Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Sabyrlylyk çydamly bolmaga kömek edýär

Sabyrlylyk çydamly bolmaga kömek edýär

BIZ «soňky günlerde» ýaşaýarys. Şol sebäpli dünýäniň ýagdaýy gitdigiçe erbetleşýär (2 Tim. 3:1—5). Mundan başga-da biz özüni söýýän, eglişik etmeýän we özüne erk etmeýän adamlaryň arasynda ýaşaýarys. Şeýle häsiýetleri görkezýän adamlar asla sabyrly bolmak islemeýärler. Şonuň üçin Ýehowanyň gullukçylaryna hasam sabyrlylyk gerek bolýar. Her bir mesihçi şu soraglar barada oýlanmaly: «Dünýäniň özüňi bilmeklik ruhy maňa täsir edýärmi? Sabyrly bolmak nämäni aňladýar? Bu häsiýeti nädip ösdürip bilerin?»

SABYRLY BOLMAK NÄMÄNI AŇLADÝAR?

Mukaddes Ýazgylara görä, sabyrlylyk diýen söz ýöne bir kynçylyga döz gelmegi aňlatmaýar. Sabyrly adam çydamly bolýar we ýagdaýyň gowulanjakdygyna umyt edýär. Ol diňe öz kynçylyklaryna üns bermän, gaýtam, başgalar barada hem oýlanýar. Sabyrly adam göwnüne degenlerinde ýa-da adalatsyzlyga uçranda, ýan bermeýär. Hudaýyň Sözünde «sabyrlylyk» söýginiň emele getirýän ajaýyp häsiýetleriň biri hasaplanýar * (1 Kor. 13:4). Şeýle-de onda sabyrlylygyň «ruhuň miwesidigi» aýdylýar (Gal. 5:22, 23). Biz Hudaýa mahsus bolan bu häsiýeti nädip ösdürip bileris?

SABYRLYLYGY NÄDIP ÖSDÜRMELI?

Sabyrlylyk häsiýetini ösdürmek üçin, Ýehowadan mukaddes ruhuny diläp, doga etmeli. Ol özüne bil baglaýan adamlara güýç berýär (Luka 11:13). Hudaýyň mukaddes ruhy bize bu häsiýeti ösdürmäge kömek etse-de, özümiz hem eden dogamyza görä hereket etmeli (Zeb. 86:10, 11). Munuň üçin biz her gün sabyrly bolmaga jan edip, bu häsiýetiň ýüregimizde ornaşmagyna ýol bermeli. Emma käte bu häsiýeti görkezmek kyn bolup biler. Şeýle ýagdaýda bize näme kömek eder?

Biz Isanyň galdyran kämil göreldesi hakda oýlansak we oňa eýersek, sabyrly bolmagy öwrenip bileris. Pawlus resul Hudaýyň ylhamy bilen «täze häsiýetler» barada ýazanda, «sabyrlylyk» häsiýetini hem agzap geçdi. Soňra ol: «Goý, ýürekleriňizde Mesihiň parahatlygy höküm sürsün» diýdi (Kol. 3:10, 12, 15). Isa Hudaýyň ähli zady öz wagtynda düzetjekdigine berk iman edýärdi. Eger biz ondan görelde alsak, ýüregimizde Mesihiň parahatlygy «höküm sürer». Dogrudan-da, Isanyň göreldesine eýersek, daş-töweregimizde nähili ýagdaý bolaýanda-da, özümize erk edip, sabyrly bolarys (Ýah. 14:27; 16:33).

Biz Hudaýyň berjek täze dünýäsini görmäge näçe howlugýan hem bolsak, Ýehowanyň bize sabyr edýändigi hakda oýlanyp, has-da sabyrly bolmagy öwrenmeli. Mukaddes Ýazgylarda: «Käbir adamlaryň pikir edişi ýaly, Ýehowa beren wadasyny ýerine ýetirmäge eglenýän däldir, ol siziň üçin sabyr edýändir. Sebäbi ol hiç kimiň heläk bolman, hemmeleriň toba etmegini isleýändir» diýilýär (2 Pet. 3:9). Eger Ýehowa bize sabyrly garaşýan bolsa, onda bizem başgalara sabyrly bolmaly dälmi näme?! (Rim. 2:4). Geliň, sabyrly bolmagy talap edýän käbir ýagdaýlara seredeliň.

