Okyjylaryň sowallary
Mesihçiler hökümet işgärlerine sowgat ýa-da pul berse bolýandygyny, ýa-da bolmaýandygyny nädip bilmeli?
Munuň üçin käbir zatlary göz öňünde tutmaly. Mesihçiler dogruçyl bolmaly we Ýehowanyň kanunyna garşy gelmese, häkimiýetleriň çykarýan kanunyna gulak asmaly (Mat. 22:21; Rim. 13:1, 2; Ýew. 13:18). Şeýle-de olar ýerli däp-dessurlara hormat goýýarlar, adamlaryň duýgusyny göz öňünde tutýarlar we «ýakynyny özüni söýşi ýaly söýmäge» çalyşýarlar (Mat. 22:39; Rim. 12:17, 18; 1 Sel. 4:11, 12). Bu prinsipler dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan mesihçilere sowgat bermek meselesinde dogry karara gelmäge ýardam edýär.
Köp ýurtlarda hökümet işgärlerine sowgat bermek talap edilmeýär. Sebäbi olara döwlet tarapyndan zähmet haky tölenilýär. Ine şonuň üçin hem olar adamlaryň sowgat bermegine garaşmaýarlar. Käbir ýurtlarda hökümet işgärleriniň eden işi üçin sowgat almagy kanunsyzlyk hasaplanýar. Hatda olar öz borçlaryny kanun taýdan berjaý etseler-de, muňa asla ýol berilmeýär. Şeýle ýagdaýlarda olara berilýän sowgada, hatda işiň netijesine täsir etmese-de, para bermek hökmünde garalýar. Şol ýurtlarda hökümet işgärlerine sowgat bermek ýerliksiz hasaplanylýandygy üçin, mesihçilerde bu babatda sorag döremeýär.
Emma käbir ýurtlarda hökümet işgärlerine sowgat bermeklik kanunsyzlyk däl-de, adaty zat hasaplanylýar. Hatda käbir ýerlerde hökümet işgärleri öz wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanyp, raýatlardan para alýarlar ýa-da sowgat almasalar, hiç zat etmek hem islemeýärler. Şeýle-de gümrükhananyň, nikany resmileşdirýän ýa-da gurluşyk işine gözegçilik edýän we şuňa meňzeş edaralaryň işgärleri hem özlerine pul berilmegini talap etmegi mümkin. Eger-de olar pul alyp bilmejekdiklerine göz ýetirse, onda işi kynlaşdyryp ýa-da bitmejek ýaly edip görkezýärler. Şeýdip, olar raýatlaryna kanun taýdan berilmeli kömegi
hem etmeýärler. Hatda bir ýurtda ýangyn söndürijiler tä pul alýança, ody söndürmek barada asla pikirem etmeýärler.Şeýle ýurtlarda ýaşaýan mesihçiler kanun taýdan hukugy bolan zadyny almak üçin berýän sowgadyna goşmaça iş haky hökmünde garamagy mümkin. Emma parahorlugyň giňden ýaýran ýerinde ýaşaýan mesihçi bu zatlaryň Hudaýa ýaraýandygyny ýa-da ýaramaýandygyny bilmek üçin ünsli bolmaly. Şonda onuň ynsaby arassa bolar. Kanun taýdan hukugyň bolan zadyňy almak üçin bir zat bermek bilen, kanun taýdan hukugyň bolmadyk zady etdirjek bolup zat bermegiň tapawudy uly. Meselem, käbir adamlar kanun taýdan hukugy bolmadyk işini bitirmek üçin ýa-da kanun taýdan salnan jerimäni tölemezlik üçin «sowgat» berýärler. Elbetde, adamy «sowgat» bilen satyn almagam, pul alyp bikanun işi düzetmegem nädogry. Sebäbi iki ýagdaýda-da adam bikanun hereket edýär (Müs. çyk. 23:8; Kan. tag. 16:19; Sül. tym. 17:23).
Ruhy taýdan ösen mesihçeleriň köpüsi Mukaddes Ýazgylaryň esasynda terbiýelenen ynsabyna görä, hökümet ýolbaşçylarynyň isleýän sowgadyny bermeýärler. Sebäbi olar muny parahorlygy goldaýan ýaly görýärler we asla sowgat bermeýärler.
