýan adamlara töleg gurbany hakda bilmäge we Hudaýyň Patyşalygynyň raýaty bolmaga mümkinçilik berilýär. Biz Mesihiň ýer ýüzündäki doganlaryna hoş habary wagyz etmäge kömek edip, Patyşalygy goldaýandygymyzy görkezýäris (Mat. 24:14; 25:40).

«SENIŇ ISLEGIŇ AMALA AŞSYN»

9. Ýehowanyň adamzat babatdaky niýetini ýerine ýetirjekdigine näme üçin ynamly bolup bileris?

9 Isa: «Seniň islegiň amala aşsyn» diýende nämäni göz öňünde tutdy? Ýehowa Ýaradyjy. Ol birwagt beren sözüni hökman ýerine ýetirer (Iş. 55:11). Şeýtanyň turzan pitnesi Ýehowanyň adamzat babatdaky niýetiniň amala aşmagyna päsgel berip bilmez. Hudaýyň ilkibaşdaky niýetine görä, ýer ýüzi Adam ata bilen How enäniň kämil çagalaryndan dolmalydy (Gel. çyk. 1:28). Eger ilkinji ynsan maşgalasy nesil galdyrman ölen bolsalar, Hudaýyň ýer ýüzüni olaryň çagalaryndan doldurmak baradaky niýeti amala aşmazdy. Şonuň üçin Adam ata bilen How ene günä etse-de, Ýehowa olaryň çagalarynyň bolmagyna ýol berdi. Töleg gurbany arkaly bolsa ol iman edýän ähli adamlara kämillige ýetip, ebedi ýaşamaga mümkinçilik berýär. Ýehowa adamlary söýýär, şol sebäpli gulak asýan adamlar onuň isleýşi ýaly ýer ýüzünde ýaşar.

10. Töleg gurbany ölen adamlara nähili peýda berer?

10 Ýehowany tanamaga we oňa gulluk etmäge mümkinçiligi bolman ölüp giden milliardlarça adamlar barada näme diýse bolar? Töleg gurbany arkaly olaram direler. Söýgüden doly gökdäki Atamyz olara niýeti barada öwrenmäge hem-de ebedi ýaşamaga mümkinçilik berer (Res. iş. 24:15). Ýehowa adamlaryň ölmegini däl-de, ýaşamagyny isleýär. Ýaşaýşyň Gözbaşy bolandygy üçin, ol ähli direlen adamlaryň Atasy bolar (Zeb. 36:9). Ine, şonuň üçinem Isa bize: «Eý gökdäki Atamyz» diýip, doga etmegi öwretdi (Mat. 6:9). Ýehowa bu wajyp işi, ýagny ölüleri direltmegi Isa tabşyrdy (Ýah. 6:40, 44). Jennetde ol: «Adamlary direldýän we olara ýaşaýyş berýän mendirin» diýen sözlerini amala aşyrar (Ýah. 11:25).

11. Hudaýyň «uly märeke» babatda nähili islegi bar?

11 Ýehowa jomart Hudaý, ol diňe käbir adamlara hormat bildirmez. Isa: «Kim Hudaýyň islegini berjaý edýän bolsa, şol meniň doganym, uýam hem ejemdir» diýdi (Mar. 3:35). Hudaý ähli milletden, taýpadan we dilden bolan «uly märekäniň» öz gullukçylarynyň hataryna goşulmagyny isleýär. Mesihiň töleg gurbanyna iman etsek hem-de Hudaýyň islegini ýerine ýetirsek, «biz tagtda oturan Hudaýa we Guza halas bolandygymyz üçin minnetdardyrys» diýjek adamlaryň arasynda bolarys (Ylh. 7:9, 10).

12. Nusgalyk dogada Ýehowanyň adamzat babatdaky niýeti nädip görkezilýär?

12 Isanyň nusgalyk dogasyndan Ýehowanyň gulak asýan adamlar babatdaky niýetini görse bolýar. Biz Ýehowanyň adynyň mukaddes bolmagy üçin elimizde baryny etsek, şol doga görä hereket etmek isleýändigimizi görkezeris (Iş. 8:13). Isanyň ady «Ýehowa Halasgär» diýmegi aňladýar. Biz halas bolanymyzda, Ýehowanyň ady hormata we şöhrata beslener. Hudaýyň Patyşalygynda töleg gurbany gulak asýan adamlaryň peýdasy üçin ulanylar. Dogrudan-da, nusgalyk dogadaky sözler Hudaýyň isleginiň amala aşmagyna hiç zadyň päsgel bermejekdigine ynandyrýar (Zeb. 135:6; Iş. 46:9, 10).