SABYRLY BOLMAGY TALAP EDÝÄN ÝAGDAÝLAR

Biziň sabyrlylygymyz her gün dürli ýollar bilen synalyp biler. Meselem, gürrüňdeşligiň dowamynda siz bir wajyp zady aýtmakçy bolýarsyňyz. Ýöne başgalaryň sözüni bölmez ýaly, sabyrly bolup bilersiňiz (Ýak. 1:19). Şeýle-de imandaşlaryňyzyň halaýan zatlary size ýaramaýan bolsa, sabyrlylyk gerek bolmagy mümkin. Şeýle ýagdaýlarda gaharlanmagyň deregine, Ýehowanyň we Isanyň biziň gowşak taraplarymyza nähili garaýandygy hakda oýlansak, paýhasly bolar. Olar biziň kemçiliklerimize däl-de, gowy häsiýetlerimize üns berýärler we özgermek üçin edýän tagallamyzy görüp, sabyrly garaşýarlar (1 Tim. 1:16; 1 Pet. 3:12).

Kimdir biri sözi ýa-da hereketi bilen göwnümize degende hem, biziň sabyrlylygymyz synalyp biler. Şeýle ýagdaýda köplenç biz aňsatlyk bilen öýkeläp ýa-da özümizi aklap bileris. Emma Hudaýyň Sözünde bu babatda başgaça maslahat berilýär. Onda şeýle diýilýär: «Tizgahar bolma, çünki gahar akylsyzlaryň gursagynda ornaşýar» (Wag. 7:8, 9). Hatda bize garşy aýdylan zatlar düýbünden nädogry bolsa-da, gödeklik bilen jogap bermez ýaly, sabyrly bolmaly. Kemsidip üstünden gülenlerinde, Isa-da şu prinsipe eýeripdi (Mat. 11:19).

Esasan-da, ene-atalar çagalarynyň nädogry garaýşyny, islegini we erbet häsiýetini düzedende, sabyrly bolmaly. Geliň, Skandinawiýanyň Beýtelinde gulluk eden Mattias bilen bolan waka seredeliň. Ol ýetginjekkä, mekdepde ynanýan zatlary üçin köp kynçylyklara çydamaly bolýar. Ilkibaşda, ene-atasynyň bu zatlardan habary ýokdy. Emma olar oglunyň ynanýan zatlarynyň hakykatdygyna şübhelenip başlandygyna üns berýärler. Mattiasyň kakasy Gillis şeýle ýatlaýar: «Bize köp sabyrlylyk gerekdi. Oglumyz käte şeýle soraglary berýärdi: „Hudaý kim? Belki, Mukaddes Ýazgylar Hudaýyň Sözi däldir? Hudaýyň bizden şuňa garaşýandygyny nireden bilýäris? Imanym siziňki ýaly däl diýip näme üçin meni ýazgarýasyňyz?“».

Gillis şeýle düşündirýär: «Oglumyz sorag berende, köplenç gaharly görünýärdi. Ýöne ol ejesine ýa-da maňa däl-de, hakykata gaharlanýardy. Sebäbi hakykat onuň durmuşyny has-da kynlaşdyrýan ýaly duýýardy». Gillis dogan ogluna nädip kömek etdi? Ol şeýle diýýär: «Oglum ikimiz oturyp, käte sagatlap gürrüňdeş bolardyk. Men ony ünsli diňleýärdim we duýgularyna hem garaýşyna doly düşünmek üçin sorag berýärdim. Käte bolsa oňa käbir zatlary düşündirip, günüň dowamynda ýa-da indiki gürrüňdeşlige çenli oýlanmagy maslahat berýärdim. Şeýle-de ol biynjalyk edýän zadyny aýdanda, bu barada oýlanmak üçin maňa birnäçe günüň gerekdigini aýdýardym. Biziň yzygider gürrüňdeşligimiziň netijesinde Mattias kem-kemden garaýşyny düzedip, töleg gurbany, Hudaýyň hökümdarlygy hem-de Ýehowanyň söýgüsi ýaly taglymatlara has gowy düşünip başlady. Elbetde, munuň üçin köp wagt gerek boldy we köplenç onuň bilen gepleşmek kyn bolýardy. Emma kem-kemden onuň Ýehowa bolan söýgüsi artyp başlady. Aýalym ikimiz oglumyza ýetginjeklik döwründe duş gelen kynçylyklaryna sabyrlylyk bilen kömek edip, onuň ýüregine täsir edip bilendigimize örän begenýäris».

