Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Siz düşünişmezligi parahat ýagdaýda çözermisiňiz?

Siz düşünişmezligi parahat ýagdaýda çözermisiňiz?

ÝEHOWA HUDAÝ mesihçilere parahatlygy saklamagy ündeýär. Ol durmuşda ýüze çykýan islendik meseläni parahat ýagdaýda çözmegimizi isleýär. Parahatlygy saklasak, dogan-uýalaryň arasynda agzybirligiň höküm sürmegine ýardam ederis. Bu bolsa parahatlygy söýýän adamlary hakyky seždä goşulmaga höweslendirýär.

Meselem, Madagaskarda ýaşaýan ady belli tebip Ýehowanyň Şaýatlarynyň agzybirligini görüp, öz-özüne: «Eger men haçanam bolsa bir dini kabul edäýsem, ol Ýehowanyň Şaýatlarynyň dini bolar» diýýär. Wagtyň geçmegi bilen, ol jadygöýlik bilen meşgullanmagyny bes edýär. Oňa maşgala durmuşyny Mukaddes Ýazgylara laýyk getirmek üçin birnäçe aý gerek bolýar. Muňa garamazdan, ol durmuşyny üýtgedip, parahatlyk Hudaýy Ýehowanyň gullukçysy bolýar.

Her ýyl şular ýaly parahatlygy söýýän müňlerçe adamlar mesihçiler ýygnagynyň agzasy bolýar. Ýöne bu gymmatly häsiýeti goramasak, ony ýitirmegimiz mümkin. Mukaddes Ýazgylarda «göripligiň we igenjeňligiň» ýygnakdaky parahatlygy bozýandygy hem-de köp kynçylyklary döredýändigi aýdylýar (Ýak. 3:14—16). Şeýle-de onda dawa-jenjelden gaça durmak we parahatlygy saklamak üçin näme etmelidigi barada gowy maslahatlar bar. Geliň, muňa göz ýetirmek üçin käbir wakalara seredeliň.

KYNÇYLYKLAR WE OLARYŇ ÇÖZGÜDI

«Bile işleýän dogan bilen aramyzda birnäçe gezek düşünişmezlik döredi. Bir gezek iki adam biziň sene-mene edişip durandygymyzam gördi». KRIS

«Meniň bilen ýygy-ýygydan wagyz edýän uýa hiç zat ýok ýerden wagza belleşmegini goýdy. Biraz wagtdan bolsa gepleşmegini-de bes etdi. Men nämäniň nämedigine-de düşünmän galdym». JANET

«Bir gezek biz üç bolup telefonda gepleşip durkak, birimiz „sagboluň“ diýdi. Men telefony goýandyr öýdüp, ol hakda erbet zatlary aýdyp başladym. Görsem, ol telefony goýmandyr». MAÝKL

«Ýygnagymyzda iki pioneriň arasynda düşünişmezlik döredi. Olaryň arasyndaky dartgynly ýagdaý gitdigiçe güýjäp, hatda bir gezek biri beýlekisine gygyryp başlady. Bu ýagdaý başgalary örän gynandyrdy». GERI

Mümkin, siz bu ýagdaýlara ujypsyz zat ýaly garaýansyňyz. Her näme-de bolsa, şeýle ýagdaýlar adama erbet täsir edýär we ruhy taýdan zyýan ýetirýär. Emma siz olaryň Mukaddes Ýazgylardaky görkezmä eýerip, parahatlygy dikeldendiklerini bilseňiz, begenseňiz gerek. Siziň pikiriňizçe, olara Ýazgylardaky haýsy prinsipler kömek etdikä?

«Ýolda dawalaşaýmaň» (Gel. çyk. 45:24). Bu maslahaty Ýusup kakalarynyň ýanyna barýan doganlaryna beripdi. Nähili ýerlikli sözler! Eger adam duýgularyna erk edip bilmän, özünden çyksa, ol başgalary hem gaharlandyryp biler. Kris tekepbir bolandygy üçin, oňa maslahaty kabul etmek kyndy. Ol häsiýetini üýtgetmek isleýärdi, şol sebäpli göwnüne degen dogandan ötünç soraýar. Soňra özüne erk etmegi öwrenmek üçin köp tagalla edýär. Krisiň özgerýändigini görüp, onuň işdeşi hem gowy tarapa üýtgeýär. Häzir olar bilelikde Ýehowa şatlyk bilen gulluk edýärler.

«Maksada maslahatsyz ýetilýän däldir» (Sül. tym. 15:22). Janet hakykaty ýüregine siňdirmelidigine düşünýär. Ol arasynda düşünişmezlik bolan uýa bilen «maslahatlaşmagy», ýagny gepleşmegi ýüregine düwýär. Gürrüňdeşligiň dowamynda Janet oňa biynjalyk edýän zatlaryny aýdýar. Başda olara parahat gepleşmek kyn bolanam bolsa, soňra dörän kynçylygy asuda ýagdaýda çözmek başardýar. Uýa bir zada nädogry düşünendigini aýdýar, Janetiň bolsa oňa hiç hili dahylam ýokdy. Şol sebäpli ol Janetden ötünç soraýar. Häzir olar ýene-de Ýehowa agzybir gulluk edýärler.

