Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Hudaýyň merhemetine minnetdar boluň!

Hudaýyň merhemetine minnetdar boluň!

«Ol merhemete baý bolandygy üçin, ählimiz ondan bol merhemet alýarys». ÝAH. 1:16

AÝDYMLAR: 1, 13

1, 2. a) Üzümçiligiň eýesi baradaky mysaly gürrüň beriň. b) Biz bu mysaldan jomartlyk we merhemetlilik barada näme öwrenýäris?

BIR gün üzümçiligiň eýesi ir bilen bazara gidip, işçileri hakyna tutýar. Işçiler onuň tölejek haky bilen razylaşyp, üzümçilikde işlemäge başlaýarlar. Iş köp bolandygy üçin hojaýyn öýlän bazara gidýär-de, ýene birnäçe adamy hakyna tutýar we olara bir günlük iş hakyny tölejekdigini aýdýar. Gün batanda, ol işçileri ýygnap, ertirden agşama çenli işlänlere-de, bir sagat işlänlere-de deň hak töleýär. Emma uzynly gün işlänler üzümçiligiň eýesinden nägile bolup başlaýarlar. Şonda hojaýyn olara: «Biz bir dinara gepleşenimizde siz razy bolupdyňyz, şeýle dälmi? Eýsem, men pulumy öz isleýşim ýaly ulanmaga hakym ýokmy näme? Ýa-da meniň olara ýagşylyk edenime göriplik edýärsiňizmi?» diýýär (Mat. 20:1—15).

2 Isanyň mysalyndan Ýehowanyň «merhemete baý» Hudaýdygyny görse bolýar. Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň «merhemeti» 1 barada köp agzalýar (2 Korinfliler 6:1-i okaň). Mysaldaky bir sagat işlän adamlar bir günlük iş hakyny almaga mynasyp däl ýaly görünse-de, üzümçiligiň eýesi olara has köp merhemet edýär. Mukaddes Ýazgylaryň köp terjimelerinde «merhemet» sözi köplenç «jomartlyk» diýip terjime edilen. Bir alym bu sözüň manysyny şeýle düşündirýär: «Merhemet — adam mynasyp bolmasa-da, ony gazanyp bilmese-de, oňa berilýän sowgat».

ÝEHOWANYŇ GYMMATLY SOWGADY

3, 4. Hudaý adamlara näme üçin we nädip merhemet edýär?

3 Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň adamlara «merhemet» edýändigi aýdylýar (Efes. 3:7). Ol näme üçin we nädip merhemet edýär? Eger biz Ýehowanyň talaplary boýunça ýaşasak, onuň merhemetini gazanyp bileris. Emma biz bikämillik sebäpli köp ýalňyşýarys. Akyldar Süleýman patyşa hem: «Ýer ýüzünde diňe ýagşylyk edip, hiç bir günä etmeýän dogry adam ýok» diýip ýazdy (Wag. 7:20). Pawlus resul bolsa: «Hemmeler günä edip, Hudaýyň şöhratyndan mahrum boldular» we «günäniň haky ölümdir» diýýär (Rim. 3:23; 6:23). Şu aýatlardan görnüşi ýaly, aslynda biz ölüme mynasyp.

4 Emma Ýehowa bizi çäksiz söýýändigi üçin merhemet edýär. Ol «özüniň ýeke-täk Ogluny» biziň üçin töleg hökmünde gurban berdi (Ýah. 3:16). Pawlus resul: «Ölüme sezewar bolandygy üçin şöhrat we hormat bilen sylaglanan Isa... Hudaýyň merhemeti arkaly hemmeler üçin ölümi dadandyr» diýýär (Ýew. 2:9). Hawa, «Hudaýyň sowgady Halypamyz Mesih Isa arkaly ebedi ýaşaýyşdyr» (Rim. 6:23).

5, 6. a) Günä adamlara nähili täsir edýär? b) Hudaýyň merhemetiniň nähili peýdasy bar?