Gillis we onuň aýaly ogluna kömek edenlerinde, sabyrly bolup, Ýehowa bil baglaýardy. Gillis geçen günlerini ýatlap, şeýle diýýär: «Biz oglumyza ony ýürekden söýýändigimizi we onuň üçin Ýehowa gyzgyn doga edýändigimizi ýygy-ýygydan aýdyp durýardyk». Hawa, bu ene-ata sabyrly bolandyklaryna, gör, nähili begenýändir!

Mundan başga-da mesihçiler agyr kesele uçran maşgala agzalarynyň ýa-da dost-ýarlarynyň aladasyny edende hem sabyrlylyk gerek bolýar. Geliň, Skandinawiýada ýaşaýan Ellen * uýamyzyň mysalyna seredeliň.

Takmynan sekiz ýyl mundan öň, Elleniň ýanýoldaşynyň beýnisine zeper ýetýär. Şol sebäpli ol indi hiç zat duýmaýardy, begenibem, gynanybam bilmeýärdi. Bu ýagdaý Ellen uýamyza gaty erbet täsir edýär. Ol şeýle diýýär: «Maňa köp sabyrlylyk gerek bolýardy we men Hudaýa köp doga edýärdim. Gowy görýän aýatlarymyň biri bolan Filipililer 4:13-däki: „Maňa güýç berýän Hudaý arkaly ähli zady etmäge güýjüm ýetýändir“ diýen sözler maňa has-da teselli berýärdi». Hawa, Ellen Ýehowanyň goldajakdygyna doly ynanýardy we onuň kömegi arkaly kynçylyga sabyrlylyk bilen döz gelip bildi (Zeb. 62:5, 6).

ÝEHOWANYŇ SABYRLYLYGYNDAN GÖRELDE ALYŇ

Elbetde, sabyrly bolmakda iň gowy göreldäni Ýehowa görkezýär (2 Pet. 3:15). Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň çäksiz sabyrlydygyny görkezýän ençeme wakalar bar (Neh. 9:30; Iş. 30:18). Meselem, Ybraýym pygamber Sodomyň ýok edilmegi bilen bagly sorag berende, Ýehowanyň özüni nähili alyp barandygy ýadyňyzdadyr. Ýehowa onuň sözüni bölmän, gaýtam, her bir soragyny hem-de biynjalyk edýän zatlaryny sabyrlylyk bilen diňledi. Soňra Ybraýym pygamberiň duýgularyna düşünýändigini görkezip, Sodomdan bary-ýogy 10 sany dogry adam çyksa, şäheri weýran etmejekdigine ynandyrdy (Gel. çyk. 18:22—33). Hawa, gaharlanman, gaýtam, sabyrly diňlemekde Ýehowa bize ajaýyp görelde görkezdi.

Täze häsiýetleriň biri bolan sabyrlylyk häsiýeti ähli mesihçiler üçin örän wajyp. Eger biz çydamly bolmaga kömek edýän bu häsiýeti ösdürmek üçin ýürekden tagalla etsek, aladamyzy edýän we bize sabyrly garaşýan gökdäki Atamyzy şöhratlandyrarys. Şeýle-de «iman we sabyrlylyk bilen wadalary miras alan adamlaryň» arasynda bolarys (Ýew. 6:10—12).

^ abzas 4 Hudaýyň mukaddes ruhunyň miwesi bolan söýgi häsiýeti barada dokuz bölümden ybarat makalalaryň ilkinjisinde gürrüň berlipdi.

^ abzas 15 Ady üýtgedildi.