«Eger sen gurbanyňy gurbanlyk sypasyna alyp barýarkaň, doganyňyň öýke-kinesiniň bardygy ýadyňa düşse, onda gurbanyňy gurbanlyk sypasynyň öňünde goý-da, ilki gidip, doganyň bilen ýaraş» (Mat. 5:23, 24). Bu sözleri Isa Dagdaky wagzynda aýdypdy. Maýkl erbet sözleri aýdyp, akylsyz hereket edendigine düşünýär we parahatlygy dikeltmek üçin tagalla etmegi ýüregine düwýär. Ol göwnüne degen doganynyň ýanyna baryp, kiçigöwünlilik bilen ondan ötünç soraýar. Netijesi nähili boldy? Maýkl şeýle diýýär: «Ol meni ýürekden bagyşlady». Hawa, olar dostlugyny dikeldip bildiler.

«Eger biriniň başga birinden öýkelemäge sebäbi bolsa-da, sabyrly bolup, bir-biriňizi ýürekden bagyşlaň» (Kol. 3:12—14). Iki pioner uýamyza bolsa ýygnak ýaşulusy mähir bilen şu soraglaryň üstünde oýlanmagy maslahat berýär: «Araňyzdaky düşünişmezligiň başgalara erbet täsir etjekdigi barada oýlanmadyňyzmy? Heý-de, bir-birimiziň göwnümize degip, Ýehowa parahat gulluk edip bolarmy?» Olar ýaşulynyň beren maslahatyny eýerýärler. Häzir olaryň arasy gowy we hoş habary bile wagyz edip, gullukdan şatlyk tapýarlar.

Eger kimdir biri siziň göwnüňize degen bolsa, onda öňürti Koloslylar 3:12—14-nji aýatlardaky maslahata eýerseňiz, gowy bolar. Köp dogan-uýalar pesgöwünlilik bilen ondaky maslahata eýerip, birek-biregi bagyşlamagy we bolan zatlary unutmagy öwrendiler. Eger ençeme gezek tagalla edensoňam, düşünişmezligi çözmek başartmasa, onda Matta 18:15-däki prinsipe görä hereket edip bilermisiňiz? Isa bu aýatda kimdir birine garşy edilen agyr günäni göz öňünde tutupdy. Belki-de, ondaky prinsipe siz hem eýermeli bolarsyňyz. Munuň üçin doganyň ýa-da uýanyň ýanyna baryp, dörän düşünişmezligi mähirlilik we pesgöwünlilik bilen çözmäge çalşyň.

Elbetde, Mukaddes Ýazgylarda başga-da peýdaly maslahatlar bar. Olara eýermek üçin «ruhuň miwesini», ýagny «söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyrlylyk, mähirlilik, ýagşylyk, iman, ýumşaklyk, özüňe erk etmek» ýaly häsiýetleri ösdürmeli (Gal. 5:22, 23). Maşynyň sazlaşykly işlemegini üpjün edýän ýag ýaly bu häsiýetler hem aramyzda parahatlygyň bolmagyna ýardam edýär.

ÝYGNAGY BEZEÝÄN ARATAPAWUT

Her adamyň özüne mahsus häsiýeti bolýar. Bizi biri-birimizden tapawutlandyrýan bu aýratynlyk dürli-dürli dogan-uýalar bilen gatnaşmaga mümkinçilik berýär. Emma ol aramyzda düşünişmezligiň döremegine hem sebäp bolup biler. Bir tejribeli ýaşuly şeýle diýýär: «Çekinjeň adam alçak, degişgen adamyň ýanynda özüni oňaýsyz duýup biler. Şeýle aratapawut ujypsyz ýaly bolup görünse-de, köp kynçylyklary döretmegi mümkin». Siziň pikiriňizçe, kynçylyklar dogan-uýalaryň bir-birinden tapawutlanýandygy üçin bolýarmy? Geliň, iki resulyň mysalyna seredeliň. Meselem, Petrus nähili adamdy? Mümkin, siz ony gönümel we gyzma adam hasaplaýansyňyz. Ýahýa barada gürrüň edilende bolsa, göz öňümize mähirli, gepi-sözi ýerlikli we özüni paýhasly alyp barýan adam gelýändir. Elbetde, biz käbir sebäplere görä bu iki resul hakda şeýle pikir edýändiris. Olaryň hersiniň özüne mahsus häsiýetleri bardy. Muňa garamazdan, olar bile agzybirlikde işleşýärdiler (Res. iş. 8:14; Gal. 2:9). Görşümiz ýaly, mesihçiler bir-birinden tapawutlansa-da, agzybir işleşip bilýärler.

