TERJIMEHAL
«Wagyz etmesem, günüm geçmeýär!»
MEN Täze Zelandiýanyň günortasynda ýerleşýän Balkluta şäherinde önüp-ösdüm. Men çagakam Ýehowany söýýärdim, onuň Şaýadydygyma begenýärdim. Ýygnaklara barmagy gowy görýärdim, özümi öýümde ýaly arkaýyn duýýardym. Men çekinjeňdim, ýöne her hepde hoş habary wagyz edýärdim. Klasdaşlaryma, tanyş-bilişlerime Hudaý barada gürrüň bermäge gorkmaýardym. Men Ýehowanyň Şaýadydygyma buýsanýardym. Şonuň üçin 11 ýaşymda özümi Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürildim.
ŞATLYGYMY ÝITIRDIM
Men 13 ýaşlarymdakam, Ýehowa söýgim sowap başlady. Klasdaşlarym, joralarym göwnüne gelenini edýärdiler. Men bolsa özümi gowy zatdan galan ýaly duýýardym. Ene-atamyň düzgünlerinden we Hudaýyň kada-kanunlaryndan halys ýadadym. Wagyz etmek, ýygnak duşuşyklaryna barmak meniň üçin agyr ýük boldy. Men Ýehowanyň bardygyna şübhelenmeýärdim, ýöne kalbymda boşluk duýýardym.
Men wagyz etmeýän wagyzçy bolmajak bolup, azda-kände hasabat tabşyrýardym. Men käte wagza gidýärdim, ýöne öňünden taýýarlanmaýardym. Şonuň üçin gürrüňdeşlige başlamak ýa-da dowam etmek kyn bolýardy. Netijede, men hiç kimi gaýtadan ideg etmeýärdim ýa-da hiç kime Mukaddes Kitapdan okuw geçmeýärdim. Şeýdip, wagyz etmäge höwesim gaçdy. Men: «Haçana çenli wagyz etmelikä?» diýip oýlanýardym.
Men 17 ýaşymda has-da erkin ýaşamak isledim. Şonda goşlarymy düwdüm-de, Awstraliýa
ýaşamaga gaýtdym. Öýden çykyp gaýdanymda, kakam bilen ejem gynanyp yzymdan seredip galdylar. Olar meniň üçin biynjalyk bolýardylar, ýöne nirede bolsam-da, Ýehowa gulluk etjekdigime ynanýardylar.Men Awstraliýada ýaşap başladym, emma Hudaýa imanym has-da gowşady. Ýygnaklara bir gün barsam, bir gün barmaýardym. Ýygnakdaky joralarym hem Ýehowa ýürekden gulluk etmeýärdiler. Olar ýygnakdan soň gijeki klublara gidip, tans edýärdiler, içýärdiler we keýp çekýärdiler. Ýüregimiň ýarysy Ýehowa diýip ursa, ýarysy dünýäni küýseýärdi. Men iki oduň arasynda galypdym.
WAJYP SAPAK EDINDIM
Awstraliýa gelenime iki ýyl bolupdy. Bir uýanyň beren gürrüňi meni çuňňur oýa batyrdy. Biz bäş gyz bolup, bir öýde ýaşaýardyk. Bir sapar biz etrap gözegçisi bilen aýaly Tamarany bir hepdelik myhman aldyk. Etrap gözegçisi ýygnagyň işlerini edýän wagty, Tamara biziň bilen gürrüňdeş bolýardy, gülşüp-degşip oturýardy. Men Tamarany gowy gördüm. Ol akylly-başly we mähirli uýady. Men Ýehowa berk imanly adamlaryň hem gülşüp-degişýänini görüp, geň galdym.
Tamara örän yhlasly uýady. Onuň Mukaddes Kitabyň hakykatlaryna we wagyz etmäge bolan söýgüsi maňa güýçli täsir etdi. Ol Ýehowa elinde baryny edip gulluk edýändigi üçin şatlanýardy. Men bolsa göwünli-göwünsiz wagyz edýändigim üçin özümi bagtsyz duýýardym. Tamaranyň häsiýetlerini we özüni bagtly duýýandygyny görüp, menem durmuşymy üýtgetmek isledim. Ol maňa Ýehowanyň halkynyň «şatlykdan ýaňa gygyryp» gulluk etmelidigini ýatlatdy (Zeb. 100:2).
ÝENE-DE YHLASLY WAGYZ EDIP BAŞLADYM
Menem Tamara ýaly Ýehowa şatlanyp gulluk edesim gelýärdi. Ýöne durmuşymy düýpgöter üýtgetmelidim. Munuň üçin wagt gerek boldy. Men ýuwaş-ýuwaşdan gerekli ädimleri ädip başladym. Men wagza gitmänkäm, öňünden taýýarlanyp başladym.
Wagtal-wagtal kömekçi pioner bolup gulluk edýärdim. Şeýdip, men tolgunman wagyz etmegi öwrendim. Wagyzda Mukaddes Kitaby näçe köp ulansam, şonça-da özümi bagtly duýdum. Tizden men kömekçi pioner bolup gulluk edip başladym.Men Ýehowa yhlasly gulluk edýän uly we kiçi ýaşly dogan-uýalar bilen dostlaşdym. Olaryň göreldesi wajyp zatlary durmuşymda birinji orunda goýmaga we Mukaddes Kitaby her gün okamaga kömek etdi. Men wagyz etmekden köp şatlyk tapýardym. Şeýdip, pioner gullugyna başladym. Köp ýyllardan soň, birinji gezek ýygnakda özümi öýümde ýaly rahat, arkaýyn we bagtly duýdum.