Hawa, ruhy taýdan ösen mesihçiler kanun taýdan hukugyň bolmadyk zady almak üçin berilýän sowgatlaryň parahorlykdygyna düşünýärler. Emma ýerli ýagdaýlar sebäpli käbir mesihçiler özüne edilen kömege minnetdarlyk bildirmek üçin kiçiräk sowgat bermegi mümkin. Meselem, käbir mesihçiler hassahanada bejergi alandan soňra, lukmana ýa-da şepagat uýasyna minnetdarlyk hökmünde sowgat berýärler. Emma olar beren sowgady para hasaplanmaz ýaly, ony bejergi almazyndan öň däl-de, soň berýärler.
Elbetde, ähli ýagdaýlary göz öňünde tutup bolmaýar. Sebäbi her ýeriň ýagdaýy biri-birinden tapawutlanýar. Emma nähili bolaýanda-da mesihçiler Mukaddes Ýazgylar boýunça terbiýelenen ynsabyna görä hereket etmeli (Rim. 14:1—6). Mesihçi bikanun hereket etmeli däl (Rim. 13:1—7). Şeýle-de Ýehowanyň adyna ysnat getirýän ýa-da başgalary büdredýän işlerden gaça durmaly (Mat. 6:9; 1 Kor. 10:32). Biziň gelýän kararlarymyzdan ýakynymyzy söýýändigimiz görünmeli (Mar. 12:31).
Ýygnak gatnaşygyndan kesilen doganyň ýa-da uýanyň dikeldilendigi bildiriş edilende şatlygymyzy nädip bildirip bileris?
Luka kitabynyň 15-nji babynda Isanyň 100 goýny bolan çopan baradaky mysaly gürrüň berilýär. Çopan bir goýnuny ýitirýär. Şonda ol 99 goýnuny çölde goýup, ýiten goýnunyň gözlegine çykýar. Isa sözüni şeýle dowam edýär: «Eger ol ýiten goýnuny tapsa, begenjinden ýaňa ony egnine alar. Öýüne gelende bolsa dostlaryny we goňşularyny çagyryp: „Begenjimi paýlaşyň, sebäbi men ýiten goýnumy tapdym“ diýer». Soňra Isa: «Şonuň üçin size diýýärin, toba etmäge mätäç bolmadyk 99 sany dogry adama garanyňda bir toba eden günäkär üçin gökde uly şatlyk bolýandyr» diýdi (Luka 15:4—7).
Isa bu mysaly kanunçylar bilen fariseýleriň nädogry garaýşyny düzetmek üçin gürrüň beripdi. Sebäbi olar salgytçylar we günäkärler bilen gatnaşýar diýip, Isany tankytlaýardylar (Luka 15:1—3). Isa toba eden günäkär üçin gökde şatlyk bolýandygyny aýtdy. Eger şeýle bolsa, onda ýer ýüzünde ýaşaýanlaram «dogry ýoldan ýöremegi dowam etmek» üçin toba edip, yzyna dolanan günäkäri şatlyk bilen kabul etmeli dälmi näme? (Ýew. 12:13).
Dogan-uýalaryň biri ýygnaga dolananda, begenjimiziň çägi bolmaýar. Elbetde, ýygnaga dolanan mesihçi Hudaýa wepaly galmak üçin tagalla etmeli. Emma ol eden etmişine toba edendigi üçin dikeldildi we biz muňa ýürekden begenýäris. Şol sebäpli ýaşulular şeýle dogan-uýalaryň dikeldilendigi hakda bildiriş edende, ýuwaşlyk bilen el çarpyp hem bileris.
Iýerusalimdäki Besaza howdanynyň suwy näme sebäpden çaýkanýardy?
Isanyň ýaşan döwründe Iýerusalimdäki adamlar Besaza howdanynyň suwy çaýkananda, syrkawlary sagaldýandygyna ynanýardylar (Ýah. 5:1—7). Şol sebäpli olar keselinden sagalaryn diýen umyt bilen şol ýere barýardylar.
Howdanyň suwuna düşmeklik ýehudylaryň däbi hasaplanýardy. Şol ýerde ýene bir suw howdany bardy. Ol Besaza howdanyny suw bilen üpjün edýärdi. Geçirilen barlaglaryň netijesinde olaryň arasynda böwediň bardygy anyklanyldy. Besaza howdanynyň suwy azalanda böwet açylyp, suw akyp başlaýardy we onuň suwy çaýkanýardy.
Ýahýa 5:4-de suwy perişdäniň çaýkaýandygy aýdylýar. Emma bu aýat IV asyrda tapylan Sinaý kodeksi ýaly gadymy grek golýazmalarynda duş gelmeýär. Isa 38 ýyl bäri ýarawsyz bolan adamy Besaza howdanynyň ýanynda sagaltdy. Ol adam howdana girmese-de, keselinden gutuldy.