Mümkin, dogan-uýalaryň biri sözi ýa hereketi bilen sizi gaharlandyrýandyr. Emma siz Mesihiň onuň üçinem janyny gurban edendigini we oňa söýgi bildirmelidigiňize düşünýänsiňiz (Ýah. 13:34, 35; Rim. 5:6—8). Şol sebäpli «ol meniň bilen dost bolmaga mynasyp däl» diýmäge ýa-da özüňizi ondan çetde tutmaga howlukmaň. Gaýtam, özüňize şeýle soraglary beriň: «Ol Ýazgylara garşy gelýän bir zat etdimi? Ýa-da ol meniň bilgeşleýin gaharymy getirýärmi? Mümkin, ol häsiýetiniň tapawutlanýandygy üçin özüni şeýle alyp barýandyr? Has wajyby bolsa, onuň nähili gowy häsiýeti bar we men ondan näme öwrenip bilerin?»

Soňky soragyň üstünde oýlanmak has wajyp. Eger dogan ýa uýa geplegen bolup, siz bolsa kän geplemezek bolsaňyz, onda şeýle mesihçiniň wagyzda adamlar bilen aňsat gürrüňe başlap bilýändigi barada oýlanyp görüň. Oňa bile wagza çykmagy teklip ediň we ondan näme öwrenip biljekdigiňiz barada pikirleniň. Eger ol jomart bolup, size bolsa bu häsiýeti ösdürmek biraz kyn bolsa, onda onuň jomartlygynyň gartaşan, näsag ýa-da mätäç adamlara berýän peýdasy hakda oýlanyp görüň. Hawa, siz bir-biriňizden tapawutlanýan bolsaňyz-da, doganyň ýa-da uýanyň gowy taraplaryna üns berseňiz, onuň bilen hatda dostlaşyp hem bilersiňiz. Ýakyn dost bolmasaňyz-da, bile işleşip, bir-biriňiziň we tutuş ýygnagyň arasynda parahatlygyň bolmagyna ýardam edersiňiz.

Ewodiýa bilen Sintihiýanyň häsiýetleri we ukyplary bir-biriniňkiden tapawutlanan bolmaly. Emma Pawlus resul olara «Hudaýa gulluk etmekde bir pikirde bolmaklaryny ündedi» (Flp. 4:2). Eýsem, sizem «bir pikirde bolmak» we parahatlygy saklamak üçin tagalla edersiňizmi?

DÜŞÜNIŞMEZLIGI DERREW ÇÖZJEK BOLUŇ

Başgalara bolan nädogry garaýşymyzy köki bilen aýyrmasak, onda ol owadan gülleriň arasyndaky haşal ot ýaly öňküden-de beter öser. Mesihçi ýüreginde öýke-kine saklasa, ol hatda ýygnakdaky ähli dogan-uýalaryň ruhy ýagdaýyna täsir edip biler. Eger biz Ýehowany we dogan-uýalary söýsek, onda bir-birimize meňzeş bolmadyk häsiýetlerimiziň Hudaýyň halkynyň parahatlygyny bozmagyna ýa-da gowşatmagyna ýol bermeris.

Siz pesgöwünli bolup, parahatlygy saklamaga jan etseňiz, bol bereketleri alarsyňyz

Kynçylyk ýa-da düşünişmezlik ýüze çykanda, parahatlygy saklamaga jan etsek, munuň gowy netije berýändigini görüp, özümiz hem geň galarys. Bir uýamyz şeýle diýýär: «Bir uýanyň maňa çaga ýaly garaýandygy gaharymy getirýärdi. Netijede, gaharymdan ýaňa onuň bilen gödek gepleşip başladym. Men öz-özüme „Eger ol meni sylamaýan bolsa, men näme üçin oňa hormat goýmaly?!“ diýdim».

Soňra ol uýa özüni alyp barşy hakda oýlanyp başlaýar. Ol şeýle diýýär: «Men özümdäki kemçilikleri görüp başlanymda, öz-özümden göwnüm geçdi. Şonda men garaýşymy özgertmelidigime düşündim. Bu hakda Ýehowa doga etdim, soňra kiçiräk sowgat alyp, erbet garaýşym barada ötünç sorap, oňa hatjagaz ýazdym. Biz bir-birimizi mähir bilen gujaklap, bolan zatlary ýatdan çykarmagy ýüregimize düwdük. Şonda soň, aramyzda hiç hili düşünişmezlik bolmady».

Adamlar parahat ýaşamagy arzuw edýärler. Emma olar özlerine hormat goýulmaýandygyny görende, gaharlanyp, parahatlyga ymtylmagyň wajypdygyny şol bada unudýarlar. Elbetde, bu dünýäniň adamlary özlerini hut şeýle-de alyp barýarlar, ýöne Ýehowanyň gullukçylarynyň arasynda parahatlyk we agzybirlik höküm sürmeli. Pawlus Hudaýyň ylhamy bilen şeýle sözleri ýazdy: «Men... size Hudaýyň çagyryşy ýaly, mynasyp gezmegiňizi ýalbarýaryn. Şeýle-de elmydama pesgöwünli, ýumşak, sabyrly boluň we biri-biriňizi söýüp, oňşukly ýaşaň. Araňyzda parahatlygy saklap, mukaddes ruh arkaly alan agzybirligiňizi goramaga jan ediň» (Efes. 4:1—3). «Agzybirligimizi goramak» örän wajyp. Goý, bu sözler bize güýç berip, islendik düşünişmezligi parahat ýagdaýda çözmäge kömek etsin.