5 Mukaddes Ýazgylarda adamlaryň günäni we ölümi nädip miras alandygy şeýle düşündirilýär: «Bir adamyň (Adam atanyň) günäsi sebäpli ölüm (adamzat nesliniň üstünden) patyşa kimin höküm sürýär» (Rim. 5:12, 14, 17). Emma biz Isanyň töleg gurbanyna iman etsek, günä üstümizden agalyk etmän, gaýtam, Ýehowanyň merhemetini gazanarys. Biz muňa näme üçin ynanyp bileris? Pawlus resul şeýle diýdi: «Günäleriň köp ýerinde Hudaý has-da köp merhemet edýändir. Näme üçin? Günä bilen ölümiň patyşa kimin höküm sürşi ýaly, Hudaýyň merhemeti hem patyşa kimin höküm sürsün diýip edildi. Şol sebäpli adamlar dogry hasaplanyp, Halypamyz Isa Mesih arkaly ebedi ýaşaýşa gowşup bilýär» (Rim. 5:20, 21).

6 Biz günäni miras alan hem bolsak, onuň üstümizden agalyk etmegine ýol bermeli däl. Gaýtam, Ýehowadan günämizi bagyşlamagyny soramaly. Pawlus hem mesihçilere: «Günä üstüňizden agalyk etmesin. Sebäbi siz kanun astynda däl-de, Hudaýyň merhemeti astyndasyňyz» diýip ýazdy (Rim. 6:14). Hawa, biziň üstümizden Hudaýyň merhemeti agalyk edýär. Onuň bize nähili peýdasy bar? Pawlus muny şeýle düşündirýär: «Bu merhemet bize häzirki döwürde Hudaýyň islegine garşy gelýän zatlardan we dünýäniň höweslerinden ýüz öwürmegi, sagdyn düşünjeli bolmagy, dogrulykda ýaşamagy hem-de Hudaýa wepaly bolmagy öwredýär» (Tit. 2:11, 12).

ÝEHOWA «DÜRLI ÝOLLAR BILEN MERHEMET EDÝÄR»

7, 8. Ýehowa «dürli ýollar bilen merhemet edýär» diýilmegi nämäni aňladýar? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

7 Petrus resul: «Hudaý size ýagşy we jogapkärli hyzmatkärler hökmünde dürli ýollar bilen merhemet edýär» diýdi (1 Pet. 4:10). Bu sözler nämäni aňladýar? Biz nähili synaga duşsak-da, döz gelmegimiz üçin Ýehowanyň güýç berjekdigini görkezýär (1 Pet. 1:6). Hawa, Hudaýyň merhemeti bilen biz islendik synaga döz gelip bileris.

8 Dogrudan-da, Ýehowa bize dürli ýollar bilen merhemet edýär. Ýahýa resul hem: «Ol merhemete baý bolandygy üçin, ählimiz ondan bol merhemet alýarys» diýýär (Ýah. 1:16). Biz Ýehowanyň dürli ýollar bilen bildirýän merhemeti arkaly köp bereketlere eýe bolýarys. Geliň, olaryň käbirine seredeliň.

9. Ýehowanyň merhemet etmeginiň nähili peýdasy bar we biz oňa nädip minnetdar bolup bileris?

9 Günälerimiz bagyşlanýar. Ýehowa bize merhemet edip, ýazyklarymyzy bagyşlaýar we günäli endiklerimiz bilen göreşmäge kömek edýär (1 Ýahýa 1:8, 9-njy aýatlary okaň). Bu bizi Ýehowa rehimdarlygy üçin minnetdar bolmaga we Ony şöhratlandyrmaga höweslendirýär. Pawlus resul mesh edilen ýoldaşlaryna şeýle diýdi: «(Ýehowa) bizi garaňkylygyň goly astyndan halas edip, söýgüli Oglunyň patyşalygyna geçirdi. Biz onuň tölegi arkaly gulçulykdan azat bolduk, günälerimiz hem bagyşlandy» (Kol. 1:13, 14). Günälerimiziň bagyşlanýandygy sebäpli, biz ençeme bereketlere eýe bolýarys.

10. Biz Hudaýyň merhemeti arkaly nähili bereket alýarys?

10 Hudaý bilen dostlaşýarys. Biz günäni miras alandygymyz üçin Hudaýyň duşmany bolduk. Emma Pawlus: «Biz duşmankak, Oglunyň ölümi arkaly Hudaý bilen ýaraşdyk» diýip ýazdy (Rim. 5:10). Hawa, biz indi Ýehowa bilen dostlaşyp bilýäris. Pawlus munuň Ýehowanyň merhemeti arkaly bolýandygyny şeýle düşündirdi: «Biz (Mesihiň doganlary) iman arkaly dogry hasaplandyk. Şol sebäpli, geliň, Halypamyz Isa Mesih arkaly Hudaý bilen parahatlygymyzy saklalyň. Biz Mesihe iman edip, häzirden Hudaýyň merhemetini gazanýarys» (Rim. 5:1, 2). Eýsem, şundan uly bereket barmy näme?!