SÖWER ÝARYMA DUŞDUM
Pioner bolup gulluk edip başlanyma bir ýyl geçenden soň Alekse duşdum. Ol mähirli, akgöwünli dogandy. Ýehowany ýürekden söýýärdi, yhlasly wagyz edýärdi. Ol alty ýyldan bäri ýygnak hyzmatçysy we pioner bolup gulluk edýärdi. Aleks Malawide, wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk edipdi we missioner dogan-uýalar bilen tanşypdy. Olaryň göreldesi Aleksi Hudaýyň Patyşalygyny hemişe birinji orunda goýmaga höweslendirdi.
Biz 2003-nji ýylda toý etdik. Şondan bäri uzak wagtly gulluk edip gelýäris. Biz köp zatlary öwrendik we Ýehowa bize ençeme ýollar bilen bereket berdi.
ÝEHOWA KÖP BEREKET EÇILDI
2009-njy ýylda bizi Indoneziýadaky kiçiräk ýurda, ýagny Timor-Lestä missioner edip bellediler. Biz hem geň galdyk, hem begendik, hem-de alada etdik. Biz bäş aýdan ýurdyň paýtagty bolan Dili şäherine geldik.
Adamlaryň medeniýeti, dili, naharlary we ýaşaýyş şerti düýbünden tapawutlanýardy. Biz şeýle ýagdaýlara öwrenişmek üçin jan etdik. Biz wagyzda garyp, sowatsyz we biçäre adamlara duşýardyk. Olara seredeniňde, *.
urşuň salan ýaralary mese-mälim görünýärdiBiz wagyz edip şatlanýardyk. Bir gezek wagyzda Mariýa * atly 13 ýaşly gyzjagaza duşdum. Birnäçe ýyl mundan öň onuň ejesi aradan çykypdyr. Ol kakasyny hem gaty seýrek görýän eken. Şol ýerdäki çagalaryň köpüsinde bolşy ýaly, Mariýanyň hem durmuşynyň manysy gaçypdy. Bir gezek ol aglap, maňa ýüregini dökdi. Men onuň näme diýýänine doly düşünmedim, sebäbi şol dili gowy öwrenmändim. Şonda ony ruhlandyrmak üçin Ýehowadan kömek sorap, doga etdim we Mukaddes Kitapdan göwünlik beriji aýatlary okap başladym. Birnäçe ýyl geçensoň, Mariýa Ýehowa bilen ýakyndan dostlaşdy. Onuň häsiýeti, daş keşbi we bütin durmuşy üýtgedi. Soňra ol suwa çümdürildi. Häzir Mariýanyň özi okuw geçirýär. Indi Mariýa ýetim däl, ýygnakdaky dogan-uýalar ony öz gyzy hökmünde kabul etdiler.
Ýehowa Timor-Lestede alnyp barylýan wagyz işine bereket berýär. Wagyzçylaryň köpüsi soňky 10 ýylyň dowamynda suwa çümdürilen hem bolsa, olar pioner, ýygnak hyzmatçysy we ýaşuly bolup gulluk edýärler. Käbirleri bolsa uzak ýerdäki terjimeçiler toparynda gulluk edýärler we ýerli halkyň dilinde edebiýatlary terjime edýärler. Men ýygnakda dogan-uýalaryň aýdym aýdyşyny eşidenimde we olaryň ýylgyryşyny, Ýehowa bilen dostlugynyň gün-günden berkeýändigini görenimde, ýüregim şatlykdan dolýar.
ÖMRÜMIŇ IŇ BAGTLY GÜNLERI
Timor-Leste Awstraliýadan düýbünden tapawutlanýar. Ýöne men şundan gyzykly durmuşy göz öňüne getirip bilmezdim. Käte biz adamdan doly ulaga münmeli bolýardyk. Onuň içinde kakadylan balyklardan, bazardan satyn alnan ir-iýmişlerden, gök-önümlerden ýaňa aýak basara ýer bolmaýardy. Biz käte yssy, çygly we tozanly kiçijik otagda Mukaddes Kitapdan okuw geçýärdik. Otagyň içinde towuklar hem aýlanyşyp ýörerdi. Kynçylyklar bolsa-da, men hezil edip wagyz edýärdim.
Geçen günlerime ser salanymda, ene-atamyň meni Hudaýyň isleýşi ýaly terbiýeländiklerine we ýaşlyk ýyllarymda goldaw berendiklerine örän minnetdar bolýaryn. Nakyllar 22:6-daky sözler meniň durmuşymda ýerine ýetýär. Ejem, kakam Aleks ikimize guwanýarlar. Olar biziň Ýehowa bileje gulluk edýänimizi görüp, diýseň begenýärler. Biz 2016-njy ýyldan bäri Awstralaziýa filialyna degişli ýerde etrap gözegçisi bolup gulluk edýäris.
Men öň wagyz etmegi halamaýardym. Indi wagyz etmesem, günüm geçmeýär! Durmuşymda bolan gowy we erbet günlerimden bir wajyp sapak edindim. Hakyky bagtyň açary — Ýehowa bütin ýüregiň bilen gulluk etmek. Men Aleks bilen 18 ýyl bäri Ýehowa gulluk edýärin. Şol günler ömrümiň iň bagtly günleri! Men Dawut pygamberiň aýdan şu sözleriniň dogrudygyna göz ýetirdim: «Seni pena edinenler begener, hemişe joşup aýdym aýdar... Adyňy söýýänler işleriňe şatlanar» (Zeb. 5:11).