TÖLEG GURBANYNA MINNETDAR BOLUŇ

13. Biz suwa çümdürilmek bilen nämäni görkezýäris?

13 Töleg gurbanyna minnetdar bolmak üçin, oňa iman edip, özüňi Ýehowa bagyş etmeli we suwa çümdürilmeli. Suwa çümdürilip, «biz Ýehowanyňky» bolýarys (Rim. 14:8). Bu Hudaýdan päk ynsaby dilemegi aňladýar (1 Pet. 3:21). Ýehowa Mesihiň döken gany arkaly bizi tämizläp, päk ynsap baradaky dilegimize jogap berýär. Bu bizi Ýehowanyň ähli wadalaryny berjaý etjekdigine doly ynandyrýar (Rim. 8:32).

Biz töleg gurbanyna minnetdarlygymyzy nädip görkezip bileris? (13, 14-nji abzaslara serediň)

14. Biz näme üçin ýakynymyzy söýmeli?

14 Töleg gurbanyna minnetdarlygymyzy ýene nädip görkezip bileris? Ýehowanyň ähli işlerinde söýgüsi görünýär, şol sebäpli ol biziňem bir-birimizi söýmegimizi isleýär (1 Ýah. 4:8—11). Biz ýakynymyzy söýüp, «gökdäki Atamyzyň perzentleri» bolmak isleýändigimizi görkezýäris (Mat. 5:43—48). Sebäbi bize ilki Ýehowany, soňra ýakynyňy söýmeli diýen tabşyryk berildi (Mat. 22:37—40). Esasan-da, Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary wagyz etmeli diýen tabşyryga gulak asyp, biz ýakynymyzy söýýändigimizi görkezip bileris. Biz imandaşlarymyzy söýüp, Hudaýa şöhrat getirýäris. Dogrudan-da, adamlary, esasan-da, dogan-uýalary söýsek, Hudaýyň söýgüsi «bizde kämilleşer» (1 Ýah. 4:12, 20).

ÝEHOWA TÖLEG GURBANY ARKALY «RAHATLYK BERÝÄR»

15. a) Ýehowa bize nähili bereketleri berýär? b) Gelejekde nähili bereketleri alarys?

15 Biz töleg gurbanyna iman etsek, günälerimiz bagyşlanar. Muňa Hudaýyň Sözi güwä geçýär (Resullaryň işleri 3:19—21-nji aýatlary okaň). Ýokarda agzalyşy ýaly, Ýehowa töleg gurbany arkaly mesh edilen mesihçileri ogullyga aldy (Rim. 8:15—17). Ol «başga goýunlary» hem ogullyga almak isleýär. Munuň üçin ol, göçme manyda aýdanyňda, gerekli resminamany taýýarlady. Kämillige ýetip, iň soňky synagdan geçenlerinde, Ýehowa şol «resminama» gol çekip, olary höwes bilen ogullyga alar (Rim. 8:20, 21; Ylh. 20:7—9). Ýehowa ýer ýüzündäki çagalaryny ebedilik söýer. Töleg gurbanynyň peýdasy baky dowam eder (Ýew. 9:12). Bu sowgadyň gymmaty hiç haçan gaçmaz. Ony bizden hiç bir ynsan ýa-da güýç alyp bilmez.

16. Töleg gurbany bizi nämeden azat edýär?

16 Günälerine toba edýän adamlaryň Ýehowanyň maşgalasynyň agzasy bolmagyna Iblis päsgel berip bilmez. Isa ýer ýüzüne gelip, janyny «bir gezekde hemişelik» gurban etdi. Diýmek, ol tölegi wagtlaýyn däl-de, hemişelik töledi (Ýew. 9:24—26). Isanyň töleg gurbany Adam atadan miras galan günäni doly ýuwýar. Mesihiň töleg gurbany arkaly biz Şeýtanyň dünýäsiniň gulçulygyndan we ölüm gorkusyndan azat bolýarys (Ýew. 2:14, 15).

17. Ýehowanyň söýgüsi sizi näme etmäge höweslendirýär?

17 Hudaýyň wadalary hökman ýerine ýeter. Tebigatdaky kanunlaryň üýtgemeýşi ýaly, Ýehowa-da beren sözünden dänmez. Ol hiç haçan üýtgemeýär (Mal. 3:6). Ýehowa bize ýaşaýyşdan hem gymmatly sowgady berdi. Biz «Hudaýyň... söýýändigini bildik we muňa ynanýarys. Hudaý söýgüdir» (1 Ýah. 4:16). Bütin ýer ýüzi Jennete öwrüler we her bir adam Hudaýyň söýşi ýaly söýmegi öwrener. Geliň, bizem Hudaýyň gökdäki wepaly gullukçylaryna goşulyp: «Goý, şöhrat, alkyş, akyldarlyk, minnetdarlyk, hormat, güýç-kuwwat baky hem ebedi Hudaýymyzyňky bolsun. Omyn» diýeliň! (Ylh. 7:12).