Hudaý adamlara dürli ýollar bilen merhemet edýär. Hoş habar wagyz edilýär (11-nji abzasa serediň)

11. Mesh edilenler «başga goýunlary» nädip dogry ýola ugrukdyrýar?

11 Dogry adam hasaplanýarys. Biziň ählimiz dogabitdi bikämil. Emma Danyýel pygamber soňky günlerde mesh edilen mesihçileriň galyndysynyň «köp adamlary dogry ýola» ugrukdyrjakdygyny aýdýar (Danyýel 12:3-i okaň) *. Olar hoş habary wagyz edip we tälim berip, millionlarça «başga goýunlara» Ýehowanyň öňünde dogry saýylmaga ýardam edýär (Ýah. 10:16). Emma munuň diňe Ýehowanyň merhemeti arkaly mümkindigini Pawlus şeýle düşündirýär: «Hudaý olary Mesih Isanyň töleg gurbany arkaly azat etdi we merhemeti bilen olary dogry hasaplaýar» (Rim. 3:23, 24).

Dogalary diňleýär (12-nji abzasa serediň)

12. Hudaý bize ýene nädip merhemet edýär?

12 Doga arkaly Hudaýa ýakynlaşýarys. Ýehowa bize merhemeti edip, doga arkaly özüne ýakynlaşmaga mümkinçilik berýär. Pawlus Ýehowanyň tagtyny «merhemet tagty» diýip atlandyrýar we bizi «çekinmän doga etmäge» çagyrýar (Ýew. 4:16). Biz bu hormata Ýehowanyň Ogly arkaly eýe bolup bilýäris. Efesliler 3:12-de şeýle diýilýär: «Biz Mesihe iman edýändigimiz üçin, ol arkaly çekinmän gepleýäris we Hudaýa ynam bilen ýakynlaşyp bilýäris». Ýehowa çekinmän doga etmeklik onuň merhemet edýändigini aýan edýär.

Mätäç wagtyň kömek edýär (13-nji abzasa serediň)

13. «Kömege mätäç bolanymyzda» Ýehowa nädip merhemet edýär?

13 Mätäç wagtymyz kömek edýär. Pawlusyň aýdyşy ýaly, çekinmän doga edip, Ýehowa bilen dostlaşsak «kömege mätäç bolanymyzda, ol bize rehimdarlyk bildirip, merhemet eder» (Ýew. 4:16). Biz synaglara duçar bolanymyzda, Ýehowa ýalbaryp, kömek bermegini haýyş edýäris. Biz Ýehowanyň merhemetine mynasyp bolmasak-da, dogalarymyza jogap berip dogan-uýalar arkaly kömek edýär. «Şonuň üçin hem biz doly ynam bilen: „Ýehowa meniň kömekçimdir; men gorkmaryn. Eýsem, adam maňa näme edip bilsin?“ diýýäris» (Ýew. 13:6).

14. Ýehowanyň merhemet etmeginiň ýene nähili peýdasy bar?

14 Kalbymyza rahatlyk berýär. Göwnüçökgünlige düşenimizde, Ýehowa merhemeti arkaly kalbymyza rahatlyk berýär (Zeb. 51:17). Pawlus Selanikde güýçli yzarlamalara duçar bolan mesihçilere şeýle ýazýar: «Ata Hudaýymyz bizi söýýär we merhemeti arkaly bize ebedi teselli hem-de umyt berýär. Goý, Ol we Halypamyz Isa Mesih ýürekleriňize teselli berip... sizi berkitsin» (2 Sel. 2:16, 17). Ýehowanyň bizi söýýändigini bilmeklik, diýseň göwnüňi göterýär! Sebäbi ol merhemete baý Hudaý.

