Ýehowanyň Şaýatlary aýrylyşmaga nähili garaýar?
Biz nika we aýrylyşmak babatda Mukaddes Kitabyň görkezmesine eýerýäris. Hudaý durmuş guran erkek adam bilen aýal maşgalanyň ömürlik bile ýaşamagyny isleýär. Mukaddes Kitaba görä diňe biwepalyk edilse, nikany bozmaga rugsat berilýär (Matta 19:5, 6, 9).
Ýehowanyň Şaýatlary dartgynly ýaşaýan är-aýallara kömek edýärmi?
Hawa. Birnäçe usul arkaly:
Mukaddes Kitaba esaslanan edebiýatlar. Biziň edebiýatlarymyzda hatda aýrylyşmak kararyna gelen är-aýallara nikasyny berkitmäge kömek edýän makalalar yzygiderli çap edilýär. Meselem, olarda «Ýanýoldaşyňyza wepaly boluň», «Bagyşlamagy nädip öwrenmeli?», «Biri-biriňe bolan ynamy nädip dikeltmeli?» ýaly makalalary okap bilýärler.
Ýygnak duşuşyklary. Ýygnak duşuşyklarynda, etrap we welaýat kongreslerinde Mukaddes Kitapdan är-aýallara kömek etjek peýdaly maslahatlar berilýär.
Ýygnak ýaşululary. Ýygnak ýaşululary är-aýallary Mukaddes Kitapdaky, meselem, Efesliler 5:22—25-nji aýatlarda berilýän maslahatlara eýermäge çagyrýar.
Ýygnak ýaşululary mesihçi är-aýallara aýrylyşmagy maslahat berýärlermi?
Ýok. Ýygnak ýaşulularyň maşgalasyndaky kynçylyklar sebäpli ýüz tutýan är-aýallara aýrylyşmagy maslahat bermäge ygtyýary ýok (Galatýalylar 6:5). Emma biri zynadan başga sebäbe görä aýrylyşmakçy bolsa, onda şeýle mesihçä ýygnakda jogapkärli ýumuş almaga rugsat berilmeýär we ol Hudaýyň Sözüne laýyklykda täzeden durmuş gurup bilmeýär (1 Timoteos 3:1, 5, 12).
Ýehowanyň Şaýatlary aýry ýaşamaklyga nähili garaýar?
Maşgalada nähili dartgynly ýagdaý bolaýanda-da, Mukaddes Kitap är-aýallara aýry ýaşamagy ündemeýär (1 Korinfliler 7:10—16). Ýürekden doga edip, Mukaddes Kitapdaky prinsiplere eýerip we söýgiňi iş ýüzünde görkezip, kynçylyklaryň köpüsini çözse bolýar (1 Korinfliler 13:4—8; Galatýalylar 5:22).
Muňa garamazdan, käbir mesihçiler aşakdaky sebäplere görä ýanýoldaşyndan aýry ýaşamak kararyna geldiler:
Maşgalany eklemekden bilgeşleýin ýüz öwürse (1 Timoteos 5:8).
Janyna howp salsa (Zebur 11:5).
Ruhy saglygyna zyýan ýetse. Meselem, äri ýa-da aýaly Hudaýyň tabşyryklaryny bozdurjak bolsa, onda ýanýoldaşy «adama däl-de, Hökümdarymyz Hudaýa gulak asyp», aýry ýaşamaly diýen netijä gelip biler (Resullar 5:29).