15. Hudaýyň merhemeti arkaly biziň nähili umydymyz bar?

15 Ebedi ýaşaýşa umyt berýär. Biz günäli bolsak-da, Ýehowa merhemeti arkaly ajaýyp umyt berýär (Zebur 49:7, 8-nji aýatlary okaň). Isa şägirtlerine: «Atam Ogluny görüp, oňa iman eden her kişiniň ebedi ýaşaýyş almagyny isleýär» diýdi (Ýah. 6:40). Hawa, ebedi ýaşaýşa bolan umyt Hudaýyň ajaýyp sowgady. Pawlus resul munuň nähili gymmatly sowgatdygyna gowy düşünýärdi. Ol: «Hudaýyň ähli adamlary halas edýän merhemeti aýan boldy» diýdi (Tit. 2:11).

HUDAÝYŇ MERHEMETINI ÄSGERMEZLIK ETMÄŇ

16. I asyrdaky mesihçileriň käbiri Hudaýyň merhemetini nädip äsgermezlik etdiler?

16 Biz Ýehowanyň merhemeti arkaly köp bereketleri alsak-da, bu onuň edýän günälerimize biperwaý garaýandygyny aňlatmaýar. I asyrda ýaşan käbir mesihçiler «Hudaýymyzyň merhemetini öz peýdasyna ulanyp, haýasyz işlerini aklamaga» çalyşýardy (Ýahd. 4). Olar nähili günä etsek-de, Ýehowa bagyşlar diýip pikir edýärdiler. Hatda olar beýleki dogan-uýalary hem öz erbet işleriniň yzyna eýertjek bolýardylar. Şu günlerem şeýle işleri edýänler «Hudaýyň merhemet ruhuna dil ýetirýärler» (Ýew. 10:29).

17. Petrus nähili wajyp maslahat berdi?

17 Şu günler Şeýtan käbir mesihçileri Hudaýyň rehimdarlygyndan peýdalanyp, her hili erbet işlere baş goşsa-da bolýar diýen pikir bilen aldaýar. Emma Ýehowa toba eden adamy bagyşlasa-da, ol biziň erbet endiklerimiz bilen göreşmegimizi isleýär. Petrus resul Hudaýyň ylhamy bilen şeýle sözleri ýazýar: «Eziz doganlarym, bu zatlary bilýändigiňiz üçin kanunsyz adamlaryň nädogry pikirlerine aldanyp, olar bilen bile azaşmakdan we berk duran dogry ýoluňyzdan sowulmakdan seresap boluň. Ýöne mundan beýläk-de Halypamyz we Halasgärimiz Isa Mesihiň merhemetine eýe bolmaga hem-de ol barada bilimiňizi artdyrmaga çalşyň» (2 Pet. 3:17, 18).

HUDAÝYŇ MERHEMETI BIZI JOGAPKÄRLI EDÝÄR

18. Ýehowanyň merhemeti bizi nämä borçly edýär?

18 Biz Ýehowanyň merhemetine minnetdardygymyzy görkezmek üçin ukyplarymyzy dogry ulanyp, Ýehowany şöhratlandyrmaly we dogan-uýalara hyzmat etmeli. Muny nädip etse bolýar? Pawlus şeýle diýýär: «Hudaý bize merhemeti arkaly dürli-dürli ukyplary berýär... Eger hyzmat etmek berlen bolsa, hyzmat edeliň; öwredýän adam öwretmegini dowam etsin; höweslendirýän adam höweslendirmegini... rehimdarlyk edýän adam ony şatlyk bilen etmegini dowam etsin» (Rim. 12:6—8). Ýehowa çäksiz merhemetini bildirýändigi üçin, biz adamlara wagyz etmäge, Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmäge, dogan-uýalary ruhlandyrmaga we göwnümize degen adamlary bagyşlamaga özümi borçly hasaplaýarys.

19. Indiki makalada näme barada gürrüň ederis?

19 Biz mähriban Hudaýymyzyň jomartlygyna minnetdar bolup, «Hudaýyň merhemeti baradaky hoş habara birkemsiz şaýatlyk etmegi» wajyp saýýarys (Res. iş. 20:24). Bu jogapkärçilik barada indiki makalada gürrüň ederis.

^ 1) 2-nji abzas. «Merhemet» sözüniň manysyna düşünmek üçin «Injiliň Täze dünýä terjimesindäki» sözlüge serediň.

^ abzas 11 Danyýel 12:3 Akylly adamlar asman şöhlesi deýin nur saçarlar, köp adamlary dogry ýola ündänler hem ýyldyzlar deý baky hem ebedilik ýagty saçarlar.